gullnara_
26.09.2023 08:48
Bir wagtlar Gresiýada şeýle däp bar eken. Haçanda bir adam Halk Maslahatynda täze kanun teklip etjek bolanda, ol daşyň üstünde boýny ýüpli durmaly eken. Eger-de kanuny kabul etseler boýnundaky ýüpi aýyrýan ekenler. Eger-de kabul edilmese aýagynyň aşagyndaky daşy aýyrýan ekenler.

***

Ependi obadaşyny jaýlaşmak üçin mazarystanlykdaka oňa klasdaşy sotowyý telefondan jaň edýar.
-Ependi aga keýpler nähili?
-Klasdaşjan, men mazarystanlykda! Soňrak özüm jaň ederin.
-Waý Ependijan! Agam! Kim seni öldürdi, nädäýdiň buny.....

***

Ýaşamak – oýun ýaly zat!
Emma, oýnuň düzgünleri welin OÝUN DÄL!

***

Ependiň mekdebe gatnaýan kiçi ogly ylgap gelýär:
- Kakamjan! Aý, ýöne salamlaşaýaýyn diýdim...
-Gijä galdyň oglum, eýýäm ejeň salamlaşyp gitdi, jübimdäki hemmeje pulumy berdim!

***

Üçünji gat jaýdan serhoş biri ýykylýar. Daşyna adam bary üýşýär. Ine-de polisiýa geldi:
-Bu taýda näme boldy? Nämäň üýşmeleňi?
-Menä bilemok! Menem seň ýaly ýaňja geldim şu ýere – diýip, serhoş üsti-başyny kakyşdyryp gidiberipdir.

***

Alkogoligiň gürrüňi:
-Men arak içemde aýalymyň ýanynda içemok! Gözümiň öňünde onuň iki sany boluşyny halamok...

***

Serhoş öýüne gelýär. Oňa aýaly gygyrmaga başlaýar. Serhoş bolsa:
-Köp içmedim howw! Üç bolup bir çüýşe aldyk!
-Onda näme beýle yraň atyp dursuň, ýerçeken!
-Ol ikisi gelmedid-ä how!!!

***

Biri irden tursa – daş töwerek ýaşylmyş! Ýaşyl jaý, diwarlar ýaşyl, özi hem ýaşyl, saçlary, gözleri ýaşyl. Aýnadan daşaryk seretse, daşaram ýaşyl. Köçä çykýar, köçedäki adamlaram ýaşyl. Ine-de olaryň biri gyzyl, dym-gyzyl. Geň galyp ony saklap soraýar:
-Eý dost, daş-töwerek ýaşyl, sen bolsa gyzyl. Näme üçin?
-A-a-a-ý! Üns berme, men başga anekdotdan-laý!
30
259
gouja
30 Sentýabr 2023
Menem dudunmedim sonka
vekil_city
27 Sentýabr 2023
Iň soňka düşünmedimlaý?
nepesowna
26 Sentýabr 2023
Surat owadan eken😁😄
maral
26 Sentýabr 2023
Adamyn suratyny montaz edipdirler oytyan
mgm
26 Sentýabr 2023
😂👍🏻😂👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.