Gaýyn enäniň mukaddes aýaldygy, adamsynyň ejesi bolup, köplenç gelni tarapyndan gadyry bilmeýär. Şeýle hem, adamsyna nädip ideg etmelidigi we çagalary terbiýelemelidigi barada gowy maslahatlaryny gelin diňlemeýär.
Emma, käwagt, gaýyn ene ýeterlik derejede akylly bolsa, gelniniň öňünde gadyrly bolýar. Uzak aragatnaşyk saklaýarlar we ömürboýy eneli-gyz ýaly jora bolýarlar. Aýdylyşy ýaly: “Akylly gaýyn ene ýene bir gyzly bolýar, samsyk gaýyn ene ogluny ýitirýär!”
Size akylly gaýyn ene, mähirli we hormat goýýan gelni we maşgalada rahatlyk arzuw edýäris.
Indi ejem maña derek saýlaýar
(Degişme goşgy)
Plan daýzañ gyzy gowa meñzeýär,
Alaý şony diýip bir gan aglaýar.
Wah, gowydyr ýöne ýüzin bezeýär,
Bolýar şol diýp maña derek saýlaýar.
Goñşyñ gyzy nurly melekler hüýri,
Dogry, biraz uzyn, kellesi süýri,
Zat diýmesem guda gitjegiñ biri,
Indi ejem, maña derek saýlaýar.
Kursdaşyñ bar dür dökülýär elinden,
Hawa ejem köp tutdylar elinden,
Daş etsin diý olar ýaly gelinden,
Geljegimi maña derek saýlaýar.
Işdeşim gyzy bar şirin sözlerde,
Gorap saklaýarlar özge gözlerden,
Ol-a ejem gepçi Google gözlegde,
Neçün beýle maña derek saýlaýañ?!
Bilýän agtyk süýji, çäksiz bagtdyr,
Nesip bolsa geljek nesil daragtdyr,
Ejemjan gyssanma maña wagt ber,
Diýsem-de ol maña derek saýlaýar.
Jemşit Hajymämmedow