gullnara_
25.09.2023 22:27
Ependi aga! Amerika gaçyp giden Eneküti daýzam ýogalypdyr! Ine Amerikadan hat geldi!
-Wah, wah! Ýatan ýeri ýagty bolsun!
-Bilýäňizmi, Ependi aga! Eneküti daýza size 5000 dollar wesýet edip gidipdir!
-Aý berekella! Jany sag bolsun!

***

Ependi goňşusynyň gapysyny kakýar. Hiç kim jogap berenok. Gaty-gaty kakmaga durýar. Derwezaň agzyna ýuwaşlyk bilen kellemen türkmen iti Alabaý gelýär we şeýle diýýär:
-Ependi aga, gapyny kakma! Öýde adam ýok!
Itiň geplänine geň galan Ependimiz özünden gidip ýykylýar. Birsalymdan özüne gelýär we ite diýýär:
-Alabaýjan! Näme, sen üýrüp bileňokmy?
Alabaý bolsa:
-Üýrüp bilýän! Ýöne seni gorkuzmaýyn diýdim!

***

Ependi bilen aýaly unaş iýýämişler. Aýaly pahyr şapbyldap iýýämiş.
Ependi gahary gelip, çemçesi bilen aýalyny urýamyş. Aýaly:
-Nämä urýaň, toba?
-Şapbyldaman iý...
Aýaly indi şapbyldaman iýmäge başlaýar. Birsalymdan Ependi ýene-de aýalyny urýar.
-Indi näme üçin urýaň, kakasy?!
-Şapbyldaýşyň ýadyma düşdi!

***

Ependini keselhanada operasiýa etmeli bolýar. Doktor:
-Ependi aga, size norkozy gymmadyndan edeýinmi arzanyndan?
-Doktor jan, meniň pulym kän däl, iň arzanyndan edeweri.
-Bolar agam! Taýýar boluň. Huwwa-huwwa ýatypdyr, Ependi agam ýatypdyr....

***

Ependiň öýünde diwarda ýolbarsyň kellesi asyk dur. Dostlary soraýar:
-Ependi aga, bu ýolbarsy özüň awladyňmy?
-Howwa!
-Näçe okda aldyň, Ependi aga?
-10 okda!
-10-ysam degdimi?
-Ýok, birem degmedi!
-Onda nädip öldürdiň?
-10 okumyň boş geçenini görüp, ýolbars gülüp-gülüp öldi...

***

Soldat öýlerine granat iberýär:
“Enem jan! Eger sen şujagaz halkajykdan çekseň, meni 3 gün öýmüze göýbererler...“
35
289
işan
25 Sentýabr 2023
😂😂😂😂😂❤️❤️❤️❤️❤️
dmoo
25 Sentýabr 2023
Ýatmakam hezil edip guldümaý sagbol
Miss_Minnosh❤️
25 Sentýabr 2023
Suratlar😅😅😅
mmmmmmm
25 Sentýabr 2023
Guldesse in sonky degisme in gowsy eken esgerlerden cykayjak zatda sunyaly zatlar 😂😂😂😂😂😂
myrataly_
25 Sentýabr 2023
Bashynda yuzim😒 sonunda 😂 in sonkuja bara
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.