gullnara_
21.05.2023 05:53
"YAŞLYK DRAMASYNA" goşulmadyk bentler. (Şahyryñ arhiwinden)

Ne-hä eşik bardy, ne-de bir çörek,
Ne-de gidenlerden bilerdik derek.
Söýüşmäge ýürek gerekdi, ýürek,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ.

Şonda-da käteler bälçiräp içgin,
Diýerdik: "Söýüşmek hemme wagt mümkin,
Öýlenmek - gerek zat köpelmek üçin,
Urşuñ gazap wagty,
Adam az wagty!..."

Bir ýyllap degmändi lebiñe lebim,
Diñe gatyşypdy demiñe demim.
Soñ bir gün bozuldy beýle edebim,
Meniñ Jeýhun wagtym,
Seniñ ýaz wagtyñ.

Buşlap Ýeñiş bilen gutaran urşy,
Aldygna ýüwürdim öýñüze garşy.
Buşlugmy lebiñden üzüldim ýagşy,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ...

Uruş ýeñiş bilen boldy-da tamam,
Iñ ilkinji soldat dolandy aman.
Şoldy ilki posa ilki bahanam,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ...

Sagymyz - derýady, çepimiz gaçy,
Toraññyñ saýasy. Awgustyñ 3-i.
Birden dolup gitdi gujagmyñ içi,
Meniñ bürgüt wagtym,
Seniñ gaz wagtyñ.

Gijeler adyñy nagyş edip şygra,
Gündizler özüñi basardym bagra.
Emma arzuwlarmyz barmady ugra,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ.
#goşgular
21
106
okyjy dz
21 May 2023
Hawa men öňem okapdym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.