gullnara_
26.09.2023 08:48
Bir wagtlar Gresiýada şeýle däp bar eken. Haçanda bir adam Halk Maslahatynda täze kanun teklip etjek bolanda, ol daşyň üstünde boýny ýüpli durmaly eken. Eger-de kanuny kabul etseler boýnundaky ýüpi aýyrýan ekenler. Eger-de kabul edilmese aýagynyň aşagyndaky daşy aýyrýan ekenler.

***

Ependi obadaşyny jaýlaşmak üçin mazarystanlykdaka oňa klasdaşy sotowyý telefondan jaň edýar.
-Ependi aga keýpler nähili?
-Klasdaşjan, men mazarystanlykda! Soňrak özüm jaň ederin.
-Waý Ependijan! Agam! Kim seni öldürdi, nädäýdiň buny.....

***

Ýaşamak – oýun ýaly zat!
Emma, oýnuň düzgünleri welin OÝUN DÄL!

***

Ependiň mekdebe gatnaýan kiçi ogly ylgap gelýär:
- Kakamjan! Aý, ýöne salamlaşaýaýyn diýdim...
-Gijä galdyň oglum, eýýäm ejeň salamlaşyp gitdi, jübimdäki hemmeje pulumy berdim!

***

Üçünji gat jaýdan serhoş biri ýykylýar. Daşyna adam bary üýşýär. Ine-de polisiýa geldi:
-Bu taýda näme boldy? Nämäň üýşmeleňi?
-Menä bilemok! Menem seň ýaly ýaňja geldim şu ýere – diýip, serhoş üsti-başyny kakyşdyryp gidiberipdir.

***

Alkogoligiň gürrüňi:
-Men arak içemde aýalymyň ýanynda içemok! Gözümiň öňünde onuň iki sany boluşyny halamok...

***

Serhoş öýüne gelýär. Oňa aýaly gygyrmaga başlaýar. Serhoş bolsa:
-Köp içmedim howw! Üç bolup bir çüýşe aldyk!
-Onda näme beýle yraň atyp dursuň, ýerçeken!
-Ol ikisi gelmedid-ä how!!!

***

Biri irden tursa – daş töwerek ýaşylmyş! Ýaşyl jaý, diwarlar ýaşyl, özi hem ýaşyl, saçlary, gözleri ýaşyl. Aýnadan daşaryk seretse, daşaram ýaşyl. Köçä çykýar, köçedäki adamlaram ýaşyl. Ine-de olaryň biri gyzyl, dym-gyzyl. Geň galyp ony saklap soraýar:
-Eý dost, daş-töwerek ýaşyl, sen bolsa gyzyl. Näme üçin?
-A-a-a-ý! Üns berme, men başga anekdotdan-laý!
30
259
gullnara_
25.09.2023 22:27
Ependi aga! Amerika gaçyp giden Eneküti daýzam ýogalypdyr! Ine Amerikadan hat geldi!
-Wah, wah! Ýatan ýeri ýagty bolsun!
-Bilýäňizmi, Ependi aga! Eneküti daýza size 5000 dollar wesýet edip gidipdir!
-Aý berekella! Jany sag bolsun!

***

Ependi goňşusynyň gapysyny kakýar. Hiç kim jogap berenok. Gaty-gaty kakmaga durýar. Derwezaň agzyna ýuwaşlyk bilen kellemen türkmen iti Alabaý gelýär we şeýle diýýär:
-Ependi aga, gapyny kakma! Öýde adam ýok!
Itiň geplänine geň galan Ependimiz özünden gidip ýykylýar. Birsalymdan özüne gelýär we ite diýýär:
-Alabaýjan! Näme, sen üýrüp bileňokmy?
Alabaý bolsa:
-Üýrüp bilýän! Ýöne seni gorkuzmaýyn diýdim!

***

Ependi bilen aýaly unaş iýýämişler. Aýaly pahyr şapbyldap iýýämiş.
Ependi gahary gelip, çemçesi bilen aýalyny urýamyş. Aýaly:
-Nämä urýaň, toba?
-Şapbyldaman iý...
Aýaly indi şapbyldaman iýmäge başlaýar. Birsalymdan Ependi ýene-de aýalyny urýar.
-Indi näme üçin urýaň, kakasy?!
-Şapbyldaýşyň ýadyma düşdi!

***

Ependini keselhanada operasiýa etmeli bolýar. Doktor:
-Ependi aga, size norkozy gymmadyndan edeýinmi arzanyndan?
-Doktor jan, meniň pulym kän däl, iň arzanyndan edeweri.
-Bolar agam! Taýýar boluň. Huwwa-huwwa ýatypdyr, Ependi agam ýatypdyr....

***

Ependiň öýünde diwarda ýolbarsyň kellesi asyk dur. Dostlary soraýar:
-Ependi aga, bu ýolbarsy özüň awladyňmy?
-Howwa!
-Näçe okda aldyň, Ependi aga?
-10 okda!
-10-ysam degdimi?
-Ýok, birem degmedi!
-Onda nädip öldürdiň?
-10 okumyň boş geçenini görüp, ýolbars gülüp-gülüp öldi...

***

Soldat öýlerine granat iberýär:
“Enem jan! Eger sen şujagaz halkajykdan çekseň, meni 3 gün öýmüze göýbererler...“
35
289
gullnara_
25.09.2023 15:27

Gamgyn gijäň garaňkysy gözümde.

Güýz gülüni güldürmedi garşymda.

Geň göremok gutaranny güýzüň-de

Gar göründi gaýalaryň gerşinde

Gözýaş goýdum gury gülüň gabryna

Garga gelip gaharlandy gaşymda

Gamly gezmek gelişermi göwnüme

Gara gargaň gülüp gezen gyşynda

Gary görüp gagyldaşan gargalar

Gumrylaryň günlerine gargady

Gudratmydyr, geňlikmidir gumrular

Garly gyşyň gelişigi gargamy?!


Awtory - Nabelli

20
55
gullnara_
25.09.2023 11:26
Toýdan Soñ...
Taññyr-tuññur toý tutuldy işikde, Gelin girdi,ýalkym indi öýlere.
Bagt ýoluna ugur alar aşyklar, Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Dañ atyryp gelin başlar hyzmata,
Bolmaz ahyr gelinli öý "gyzmasa"...
Toý tutýanlar däp-dessury pozmasa,
Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Şatlyk-şowhun bilen çykar gykylyk,
Bat alar giýewi,guda çakylyk.
Kündükler gaýnadyp,gazan ataryp,
Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Ýene damagyna bat berer bagşy,
Köplük baha berer ýamanmy,ýagşy.
"Bagşyñ haky"diýip mäledip çebşi,
Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Bu bilen çäklenme, eý türkmen aga,
Nesip dokuz aýdan jägildär çaga.
Atly jar çekdirip düzlerden,daga,
Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Bu beýik milletdir,beýikdir däbi,
Rejesi toý üçin düzülen ýaly.
Gowy niýet bilen ýygnap mülk-maly,
Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Awtory:KerimHally.
22
94
gullnara_
24.09.2023 20:08
ÖLÜM

Ynha seret ölüm indi gitýärsiň,
Öz ýakynlaryňdan ara açýarsyň.
Ejeň göz ýaş dökýär, kakaňam dymýar,
Sallançakda bolsa çagan gygyrýar.

Ýakynlaryň gussa gaplap alypdyr,
Aýalyň aglaplar halys bolupdyr.
Her kim tapanyny kellä geýipdir,
Mollalaram hanha üýşüp gelipdir.

Adamlaram razylaşyp çykyp dur,
Wagtam durman ýyldyrym dek geçip dur.
Uly balaň heniz çaga bolarly,
Geň galypjyk, naýynjyrap bakyp dur.

Ynha ýuwgy endam janyn ýuwdylar,
Müşki anwar ysly atyr çaldylar.
Tabyt atly agaç aty aldylar,
Şeydip seni aglap ýola saldylar.

Çykardylar daşa goýdular öňde,
Okaýar jynazaň jemagat şonda.
Aglaşýar aýallar üýtgeşik heňde,
Sen bolsa ýatyrsyň ukyda bende.

Şeýdip arka alyp düşdiler ýola,
Tabyt geçip barýar gollardan-gola.
Çagajyklaň ýetim galdy yzyňda,
"Ertir iýeris" diýen çekizäňemä,
Dalbardan asylyp galdy dulunda.

Ine mazarstan, hanada gabryň,
Oý gazýanam çykdy "oňatja gazdym"!.
Wagt ýitirmäliň zatlary alyň,
Adamlaram otyr, ýüzlerem gamgyn.

Soň ýakyn hossarlaň girdi içeri,
Salladylar senem girdiň içeri.
Ýatyrdylar içki jayda içerde,
Senä geldiň welin soňky duralga,
Maşgalaň günleri nädip geçerkä?.

Hossarlaňam çykdy çukyrdan bary,
Toba etmedikleň wagty bar häli.
Emma sen hakynda aýtsak welin,
Ömür kitabyna ýapylan ýaly.

Ilkinji topragy kakan oklaýar,
Doganlaryň ýaşlygyňyzy ýatlaýar.
Mele toprak şeýdip üstün gaplaýar,
Molla dogalaryn okap bolansoň,
Soraýar "şu adam nähili adamdy"?
Gowy adamdy diýip halkam aklaýar!.

Ondan soň haýdaşyp yza gaýdarlar,
Seniňem ruhyňy göwrä gaýtarlar.
Ara sähel salym duşup duşmanka,
Münkir Nekir gelip sorap başlarlar.

Ine mundan soňy kime gyzykly,
Kimlere gyzyksyz bolmagy mümkin.
Eger hemmelere gyzykly bolsa,
Bu hakda ýene-de ýazmagym mümkin.

Awtory - Muhammet Sommanow
26
79
gullnara_
24.09.2023 11:45
Ey dostlarym aýym tapdym,, dünyede taýym tapdym,,
ajaýyp ady, ýürekde ody,,
ýürek söýen ýarym tapdym!!!
24
188
gullnara_
24.09.2023 06:36
Yigide şeyle gyz gerek,
Yüzi-gözi gülyän bolsun.
Ugrunda bolup janserek,
Çyny bilen söyyän bolsun.

Gayyn enä çep bolmasyn,
Yakyn-yada gep bolmasyn,
Gereginden köp bilmesin,
Akyl tapsa alyan bolsun.

Çykartman, gataltman sesin,
Gayyn atany diñlesin,
Ahyryyet - imanyny,
Mydam yada salyan bolsun.

Ökde bolsun tagam-duza,
Hem geyinsin tämiz-täze,
Baldyzlaryna, ähli gyza,
Kemsiz nusga bolyan bolsun.

Ulularyñ pendin tutsyn,
Gündiz işläp, gije yatsyn,
Atasy öyüne gitse-gitsin,
Yöne basym gelyän bolsun.

Kem bolmasyn akyl-huşy,
Ynjytmasyn garry-yaşy,
Soramazdan eden işi,
Ederini bilyän bolsun.

Bikär hamyr yugurmasyn,
Çörek gözläp yügürmesin,
Üstüne gün dogurmasyn,
Säher bilen turyan bolsun.

Hormata besläp özüni,
Ösdürip ogul-gyzyny,
Maşgalanyñ bagt sazyny,
Yary bilen çalyan bolsun.
22
54
gullnara_
23.09.2023 15:40

Täsin ölümleriň sanawyny size ýetirýäris.(olümiňem bir täsini bormy diýseňizle 😊)


458-nji ýylda grek dramaturgy Esfiliñ kellesine pyştylyñ gaçmagy bn ölipdir ýanyndaky adamlaryñ aytmagyna görä bu pyşdyly dag bürgidi beyiklige uçuryp daşa gaçyryp döwjek bolupdyr we Esfiliñ şypyr kellesine daşmyka diýip şoña taşlapdyr diyp çaklanylýa.


207-nji ýylda grek filosofy Hrissip gülkiden ölipdir ,gülkisiniñ sebäbi bolsa onuñ içgili eşeginiñ injir iýjek bolup synanyşýany bolupdyr.


1514-nji ýylda Dýordz Jozany hristian gozagalañyny tuzurany üçin ony äpet okarada gowurupdyrlar we bişen soñ onuñ tarapdarlaryna zorlap iýdirilipdir.


1567-nji ýylda Awstriýaly öziniñ iñ uzyn sakgalyna(uzynlygy 1, 4m) guwanýan adamyñ öýünde poźar bolan wagty ol öz sakgalyny dolap ýetişman öýünden çykyp barýarka oña çolaşyp ýykylýa we öz öýi bn kül bolya.


1884-nji ýylda detektiw Allan Pikarton tratuarda ýykylyp dilini dişläni sebäpli gangrena keseline uçrap ölýär.


1911-nji ýylda Jek Deniel "Jack Daniel" wiskisini öndüren adam öz seýfiniñ kodyny ýadyndan çykaryp gahar edip ayagyny seýfiñ künjegine depip ýaralanany üçin gan zäherlenmeden öldi.


1943-nji ýylda belli tankytçy Aleksandr Wullkot Adolf Gitleriñ gepini edende ýüreginden tutup ölpüdir.


2005-nji ýylda Koreýaly ýaş ýigit wideo oýunlarnyñ fanaty 50 sagatlap yzyny üzman Starcraft oýunyny oýnap otyrka pahyr ölipdir

27
146
gullnara_
23.09.2023 12:44
Gara kitap.

1958-nji ýyldan bäri, ýitip barýan haýwanlar we ösümlikleri ýazylýan Gyzyl Kitapdan başga, Gara kitap hem bar.
Oňa eýýäm Ýer ýüzinden, adamlar sebäpli ýitip giden haýwanlar we ösümlikler girizilen. Olardan Dront guşy, Karolin totuguşy, Steller sygyry, Tur öküzi we.ş.m bar.
21
116
gullnara_
23.09.2023 07:04
ÖŸKELEMEK.!

Gowy görýãn adamlaryñdan öýkelenilýär, ýa-da gaty görülýär... Aslynda öÿkelemek namäni añladÿar bilÿäñizmi.
📌Öÿkelemek dogrylykdyr...
📌Çaga ÿaly bolmakdyr we gaty sadalykdyr...
📌Öÿkelemek "seni söÿÿän" diymekdir..
📌Öÿkelemek ondan aÿrylyp bilmezlikdir..
📌"Öÿkeledim yone men saña garašÿan" diÿmekdir
📌Öÿkelemek...Öÿkelemek özüñe ÿakyn saÿmakdyr...
📌Öÿkelemek "-hany bol meni söÿÿäniñi aÿt" diymekdir...
📌Öÿkelemek umyt etmekdir...
✔Garaz öÿkelemeklige erbet göz bilenem seretmän kän.!!! 😊
18
53