Garga çüňkünde peýnir saklap şahada otyr. Onuň ýanyna serçe gelýär-de peýnirden çokup başlaýar.
-Bee, sen beýle batyr ekeniň-ow!
-Hawa.
-Ýa-da sen bürgütmi?
-Hawa!
-Onda näme beýle kiçijik?
-Äý, çagakam kän keselläpdirin.
😄😄😄
-Daýza jan, me, kemput iýseň.
-Sag bol, oglanjyk.
-Ýeri neneň? Süýjümi?
-Örän süýji.
-Täsinaý! Nämüçindir pişigimem, güjügimem ony agzyndan çykaryp zyňdylar...
😄😄😄
Bir syçan içi elde ýasalan arakly bedrä gaçýar. Çykjak bolup hars urýar. Emma çykyp bilenok. Bedräniň üstüne gelen pişigi görýär.
-Eý gaplaň nesli Pişik han! Meni şu ýerden çykaraýda!
-Çykarsam men seni iýerin. Razymy?
-Razy. Beýle masgaraçylykly ölümden, seniň garnyňda öleniň müň paý gowudyr.
Pişik guýrugyny uzadýar, syçan onuň guýrugyna ýapyşyp çykýar-da, çaltlyk bilen hinine sümülýär.
Pişik hiniň agzyndan gygyrýar:
-Eý, syçan çyk! Hany beren sözüň?
-Wah senem Pişik han. Heý serhoşyňam sözi bolarmy?
😄😄😄
Rus dilini gowy bilmeyan oglan Rossiya okuwa gelyär, myhman alan dosty ona uniwerin naharhanasyna alyp baryar we "smetan pojalusta" dp smetan almagy owredyär.. Gun-ay geçyär oglan smetan içip halys yadayar,.. onson birinden "pirojki pojalusta" diýip gutap alyp duranyny goryär we ertesi naharhana baryp "pirojki pojalusta" diyyät, satyjam: "s myasom ili s kartoshkam" dp soraya. olam durup-durup \/\/\/\_dusunman_/\/\_____ayyy "smetan pojalusta" diýýämiş..
😄😄😄
Zenanlar konferensiýasynda Iñlis delegaty: - Men geçen gezekki maslahatdan soñ öýe baryp ärime "Indiden beýläk eşikleññi özüñ ýuw, hanha sen, hanha- da kir maşyn" diýdim. Iki gün zat görmedim, üçünji gün meñem eşiklemmi ýuwmaga başlady.
Nemes delegaty: - Men geçen gezekki maslahatdan soñ öýe baryp ärime "Indiden beýläk tabagyñy özüñ ýuw, hanha sen, hanha- da gap ýuwýan maşyn" diýdim. Iki gün zat görmedim, üçünji gün meñem nahar iýen tabagymy ýuwmaga başlady.
Türkmen delegaty: - Men geçen gezekki maslahatdan soñ öýe baryp ärime "Indiden beýläk naharyñy özüñ bişir, hanha sen, hanha-da gaz plita" diýdim. Iki gün zat görmedim, üçünji gün çep gözüm çala görmäge başlady.
😄😄😄