Menin bir gonşym bar. Şeyle mähirli yuwaş ayal. Iki gyzy bir ogly bar. Uly gyzy durmuşa çykyp, yoldaşy ýogalyp yzyna geldi. Enem-atam bilen yaşanym rahat diyip. Ol ayalyň ýanyoldaşy hem ozi yaly mähirli, akgöwün ýaşulydy. Gynansakda Hudaya- da gowusy gerek diylişi yaly ol adam aradan çykyar. Aý günler geçip bu aýal ýekeje, körpe ogluny öýeryar. Bütin omrüne öy hojalykçy bolup dine çagalar, öý işi bilen meşgullanýanlygyna garamazdan uly toy tutýarlar. Kakasy pahyr bütin ömruni çagalaryma bolsun diýip ýygnap gidipdir. Indi ol maşgalanyň ýekeje daýanjy, eklenji şol oguldy. Ýokary okuw jaýyna hem salypdylar. Yone ol gelniniň gepine gidip ejesine, ayal doganlaryna azar berip başlayar. Gelin hiç ýerde işlanok. Oyde hem iş edesi gelenok. Gaýyny nahar taýýarla gyzym diýse, "iyesiň gelse ozun eday" diyyar. Gyzlary işden gelip ejelerine nahar edyar. Uly ayal dogany Begenje (oglan jigisine) gelniň iş edenok diýse şu wagta çenli nädip yaşadyňyz, name ol sizin guluňyzmy hyzmatynyzy eder yaly diýip uruşyar. Ol dawalaryn sony koplenç ejesinin ya ayal doganlarynyn urulmagy bn gutaryar... Men olara plan bolun, eýdin beýdin diýip maslahat bermek uçin yazamok. Her kim ozi netije çykarar. Duzelmejek adamlar name diysenem düzelmez. Yöne "Gaýnym erbet" diyyan gelinlere soragym bar:
SIZIŇ ÖZÜŇIZ GOWUMY?
SIZIŇ EJEŇIZIŇ GELNEM SIZ ÝALYMY? SIZIŇ OGLUNYZYŇ ALJAK GYZY SIZ ÝALY BOLSUNMY?