Sen maňa az bakarsyň,köp bakarsyň ýaryňa..."
Gün öz ýaşasynyň gelmeýänini duýdurjak bolup wagty bilen eňegini ýere bermedi. Uzakly günüň ýadawlygyndanmy ýa-da iňirdiden ýaňa çişip giden gulagynyň agyrysyndanmy,belli zat bolmasa-da Serdaryň küýünde ýekeje pikir bardy:
'' Çaltrak öýe gidip ýatmaly!’' Emma şu pursatda oňa öýem derdeser bolup bilmeýärdi.Häzir öýe baraýanynda-da ýa aýalynyň agysy,ýa ejesiniň iňirdisi onuň galanja keýpine-de sogan dograjakdy.Nätmeli?Ýa-ha ikisiniň dilini tapmaly,ýada…Soňky pikirlerinden özi utanyp dilini dişledi.
''Ýok!Beýle ýaşaýyşdan ýaşaýyş bolmaz!Bellisini etmeli!Hökman biriniň ýüzüne gelmeli!''
Ädilesi gelmeýän ädimlerini süýräp öýüniň işiginden jyklan Serdary ýene-de öňki görnüş gujagyna saldy. Hemme zat öňkiöňkülik!Ana,otagynyň içinden sojap-sojap aglaýan aýalynyň sesi gelýär.Beýlede-de ejesi aýtjak geplerini telim sagat bäri hyýalynda bişirip oturandyr.
''U-u-uff ýenemaý!Merjen!''
Ýeňi bilen ýaşyny süpürip duran Merjen Serdaryň gözlerinden bir erbetligiň bardygyny aňsa-da syr bildirmedi:
-Ejeň ''Gelen badyna meň ýanyma gelsin!'' diýdi.
-Ýör!Senem düş öňüme!
Agy gatyşykly hüwdiden ýellenen jaý üç gahrymany ikiçäk galdyrdy.
-Hawa,eje.Sorapsyň?!
-Ilki bilen salawmaleýkim diýerler.
Ýa aňryňdaky jyn seniň öňküje ejeňe bolan sylagyňam ýatdan çykartdymy?
-Bar şo şomuşynam-da,eje!Ýok ýerden näme üçin gepi çişirýäniňe düşünemok men!
-Hä-ä,dogry,işde wagtyň jaňlaşyp eýýäm özüni akja jüýje edip görkezendir ol.Beled-ä men oňa.Wah,men guraýyn. Gudaçylyga giden aýaklam gurasyn!
-Eje,açygrak aýtsana näme bolanyny!
-Aýtsam ýürek edip diňläp durup bilersiňmi ?Hä?Aňryňdaky şu gün meni zäherlejek boldy!Ana,bar bolany!
-O nädip?!
-Nädibi şol!Getiren çorbasynyň içinden el ýaly tarakan çykarda,heý,onsoň arkaýyn oturyp bolarmy? Wah,naharynyň süýjüliginden geçdik-le!Zäherlemese kaýyldyk-la,wah…O günlerem geljek ekeni…
-Merjen,ejemiň aýdýanlary dogrumy?
Merjen aljyrady,edil aýagyna ot basylan ýaly zowzanaklady.
-Men…Men bilip edemok.Nahary guýup,çaý demleýänçäm gaçandyr atdanlykda.
-Heý,özüni oňarman geçen.Heý-de aýal özüni oňarsa aşhana-da şeýle zatlar boljakmy?Özüni oňarmaýan diýerler saňa!-Ejesiniň barha sesi gataldy-Gül ýaly ogluma seni alyp berip gül ömrüni soldurdym!
-Bor-la,eje!Ýalňyşlyk bilen bolandyr-da!Bilip eden däldir-ä şolam!
-Hä-ä.Indi o soňky gelen günäsiz boldu-da biz günäli bolaýdykmy?Heý,utançsyz!Ýumruk ýaljak neme diýip öz ejeňden geçip dursuň-a sen!Hany beren süýdümiň aklygy?Taňryýalkasynyňmy şu?
-Boldy,besdir!Ýadadym şu gürrüňleriňizden.Eje!Şu gelin seni zäherleýän bolsa alajyny tapdym özüm.
-Hawa,bireýýäm bermelidiň talagyny!Beýle gelin gönendirmeýär seni!
-Ýok,talakly gürrüňi goý.eje!Merjen!Bar goşlaryňy ýygnaşdyr!Obadaky dostum Myrat ''Gelseň obada iş bar'' diýdi.Kireýine jaýda ýaşarys häzirlikçe.Soňunam görübereris-dä!
-Heý,binamys!Indi garry ejeňi şäheriň orruk ortasynda goýup,bir saçyuzynyň yzyna düşüp gidiberjekmi? Il-gün näme diýer?Ýokmy ahyry sende perzentlik mähri?
-Men belli netijä geldim.Habar tutup duraryn sendenem.Hor bolmarsyň...
- Ýit,garaňy saýla.Görmäýin ýüzüňem.Beren süýdüm,yhlasym tutsun seni!Heleýguly diýerler saňa!Kömegiňe mätäç däl men!Il-gün ýetişer kömegime!
Eý,Hudaý.Men nämeler edip ýörün-ä.Başym çaşdy.Aklymy ýitirdim men iki oduň arasynda galyp.Merjene dözemok. Ýöne,ejem näme?Eýsem ony şo ýerde goýup gaýdyşym ynsanlykdan nyşanmy? Allajan,özüň ýol görkez.Ýolumy ýitirdim men,Allajan!...''
Serdar hökümet işi diýip ertirden-agşama selpeýärdi,Merjenem öýüň işi diýip basga düşýärdi.Oba ýeri-dä.Işi özüne belli.Mal-garajyk edinäýseň-ä ýene bir dert.
’'Iýjek-işjegimiz bir özümizden bolsun'' diýip,Serdar birinji aýlygyndan iki towuk,bir horaz,birem geçi alyp geldi. Merjene-de iş tapyldy. Güýmenjesi şolar.Bir seretseň towuklara goşgy okap berip oturandyr,bir seretseňem geçisiniň şahyny sypalap aýdyma hiňlenýändir.Entegem şularyň bary.Ýogsam goňşularam ''täze goňşydan'' bir-birini gabanyşyp ýüz berenoklar.Nirde ýeňillik baraý?Gaýtam oba gaýdyp, Serdaryňam,Merjeniňem gulagy ýeňledi.Ertirden-agşama çenli süňkleri döwülere gelýänçä işlänsoňlar, agşam düşdügi ýatmak bilen bolýarlar.Uruş-sögüş hakda gürrüňem ýok.Bir-birine hoş söz aýtmaga-da ýaramaýarlar hatda…
***
''Akjagül eje däliräpdir!'' diýen habar goňşularyň arasynda derrew ýaýrady.Gybat ýerde ýatmaýar. Tanyş-bilişleriň,hatda Serdaryň gulagyna çenli baryp ýetdi.Ýöne,Serdaryň yza dolanara bogny ysmady.Ýüzi ýokdy yza dolanara.Oňa diňe indiki eşidiljek gybatlara garaşaýmak galdy.
Akjagül ejäniň welin däliräni çyndy.Köçede gelin görse sögüp,ýigit görse-de daşlamak bilen boldy. Sögüp-sögüp leji çykardy-da,soňam aglamaga oturardy.Garry-gurtularyň duýgusy-da.Haçan gelip nirä äkitjeginden habaryň ýok.Tanyş-bilişlerden soramaga gelselerem:
’ 'Oglumdan almadyk wepamy alasym ýok.Gidiň!Ýitiň,ýok boluň!Hijiňiz gerek däl maňa!'' diýip,tumşugyny towlardy-da gapyny ýapmak bilen bolardy.
***
''Ejemiňem haly harapdyr.Halyny sorap gaýdaýyn. Belki, bagyşlar. Gutular'' diýen niýet bilen ýola düşen Serdaryň bu işini Merjen oňlamady. ''Seresap bol! Däli adamdyr! Birden ýakaňdan tutubermesin!'' diýip Merjen kän ýalbardy.Ýöne ejesini bu ýagdaý-da ýalňyz goýmaga Serdaryňam ynsaby çatmady, Merjeniňem.
Serdar ýolboýy pikire batyp geldi. Ol beýle ýagdaýa düşer ýaly näme günäsi bardy? Näme etmişi bardy? ''Söýeniňi alsaň bagtly bolýaň'' diýen gürrüňe eýerip,aýak depibem bolsa Merjeni aldy. Almasyna aldy welin,Merjeni ejesi oňlamady. Gaýyn-gelin arasynyň dawasy bolsa ony gör nirelere getirdi?
Açyk gapydan salam berip giren Serdar ejesiniň şol öňkije otagynda aýdyma hiňlenip oturanyny aňşyrdy.
''Ýaryň geler ýanyňa,
Ejeň geler zaryňa-a-a,
Sen maňa az bakarsyň,
Köp bakarsyň ýaryňa…''
-Eje!
-Waý,dogan-eý!Ýit,ýok bol! Gözüme görünme diýdimä men saňa.Öň taşlap gideniňi az görüp öldürmäge gelensiň sen!Dynaýyn diýýänsiň sen!
-Eje,dursana.Beý diýmesene!
Baryp ejesini bagryna basmakçy boldy.Garry hem bolsa entek gaçarakowara gurbaty galan ejesi äpişgäniň öňüne süýşdi.
-Eje,bagyşla meni.Eje,gel bagryma basaýyn.Mähriňe zar-a men ejemjan!
Ýene köne kejirligini eden ejesi yza süýşmekçi boldy.O barmana-da penjireden aşaklygyna kelemenläp gaýtdy.''Wa-a-aý'' sesi jaýlaryň arasynda ýaňlanyp gitdi...
-Gurbanberdiýew Serdar Mämmetgeldiýewiç.Siz Gurbanberdiýewa Akjagül Sapar gyzynyň,ýagny,ejeňiziň ölümine sebäp bolandygyňyzy boýun alýaňyzmy?
-Hawa,boýnuma alýan!
''Hih,beýle-de boljak ekeni'', ''Haý,näletkerde ogul'', ''Gadyrbilmez eşek diýerler muňa!’'
Oturanlardan gelýän gargynçly sözlerden,teýeneli geplerden öňem hum ýaly çişen kellesi ýarylara gelen Serdaryň ýumrulan dünýäsine indi hiç zat täsir edip bilmeýärdi.Sud ömürlik jeza berse-de,atuw jezasyny bersede egnini gysyp çekmäge kaýyldy. Eger,sud bardy-geldi ýyl kesmän şeýle azatlyga ugradan-da bolsa,barybir mundan beýläk wyjdan yzasyny çekip ýaşamalydy.
***
-Gurbanberdiýew Serdar.Sizi soraýarlar.
Şu gözenekleriň arasyndan kimdir biriniň sorap gelmesi Serdar ýalylar üçin uly bagtdy.Ilki bu ýagdaýa begenenem bolsa Serdaryň begenji uzaga çekmedi. Kabinanyň aňyrsyndan ýere seredip oturan Merjeniň ýüz-gözünden oňlulygyň ýoklugyny aňdy.
-Salam,Merjen.Gowumy ýagdaýlaryň?Aç-hor bolaňokmy?
-Salam,gowy.Saňa bir zat aýtmalydym.Meni ýigrenip bilersiň.Ýigrenmäge doly hukugyň bar.Men… Men aýrylyşmak barada arza berdim.Öýdäkiler maňa ''Ejesini öldüren oglandan är bolmaz, aýrylyş!Ýa bizi saýla,ýa-da ony'' diýýärler. Bagyşla,ömrüniň ahyrynda kakamy närza edip bilmerin.Aýrylyşmaly boljak,şoňa seň goluň gerek.Şony sorap gelipdim…
Bir pursatda dünýesi çöwrülen Serdaryň deminden ot syçraýardy bu wagt.Öňä iki oduň arasynda galypdy.Bu gün bolsa şol iki oda-da ýanmaly boldy.Öňüne uzadylan kagyza titräp duran elleri bilen gol çekdi. Gulagynda bolsa ejesiniň hüwdisi ýaňlanyp durdy:
''Kötel ýollaň külpedin
Soň bilersiň Serdarym..."
Awtory - Ashyr Hanov
#bolanwakalar