gullnara_
25.09.2023 11:26
Toýdan Soñ...
Taññyr-tuññur toý tutuldy işikde, Gelin girdi,ýalkym indi öýlere.
Bagt ýoluna ugur alar aşyklar, Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Dañ atyryp gelin başlar hyzmata,
Bolmaz ahyr gelinli öý "gyzmasa"...
Toý tutýanlar däp-dessury pozmasa,
Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Şatlyk-şowhun bilen çykar gykylyk,
Bat alar giýewi,guda çakylyk.
Kündükler gaýnadyp,gazan ataryp,
Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Ýene damagyna bat berer bagşy,
Köplük baha berer ýamanmy,ýagşy.
"Bagşyñ haky"diýip mäledip çebşi,
Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Bu bilen çäklenme, eý türkmen aga,
Nesip dokuz aýdan jägildär çaga.
Atly jar çekdirip düzlerden,daga,
Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Bu beýik milletdir,beýikdir däbi,
Rejesi toý üçin düzülen ýaly.
Gowy niýet bilen ýygnap mülk-maly,
Türkmen başlar toýdan soñky toýlara.

Awtory:KerimHally.
22
94
garamyratt
25 Sentýabr 2023
Toylar toylara ulaşsyn !
dmoo
25 Sentýabr 2023
Toýlar gutly bolsun👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.