ÖLÜM
Ynha seret ölüm indi gitýärsiň,
Öz ýakynlaryňdan ara açýarsyň.
Ejeň göz ýaş dökýär, kakaňam dymýar,
Sallançakda bolsa çagan gygyrýar.
Ýakynlaryň gussa gaplap alypdyr,
Aýalyň aglaplar halys bolupdyr.
Her kim tapanyny kellä geýipdir,
Mollalaram hanha üýşüp gelipdir.
Adamlaram razylaşyp çykyp dur,
Wagtam durman ýyldyrym dek geçip dur.
Uly balaň heniz çaga bolarly,
Geň galypjyk, naýynjyrap bakyp dur.
Ynha ýuwgy endam janyn ýuwdylar,
Müşki anwar ysly atyr çaldylar.
Tabyt atly agaç aty aldylar,
Şeydip seni aglap ýola saldylar.
Çykardylar daşa goýdular öňde,
Okaýar jynazaň jemagat şonda.
Aglaşýar aýallar üýtgeşik heňde,
Sen bolsa ýatyrsyň ukyda bende.
Şeýdip arka alyp düşdiler ýola,
Tabyt geçip barýar gollardan-gola.
Çagajyklaň ýetim galdy yzyňda,
"Ertir iýeris" diýen çekizäňemä,
Dalbardan asylyp galdy dulunda.
Ine mazarstan, hanada gabryň,
Oý gazýanam çykdy "oňatja gazdym"!.
Wagt ýitirmäliň zatlary alyň,
Adamlaram otyr, ýüzlerem gamgyn.
Soň ýakyn hossarlaň girdi içeri,
Salladylar senem girdiň içeri.
Ýatyrdylar içki jayda içerde,
Senä geldiň welin soňky duralga,
Maşgalaň günleri nädip geçerkä?.
Hossarlaňam çykdy çukyrdan bary,
Toba etmedikleň wagty bar häli.
Emma sen hakynda aýtsak welin,
Ömür kitabyna ýapylan ýaly.
Ilkinji topragy kakan oklaýar,
Doganlaryň ýaşlygyňyzy ýatlaýar.
Mele toprak şeýdip üstün gaplaýar,
Molla dogalaryn okap bolansoň,
Soraýar "şu adam nähili adamdy"?
Gowy adamdy diýip halkam aklaýar!.
Ondan soň haýdaşyp yza gaýdarlar,
Seniňem ruhyňy göwrä gaýtarlar.
Ara sähel salym duşup duşmanka,
Münkir Nekir gelip sorap başlarlar.
Ine mundan soňy kime gyzykly,
Kimlere gyzyksyz bolmagy mümkin.
Eger hemmelere gyzykly bolsa,
Bu hakda ýene-de ýazmagym mümkin.
Awtory - Muhammet Sommanow