gulia_maksatmyradowna
03.02.2024 22:07
Klasdaşlarym (degişme😁)


11 ýyl 1 synpda okap bileje,
Oýunlar oýnardyk gülşüp çalaja,
Klaskomyň sözün diňläp diňeje,
Şeýle bir şadyýan klasdaşlarym.

Kliçka dakardyk birek-birege,
Ne gözel atlarnyň işini görüp.
\"PM, Gara, Keşa\" biri bolsa \"Nigreşka\"
-diýip gülüşerdik klasdaşlarym.

Gyzlar-a oturar öz ýerlerinde,
Oglanlaň ýerlerne suw çykan ýaly.
Rezinden ok atyp birek-birege,
Şeýlebir garagol klasdaşlarym.

Herimiz bir dersi ýürekden söýüp,
Şol dersiň mugallymny halypa saýyp,
Diňe şol kitaby elimize alyp,
Olimpist bolardyk klasdaşlarym.

Fizikadan barlag işi berlende,
Ökdeler işlärdi kellesin döwüp.
Mugallym käýese-de \"göçürtmäň!\" diýip,
Gizlenip göçüren klasdaşlarym

Himiýa dersini kellä geýerdik,
Zamaskany pyrlap, d с(doğruluk , сesaret) oýnardyk.
Eğer birden ujy mugallyma baksa ,
Mugallymy gürleden klasdaşlarym.

Birden biologiýa gelmese mugallym,
Klasda uçardy ýürekdir öýken.
Sergide duran gurçugy alyp,
Gyzlary gorkuzan klasdaşlarym .

Algebrada oturardyk gyz- oglan,
Partadaşlar kikirdeşip, gülüşip.
Şol dersiň nädip geçenini bilmän,
45 mint geçiren klasdaşlarym.

Ine-de türkmen dili edebiýat,
Hiç kimiň çykanok sesi hem üýni.
Käsi morfologiýa, käsi sintaktik,
Derňew edip başagaý klasdaşlarym.

Gyzlara utanyp sport eşigini ,
Geýmekligiň asla pikirnem etmez.
Oglanlaram aýryp tahýa, galstugny,
Woleýbol oýnardyk klasdaşlarym.

Informatika gijä galyp sähelçe,
Gykylyk eşderdi klasdaşlarym.
Watan habarlary aýdyp bilmesek,
45 mint dik durarys klasdaşlarym.

Herimiz aýratyn ýatlama bolup,
Bir-biregiň ýüreginde ýer etdik.
Gyzykly ýatlamam bolanňyz üçin,
Men size minnetdar klasdaşlarym.

Toýly günlermizde barşyp-gelişip,
Bagt toýlarda gülşüp, tans edişip,
Perzent, agtyk, ýuwluk toýda görüşip,
Gatnaşyp duralyň klasdaşlarym.
44
158
gulia_maksatmyradowna
02.02.2024 20:50
Ajap surat deýin çarçuwa salyp,
Penjireden gördüm dünýäň ýüzüni,
Ýyldyzlar şalykda şagyzy bolup.
Gezipdirin aldap çaga göwnümi,

(Şagyzy diýeňde, geler gözegňe,
Britan perisi Ýelizaweta.
Ýok, ýok, aslym şa neslinden däl!
Heniz duşmadymam...
Ak atyna münüp, gelen Şazada.)

Kiçijik şagyzy bolup şalykda,
Gezipdirin ýyldyzlaryň astynda.
Asyl bilmändirin, ýyldyza bakyp,
Ýöräpdirin-ä men zemin üstünde.

Ýyldyz şagyzysy ulalyp bu gün,
Göz ýetirdi ýöränligne zeminde.
Dünýäni çarçuwa salnan suratda,
Men görmek isleýän, henizem, ýene!

Ulalsam-da aýap, çaga göwnümi,
Şagyzydyr öýtsün , goý, ol özüni.
Ýyldyzlara bakyp, Aýly gijede,
Arzuw etsin, ýene ýumup gözüni.
53
264
gulia_maksatmyradowna
19.01.2024 15:48
Kiçijik şazadanyň täze bir syryny açdym. 0l esli salym dymandan soň, morta bir sorag berdi. Megerem, bu onuň köp oýlanyp gelen netijesi bolmaly
.— Guzy gyrymsy agajyň pürüni iýýän bolsa, onda gülem iýýändir ol?
— Iýilýän zat bolsa duşundan geçenok öz-ä.
— Tikenli güllerem ýuwdup-ýalmaýýarmy?
— Hawa, tikenine-beýlekisine seredenok, janawar.
— Onda güle tikeniň näme geregi barmyş?Ynha, men şony welin bilemokdym. Öz işim bilen ber-başagaýdym: hereketlendirijidäki bir hyrly myh, teý, towladanokdy, şony açjak bolup hyklap durdum. Yagdaýym öwerlik däldi, bar zat çylşyrymlaşýardy, suwly gabymyň düýbi gömüberipdi. Mejbury gonuşymyň soňy eýgilik bilen gutarjak däl öýdýän.
— Tikeniň, heý, derkar zady barmy?Kiçijik şazada sowal berse, jogabyny alman elini ýakaňdan goýberenokdy. Sarsman duran hyrly myh meniň sabrymy synabilipdi. Günüme it aglaýan halyma, muňky näme diýsene, kelläme gelen pikiri aýdyp goýberdim:
— Tikeniň jinnek ýalam haýry ýok, güller ony ýöne gaharyna çykaraýýa.
— Bä, şeýlemidi asyl!
Ara ümsümlik düşdi. Soňam gaharlanybrak:
— O diýeniň-ä ynanmadym. Güller ejizje hem sa- daja. Olar özüni BATYRLYGA saljak bolýar. Tikenli bolsa, hemmeler özünden GORKAR öýdýä...
45
339
gulia_maksatmyradowna
14.01.2024 19:57
ŞEMAL BILEN SÖHBET



Aňyrsy görnüp duran, ýuka tutyny çalaja galgadyp, açyk penjireden şemal öýüme girdi. Geldi-de elini egnime goýdy. Men onuň elini gysmakçy boldum. Ol bolsa, boýnuma saraldy. Soňam boýnuma münüp, aýaklaryny egnime atdy öýdýän. Gulaklarymyň uçlaryna çenli degen ondan başga kim bolsun! Haýran galaýmaly, boýnuňa münse-de ondan hiç zat gaty görlenok?!

Çalaja saçymy sypady. Elini gysyp ýetişmänkäň boýnuňdan gujaklap, soňam aýaklaryny iki egniňden sallap oturýan myhmanymy nähili garşylajagymy bilmämsoň, näme diýjegimem bilmedim. Hem onuň bilen gürleşesim gelýärdi hem söz tapmaýardym. Ol welin, baryna düşünip dur. Özüne «Seni göremok, şonuň üçinem sen ýok» diýilmese bolýar. Ýumşaklygy, ýakynlygy, tämizligi bilen ynamyma girip, gözlerime doganym ýaly mährem bakýar. Öz aýtjaklaryny maňa diýdirip iç döküşip otyr. Özüňe sowal berdirip, jogabynam özüňden alýar. Bu täsin söhbetdeşligi ýazga geçirjegem ýok, diňläp biljegem, görüp biljegem ýok. Özüňden başga. Özüňi welin özüne bendiwany edip goýýar.

- Şemal dost, geleniň gowy bolaýdy. Yssydanmy, sowukdanmy, köplükdenmi, ýekelikden ýüregim gysyp otyrdym. Wagtyň bar gerek?

- Men wagt ölçegini bilmeýärin. Meniň üçin aralygam ýok. Şonuň üçin men gitmeýärinem, gelmeýärinem. Men bar.

- Asmanam bar, elim ýetenok. Daglaram bar aýagym ýetenok. Adamlaram bar kalbym gapysyny açanok.

- Seniň Asmana däl, asmanyň saňa eli ýetsin. Sen daglara däl, daglar saňa gurban bolsun. Adamlar kalbyňy açmasa, sen kalbyňy adamlara aç.

- Wah sen bolsadym!

- Men özüme sen bolsadym diýýän. Güleňde gülüşiň menden zyýada, aglaňda gözleriň ýaşy.

- Howada guşlaryň deňinde uçýaň. Ýa olar seni kesip geçýärlermi?

- Olar mende ýaşaýar.

- Sen olarsyz oňup bilersiňmi?

- Düşünmedim?

- Olar bolmasa saňa nähili bolar?

- Olar bar. Menem bar. Senem bar. Bar zat nädip ýok bolsun?

- Şonda-da ... birden?

- Seniň aňyňda tüweleý turjak bolýar. Tüweleý garma-garjaşyklyk. Tüweleýi men halamaýaryn.

- Bagyşla. Ýazda açylan güller solýar, şoňa gynanjyma senem gynandyrdym.

- Gül solmaýar. Sen gaty köp ýerde, gaty köp zady güle deňeýäň. Sen ähli ajaýyplyklara gül diýýärsiň. Çünki gül ýüregiňde açylyp dur.

- Sen ony görýärmiň?

- Men ony yrap geçdim.

- Aýtsana, ol... adam ukudaka owadanmy ýa oýaka? Adam dirikä gowumy ýa ýogalandan soň?

- Dirilige taý geljek zat ýok. Ölümem deňsiz-taýsyzdyr. Ýöne onuň gözelligini açyk gözler görmeýär.

- Aýtsana, gyzgynlyk näme, sowuklyk näme?

- Olar bir-birine duşmandyr. Edil dirilik bilen ölüm ýaly. Olar ýaraşanlarynda salkynlyk döreýär.

- Begeneňde nädip gülýäň, gynanaňda aglaýyşyň nähili?

- Begenemde ýagyş getirip aglaýan, gynanamda epgek ösdürip gülýän.

- O nähili?

- Çünki, begenjimiň geçip gitjekdigine, geçip gitjek zada-da begenmeli bolýandygyma aglaýan. Gynanjymyň peýdasyzdygyna, peýdasyz zada-da gynanýandygyma bolsa gülýän.

- Şemal dost, aýtsana, sen kimlerden hoşal?

- Hakyň ýolunda başyny goýanlardan.

- Seni ojaklarymyzyň tüssesi hapalaýandyr, nädip ýuwunýaň?

- Ojaklaryň tüssesine. Çünki öý-ojaklar arassaja çagalaryň aýasyny ýylydyp, arlyjaklaryny guradýar.

- Nähili häsiýetdäki ynsanlary halamaýarsyň?

- Patyşanyň gujagyna düşselerem kanagatlanman, şasynyň täjine göz dikýänleri.

- Ondan beterlerem barmy?

- Bu nygmatlary, rehmetleri görübem ynançsyz ýaşaýanlardan beteri ýokdur.

- Adama yzyndan gelen duşman howplumydyr ýa-da öňünden gelen?

- Adamyň iň howply duşmany öz içinden gelýän nebsidir.

- Gybat, töhmet senem köýdürýärmi?

- Arman olar maňa söndürtmeýär.

- Gyş gowumy ýaz?

- Gyşyna garlary eretmek, ýazyna pyntyklaryň agzyny açmak gowy.

- Şemalym, bu günler nirelerden geçip, nämeler görüp geldiň? Bir ýerlerde ýer yranýar, bir ýerlerde tokaýlara ot düşýär. Ýerleriň özi yranyp özi durýar, tokaýlaryň özi ýanyp özi öçýär...

- Ýüreklere gezek gelende-de şeýle...

- Käteler gazaply gelýäniň, şondanmydyr?

- Gelişim ýalam älem giňişliginde ýitip gidýärin. Muny görenler bir gudratdan başga güýjüň hiçdigine düşünmeklerini isleýän.

- Sen menden näme isleýärsiň?

- Öz kölegäň bilen kowalaşma. Onuň yzyndan ýetip bilmersiň. Ýöne ýagtylyga tarap ýüzüňi öwürseň kölegäň arkada galar. Goý, kölegäň aladasy seniň yzyňdan ýetmek bolsun. Çünki, şeýtmek kölgelere gelişýär...

Men aýdylan zada aýdylşy ýaly düşünýän jahyl kimin kölegämi gözläp, öňüme, yzyma seretdim. Öňüme-yzyma garanjaklap durkam, şemal elini egnimden aýyrdy, ýa-da syrylyp boýnumdan düşdi. Çalaran başym çala sypalanan ýaly boldy. Açyk penjirämiň tutusam galgap gitdi. Ol gitdi... Gitmeýänem bolsa gitdi, diýmek, gelmeýänem bolsa geler...

Daşardan goşgy setirleri eşidilip kagyzyma ýazylýar.



Penjirämiň perdesin,

Çalaja galgadan şemal.

Lemmer-lemmer tolkunlara,

Özüni aldyran şemal.



Gir içeri, assa-assa,

Hem serden geçmegi öwret.

Dertden gutar, men bir hassa,

Ýakdyňmy, öçmegem öwret.



Ýanyňa al, äkit meni,

Sazlary bolaýyn säheriň.

Misli ýalňyzlyk heýkeli,

Gussasy bolaýyn şäheriň.



Daşlary guçup daglarda,

Sary düzlerde gezýärsiň.

Gel otyr, dynç al ýanymda,

Ýadana meňzeýärsiň...



Sen maňa söýmegi öwret...

Sen maňa ösmegi öwret...

Yşgyma göçmegi öwret...

Nebsime öçmegi öwret..

Ylýas Amangeldiýew.
34
81
gulia_maksatmyradowna
14.01.2024 17:37
1. Albert Einşteine haýsy döwletiň prezidenti bolmaklygy teklip edipdirler?
2. “Gara ölüm” diýip bilinýän ýokanç kesel 1347-1350-nji ýyllarda Ýewropa nireden aralaşýar we näçe göterim adam kesel zerarly ýogalýar?
3. Sezaryň belli sözleri (ýa sözlemimyka)? 4.Sezaryň döwründäki pullaryň ýüzünde haýsy sözlem ýazylýardy?
5. “Güneş karoly” lakamyny alan karol kim? (biraz kömek edeýin, fransuz karol bolmaly).
6. Hindi ýazary Rabindranat Tagor “Täç Mahaly” nähili sözler bilen taryplapdyr?
7. Napolýon Bonapartyň ýatýan otagynda kimiň portreti bardy?
8.Napolýonyň halaýan pionisti kimdi?
9. Winston Çurçilliň II jahan urşundan soň ýazan haýsy taryhy eseri Nobel baýragyna mynasyp boldy?
10. Ilkinji bolup sigareta garşy propaganda eden kim?
11. Wladimir Lenin ýaly Hytaýda kimiň jesedi mumýalanyp, halka görkezmek üçin goýulýar?
12. “Şeýtan Aýatlary”(1988) atly romanyň ýazary?
34
331
gulia_maksatmyradowna
13.01.2024 08:42
Ýakynda bir rowaýat okadym. Ol “Ideal (kämil) ner” diýlip atlandyrylýar.

Rowaýatda dört sany syýahatçy hersi bir nere münüp ýola düşýär. Uzaga çeken hem başdan geçirmelere baý bu syýahat soňlananda syýahatçylar gören, başdan geçiren wakalaryndanam beter nerlerine haýran galypdyrlar. Nerler syýahatyň juda agyr geçen ýerlerinde-de, sähelçe-de ejizlemän uzagy nazarlap, syýatçylara gaýta syýahaty dowam etdirmäge ruhy itergi beripdirler. Şeýle wepadar, çydamly hem güýçli nerleri saýlap alanlaryna olar begenipdirler. Başga hiç bir müngi malynyň neriň duran ýerinde durup bilmejegine göz ýetiripdirler. Olar begençlerine nerlerine heýkel dikeldesleri gelipdir. Şonda syýatçylardan biri: “Biziň elimizden ýazmak gelýär. Aramyzda suratçymyzam bar. Geliň, nerler hakynda herimiz bir gowy eser döredeliň” diýipdir. Ony ýoldaşlary goldapdyrlar.

Ilki suratçy işe girişipdir. Uzyn gün nerleriň ýanynda bolan suratçy ahyrynda işini gutardym edipdir. Onuň çeken suratyny gören ýoldaşlary: “Bu surat asyrlara galar” diýip, oňa uly baha beripdirler.

Ikinji syýahatçy kyssa eserini ýazmak üçin iki gün, iki gijesini sarp edipdir. Onuň nerler hakynda döreden eserinem ýoldaşlary “Ajaýyp” diýşip gowy görüpdirler.

Üçünji syýahatçy “Men nerleri goşguda taryplajak” diýip, üç gün möhlet sorapdyr. Üç günden soň uly poemany ýazyp boldum edip, ony ýoldaşlaryna okap beripdir. Şygyr setirleri şirin bolansoň onuň ýoldaşlaryna täsiri kyssaçynyňkydanam güýçli bolupdyr.

Dördünji syýahatçy öz döretjek eseri üçin bäş gün möhlet sorapdyr. Ol bir top ak kagyzam ýanyna alyp çadyryna girip, bäş gün iş başyndan aýrylmandyr. Bäş günden soň ýoldaşlarynyň ýanyna gelende onuň çadyryna alyp giren bir top kagyzyndan diňe ikisiniň hersinde bir jümläň ýazylandygyna oturanlaryň gözi düşüpdir. Birinji kagyzda uly harplar bilen, owadan edilip “Idial (kämil) nerler” diýlip ýazylypdyr. Ikinji kagyzda bolsa: “Nerler diňe öz nerlik borçlaryny ýerine ýetirdiler” diýlen jümle bar eken.

Bir göräýmäge bu sada rowaýatda dördünji syýahatçynyň gelen karary meni serpmeden gaýdan ýaly etdi. Onuňam düýp sebäbi menem ner hakynda – kakam dagyny halas eden ner hakynda täzeden bir zatlar ýazmagyň hyýalyndadym.

Ol nerem taryplanmaga mynasyp ner. Ýoldaşlary bilen argyşdan gelýärkäler kakam dagy çölüň jümmüşinde, gazaply gyş güni syrgyna gabat gelipdirler. Gar ýerden göterilýärmi, gökden ýagýar saýgarar ýaly bolmandyr. Ýol-yz galmandyr, hatda ileri-gaýranam kesgitlär ýaly däl eken. Içiňden geçip barýan ýelden goranjak bolup, üsti ýükli düýeler bozlaşyp, bir-birlerine gysylşyp, çökmäge hyýallanyp ugrapdyrlar. Emma duraýdygyň, düýelerem çökäýse doňup galjagyň görnüp dur. Kakam nerini gyssapdyr. Ýoldaşlaryna-da “Düýeleri çökeräýmäň, gyssap duruň” diýip gygyrypdyr. Kakamyň neri öňlerinden çekip, üstündäkileriňem gyssap gelmegi düýelere çökere maý bermändir. Olar mejbury ýöremeli bolupdyrlar. Ýöne nirä, haýsy tarapa ýöremeli? Kakam owsaryny boýnuna atyp: “Neriň özi biler nirä gitjegini” diýen karara gelipdir. Ýoldaşlarynyň bir topary oňa: “Terse barýas” diýip gygyrypdyrlar. Kakam nerine ynanypdyr hem öz diýenini tutupdyr. Terse barýas diýenler özleriniňkini dogry hasaplap, bölünip, öz saýlan ugurlaryna gidipdirler.

Garaňky gatlyşanda-da apy-tupan ýatmandyr. Asmanda-da ne ýyldyz görünýär, ne Aý. Bir gije ýöränlerinden soň ertesi jahan ýagtylanda, kakam dagy özleriniň haýsy oýdadyklaryna, haýsy alaňlardan geçendiklerine düşünip bilmändirler. Ýene-de nere ynanmakdan başga alaç galmandyr. Ner janawer käýerde bir säginjek ýaly etse-de, kellesini bulaýlap, dodaklaryny şalkyldadyp, ýene burnuny parladyp öňe omzamasyny goýmandyr. Ahyrynda demirýola ýetenlerinde kakam dagy dogry gelendiklerini aňşyrypdyrlar. Onda-da ne dogry gelmek, ner olary obaň edil üstünden eltipdir.

Ine, şeýle neri taryplasyň gelmezmi? Emma oýlanyp oturýaň welin, olam diňe nerlik borjuny ýerine ýetiripdir.

Nerli gürrüňimi kakamyň başyndan geçenlerden mysal alyp dowam etdirsem geňlemäweriň. Ogula kakasyndan ýakyn adam ýok. Kakam hakynda gürrüň açylsa men häzirem gulaga öwrülýän. Eşidenlerimem göni aňyma ornaýar. Hemme ogullaram şeýle bolsa gerek. Atalaryň ýoly ogullara ýörelge bolup galýar. Şol ýörelgä eýerýän ogul, pikire batyrýan pursat boldugy kakasyny (kimler ejesini, kimler agasyny, kimler halypasyny) ýatlaýar. Içinden olardan mysal getirýär. Dogry netijä gelmäge olary tutaryk edinýär. Menem häzir kakamy onuň şöhratyny artdyrmak ýa-da ýagşylykda ýatlap ony razy etmek niýeti bilen däl-de, şol wakalary tutaryk edinmegi maksat edinýärin.

Bu ýazgylary ýazjagymy bilen ýaly kakam “Kakaňyz hiç kimden üýtgeşik däldir. Bolup bilse, hemme adamlar ýaly bir adamdyr” diýip, köp gaýtalardy. Ýöne obamyzda bir garry enäniň ýogalmanka ähli neberesini ýanyna çagyryp: “Owaly Alla, ýerde-de garry başlyk sebäp bolandyr siziň şeýdip, örňäp gitmegiňize. Garry başlygyň özi beýlede dursun, neberesinden birini närza etseňizem men sizden razy däldirin” diýip sargapdyr. Garry başlyk diýip obada kakama diýýärler. Uruş, açlyk ýyllarynyň öň ýany obanyň garamatyny ütüne alan kakam ony ýigrimi bäş ýyllap göteripdir. Şol ýyllar kakam obadaşlaryndan birini açlykdan halas edip bilse, öz çagasyny halas eden bilen deň görüp işläpdir. Edeni ugruna bolup obada açlykdan ölýänleriň sanam töwerekdäki obalardan eşidilýänden az bolupdyr... Kakam şonda-da “Men diňe wezipämi berjaý etdim” diýerdi.

“Wezipäňi berjaý etmek” diýlen jümläň şeýle kän zady öz içine alýandygyna ýaşyň könelişdigiçe çuň düşünýäň. Hatda kämilligem onuň içinde eken. Şahyr haçan kämil şygyr ýazýar? Haçanda şahyrlyk wezipesini doly berjaý eden mahaly. Bagşam iliň bagşysy bolmak wezipesini berjaý edip bilende özüne ussat, kämil bagşy diýdirýär. Daýhana, işçä, kakam ýaly oba başlygyna gezek gelende-de bu şeýle. Biz şonda-da ýönekeý çopan itiniň sürini gorajak bolup möjekler bilen garpyşyşynda uly gahrymançylyk görýäris. Aslyýetinde, ol eýesiniň günde beren ýalyny ödedi, öz wezipesini berjaý etdi. Elbetde, şol wezipäni berjaý etmegiň ýerine, gorkusyna guýrugyny ýamzyna gysyp, goşa tarap gaçýan itleriň bolmagy möjek bilen darkaşa giren köpegi has hem abraýly edýär. Ýöne biriniň ejizlemegi beýlekisiniň mertligi däldir.

Näsagyň dadyna ýetişen lukmana näçe alkyş aýtsaňam az. Ol kärine ussat, kämil lukman. Bu derejä ýetmek üçin ol başgalar süýji ukuda ýatyrka, özüne dözüp, irmän, ýadaman kitaplary dörendir. Näsaga em boljak dermanyň haýsy dermandygyny öwrenmek üçin ähli ukyp-başarnygyny orta goýandyr. Emma şonda-da, ol lukmanlyk wezipesini berjaý etmekden aňry geçip bilmeýär. Biz ol lukmany Lukman Hekime deňemegiň bäri ýanyndan gaýdarys. Ol bolsa mylaýym ýylgyryp: “Men diňe lukmanlyk wezipämi berjaý etdim” diýer. Adyna her gün ençeme salawat aýdylýan Muhammet Pygamberimizem: “Men pygamberlik wezipämi berjaý etdim” diýip, başyny ýassyga goýupdyr.

Bolmanda ýönekeý, ynsanlyk wezipämi berjaý etmegim üçin eýýäm ýetmiş ýyl bäri ýaşap ýörün. Kimiň oglusyň diýenlerinde, planyň ogludyryn diýip bilmäge ýaşymyň ýeteli bärem eýýäm elli ýyl geçipdir. Elli ýylyňam hersi 360-365 gün. Her günüňem pursatlardan doly. Şonda-da “wezipämi berjaý etdim” diýmäge ýaýdanyp ýer dyrmap otyryn...


Ylýas Amangeldiýew
32
192
gulia_maksatmyradowna
12.01.2024 16:27
Mätäçlik



Ber bereketiň artsyn diýdik. Emma berere mätäç barmy? Bu makala mätäçlik hakynda. Onda-da uly mätäçlik hakynda. Dünýämizi aýlap duran mätäçlik hakynda.

Beýik Pyragyň «Sag gözi çep göze mätäç eýleme» diýen meşhur setirini bilmeýän türkmen az-az bolsa gerek. Menem goşga düşünelim bäri bu setiriň, tutuş şol goşgunyň aşygy. Mundan soňraky aýtçaklarym Beýik akyldar şahyryň bu sözleri bilen sazlaşykly gitmeýän ýaly görünmegem mümkin. Gurbannazar Ezizow «Men nire, sen nire eziz Pyragy!» diýip ýazypdy. Biz bolsak «Men nire, sen nire eziz Ezizow!» diýmelilerden. Onsoň Magtymguly atamyzyň sözüne garşy gitmek, ýa-da ondan (Alla saklasyn!) jim gözlemek hiç pikirimde-de ýok, bolmazam. Men diňe şol dürdäne setiriň özümde oýaran oýlanmalaryny kagyza geçirip size hödürlemekçi bolýaryn.

Göz lukmanlary bilýändirler iki göz mydama-da bir-birine mätäç. Adamyň ähli synasy – elleri, aýaklary, öýkeni, ýüregi, beýnisi, gan damarlary... hatda bedenimizdäki bir öýjügem beýleki öýjüge mätäç. Şol mätäçlik adamda örän ýeňillik bilen garşylanýar, ýeňillik bilen aradan aýrylýar. Mysal üçin, sag aýagymyzy ädemizden soň, salymyny bermän, çep aýagymyzam ädilýär. Özem ýörjen-ýörjenligimizi ýeňip geçelimiz bäri bu şeýle. Şeýle bolmadyk ýagdaýynda biz näsag adama öwrülýäris.

Ýer Güneşe mätäç, bulutlar ýellere mätäç, gije gündize mätäç, gyşlar ýazlara mätäç. Bu beýik Mätäçliigiň içinde ýaşaýyş aýlanyp dur.

Bu adam durmuşynda nähilikä? Magtymguly atamyzam iki göz barada ýazýarka, elbetde, adamlary göz öňünde tutandyr. Bu ýerde-de, jemagat ymamyna mätäç, hökümdar guluna. Hökmi ýerine ýetirjegiň ýok ýerinde, höküm beriji bolup bilmeýär. Zürýat enesine mätäç, ene zürýadyna. Bu ikisiniň arasyndaky mätäçlik nähili ajaýyp mätäçlik! Ýaňy dünýä inen çaga şol mätäçligiň arkasyndan uly adam bolup ýetişýär, ene-de hakyky enä öwrülýär. Emma, hiç haçan ene çagasyna sen maňa mätäçsiň diýmez, çaga-da enesine.

Adam, başyny aşak egen sünbüllere mätäç. Şol sünbüllerden bugdaý, bugdaýdan un, undan çörek önmeli. Hemmesi hem biziň mätäçligimiziň garşylanmagy üçin. Hatda, bugdaýyň dänesine düşjek gurçugy çokjak kiçijik guşşagaza-da biz mätäç. Ylahy gudrat bilen bu mätäçligimizem ýerine ýetirilýär.

Ýat bir adamyň, başga bir tanamyýan adamsyna mätäç bolmagy gowumy? Bu sowala, bir mysal bilen jogap bereýin. Meniň bir dostum bardy. Bende dünýeden ötdi. Men Aşgabadyň golaýyndaky Ýalkym obasyndan, ol bolsa Gökdepeden. Meniň muny aýdýanym, biz şeýle bir-birimizden uzakda dünýä inen, önüp-ösen ynsanlar. Dostum Aşgabada gelip hususy maşynynda kireý ederdi. Tomsuň günleri Gökdepeden ir çykyp gaýdansoň, howa-da yssy, günortan bize gelip dynjyny alyp giderdi. Men bolsam, işdedirin. Öz öýi ýaly girer, çaýyny içer, salkyn jaýda ýatar, dynjyny alar, soňam kireýini etmäge ýola düşer. Menem işden gelemde dostumyň adyny tutup, öýdäkilerden onuň gelenini-gelmänini soraryn. Gelen bolsa, göwnüm ynjalardy. Dostum günortan dynjyny almaga mätäçdi, menem onuň dynç alyp gidenine mätäçdim. Soň bende ýogaldy... Şondan bärem, şol salkyn jaýa dynç alaýyn diýip girdigim, dostum ýadyma düşýär...

Adamlaryň bir-birine mätäçligi olaryň dostlugynyň-doganlygynyň hamyrmaýasy dälmidir? Käbir özüni «ösen medenýetli» hasap edýän ýurtlarda adamlar bir-birine mätäç bolmazlyga çalyşýarlar. Goňşy-goňşudan şeýle bir uzakdyr, hatda bir-birleriniň atlarynam bilmezler. Olara görä bu dogrudyr. Kämillik ýaşyna ýetensoň, perzent olarda özüni ene-atasyna mätäç däl hasaplap, göçer gider. Kakalary-ejeleri garrylar öýünde gününi geçirse, şonça şatdyr. Beýik şahyr beýle düzgüni isläp, «mätäç eýleme» diýip, Allaha ýalbarandyr öýdemok.

Özüne mätäç bolunmaýan adam, döşünden itilen adam bolsa gerek. Özi hiç kime mätäç däl adam iliniň, töwereginiň döşünden iten ynsandyr. Bularyň ikisi hem päk wyždana ters gelýär.

Bir edarada şeýle gowy başlygym bolupdy, elindäki işgärlerine edil kakalary ýaly, gyşyna ýyly geýinmegi, tomsuna günden goranmagy öwüt eder ýörerdi. Çala ýuka geýneniňi görse, başyňda kyýamat gopdurardy. Bir gezek ol işgärleri bilen geçirýän umumy ýygnagynyň soňunda bizi nähili gowy görýändigini düşündirjek bolup, bir ýaş işgäriň adyny tutup, şonuň ýylgyrşyny görmek islegi bilen işe gaýdýan gezekleriniň kän bolýandygyny aýtdy. Hakykatdanam, şol ýaş işgäriň mylaýym ýylgyryşy bardy hemem başlygymyzyň ýüregi şeýle päkdi. Ol başlyk, hakykatdanam, işgärlerine mätäçdi, bizem oňa.

Pyagmberimiziň döwründe sahabalar namaza duranlarynda şeýle bir bir-birlerine ýakyn durar ekenler, eginler eginlere sürtülip, eşikleri ýyrtylar gider eken. Çünki, olar bir-birlerine şeýle bir mätäçdiler, bu mätäçligi hiç bir zat bilen deňeşdirmek mümkin däl. Bir gün, şol sahabalardan biri, janyny pidalap aglamaga başlapdyr, ony hiç kim diňdirip bilmändir. Ahyry ony Allanyň Resulynyň ýanyna alyp barypdyrlar. Allanyň Resuly ondan näme üçin aglaýanyny sorapdyr. Ol şeýle jogap beripdir.

«Eý Resulullah! Men neneň aglamaýyn. Bir gün senem ölersiň, menem ölerin. Sen şübhesiz jennete bararsyň, belki bize-de jennet nesip etdirer. Ýöne, sen jennetiň iň ýokary gatlagynda bolarsyň, biziň ornumyz bolsa, işigiň agzy bolar. Şeýdibem biz aýra düşeris. Men seni hiç görüp bilmerin. Seni görmejek bolsam men jenneti näme edeýin? Iň ýamanam biziň bu aýraçylygymyz, o dünýede ölüm ýok bolansoň, baky dowam eder...»

Pygamberimiz, özüne şeýle mätäç sahabasyna ýüzlenip, Kur‘any Kerimden Allahyň şu manydaky sözi bilen jogap berýär: «Her kim söýeni bilendir!» Şeýle mätäçligiň başyna dönseň!

Mundan soň, adamlaryň bir-birine mätäçligi hakynda getiriljek mysallar ownuk görüner. Ýogsa, muňa mysal gaty kän we olary biz gündelik durmuşymyzda-da görýäris. Onda näme üçin men şol goşgyny, Beýik Pyragynyň mynajatyny aşyklyk derejesinde şeýle gowy görýän? Ony gowy görýän, şübhesiz, ýeke menem däldirin.

Megerem, mätäçligiň başga bir ýüzüni görenligimdendir. Bir adam beýleki bir adamyň ýanyna mätäç bolup baranda, gol uzama derek, ýüz sowulanyny görenligimdendir. Bir aýak beýleki aýagyň mätäçligini goldamasa, ony kesdirip, ýerine hasa ulansa bolýar. Emma, agasynyň mätäçligine ýüwrüp barmaýan inini kesip aýryp biljek gümanyň ýok. Muny gören, muňa akyly ýeten adam, onda-da beýik adam gözýaş edip, Allaha «Agany inige mätäç eýleme» diýip ýalbarmasa, beýikligini ýitirer.

Emma, bu elhenç hakykat ýaşlykdan bize ters ýoly salgy bermeli däldir. Her kimiň söýenleri bilen boljagy hakdyr. Söýenleri ýoguň bolsa, baky ýeke galjagy ondanam, çuň hakykatdyr. Bu dünýäni gözelleşdirýän zat mähirdir, söýgüdir, ezizlemek we ezizlenmekdir. Çaganyň ähli zada mätäç edilip ýaradylmagy ajaýypdyr, azap däldir. Ynsanyň bir-birine mätäçligi kiçelmek, ejizlemek däl-de, şol mätäçlige gol uzatmazlyk hakyky peslikdir, gözden düşmekdir. Gije gündizi goldar, argyn ynsanlaryň dynjyny berer, gündiz gijäni goldar, ýatanlary oýarar, herekete getirer, ýaşadar. Biziň medeniýetimiz, gatnaşyklarymyz, mätäçligimiz, goldawlarymyz bu ylahy ýaradylyşdan gözbaşyny alýar, şoňa daýanýar.

Şeýle mätäçligiň bardygyna şükür. Ony elden gidirmezlik bolsa biziň özümize bagly.


Ylýas Amangeldiýew
35
155
gulia_maksatmyradowna
11.01.2024 20:46
GYLDANAM INÇE..

Ömrüň tanapyna-da gyl ýaly inçe diýýärler. Syrat köprüsem gyldan inçe, gylyçdan ýitimiş. Gyl sözi, halk rowaýatlarynda, aýtgylarymyzda-nakyllrymyzda kän geçýär. Ýogsa ol siňe seretmeseň känbir göze-de ilenok. Durmuşda-da inçe senediň ussadynyň çyzyklary mysaly, ujypsyzça mähir ýürege üýtgeşik gözellik bolup ornaýar.

Meniň ýuka ýürek aýal doganym bardy. Her görende „Bize geleňizok” diýip zeýrenerdi. „Barýas-a pylan eje. Günde-gün aşa baryp durmagyňam nämä geregi bar? Üýtgeýän zat ýog-a” diýerdik. Emma, üýtgeýän, ýütgejek zat bar eken. Häzir o bende ýogaldy welin, öýlerine günde barasym gelýär. Arman ol öýe barmaga indi aýagym diýen etmejek bolýar. Ýene „daýy-da daýy” bolşup duran ýegenjiklerimi görmäge barýan. Her gezegem, içimden „Pylan ejem bilýän eken, üýtgeýän zat bar eken” diýip, uludan dem alanymy duýman galýan.

Atam pahyr, ýaşy segsene ýeteňkirlänem bolsa, „Pylan dostumy görmäge gitjek” diýip, eşegini münüp gidende ýarym günlük, gelende ýarym günlük ýol aşar eken. Ýogsa, barany bilenem, göreni bilenem üýtgän zat ýokdur. Üýtgänem bolsa, köplenç göze-de ilmeýän gyl ýaly – ömür tanapyna deňelýän gyl ýaly üýtgändir... Kakam ýogalanda keslläp düşekde ýatan dosty ogullaryna özüni düşegi bilen maşyna mündürdip, ony soňky ýoluna ugratmaga geldi. Geleni bilenem üýtgän zat ýok, gelmänem bilerdi. Gelmän bilmedi. Ömründen galanja günlerini gyl ýuwudan ýaly bolup geçirmezlik üçin geldi. „Men öňürti giden bolsam, olam şeýdip gelerdi” diýip geldi.

Kerim agaň „Ýazmasy kyn düşen goşgusy” ýadyňyzdadyr. Belki şol „geler, geler” diýlip garaşylan ogulam getirmedik zat gylça-da ýokdur. Gara şaýa degmeýän wezipeparazlygymydyr, ýa „Baramda barmanymda üýtgejek zat barmy?” diýen boş düşünjesidir. Durmuşda sebäp gytmy?! Müňläp saçymyzdan birjigi iýenimizi burnumyzdan geler ýaly edip bilýär ahyryn! Ýogsa bir gyldyr...

„Bir ata kyrk oguly eklär, kyrk ogul welin bir atany eklemän biler” diýilýär. Bir görmäge, kyrk ogula bir atany eklemek hiç zat, gaýta bir ata kyrk ogly eklemek kyn düşmezmi? Bu ýerde-de gyl ýaly inçelik bar. Ata atalygyny berjaý etmäge borçly. Şol ata-da biriniň ogly, olam öz atasyny eklemedimikä? Kim bilýär „Özi-özüni ekläp ýör-ä. Meniň ony eklejek bolmam nämä gerek?” diýendir. Şeýle atalardan biriniň şäherde ýaşaýan ogluny saklap: „Oglum sen maňa indiki geleňde hoz getir. Kaka, şuny saňa aldym diý-de öňümde goý. Men getiren hozuňy döwünerin. Maňzyny oglum saňa, senden bolan agtyklaryma iýdirerin. Maňa daşynyň gabygam bolýar” diýenini eşitmänmidiňiz? Eşidensiňiz. Eşitmedikleriňizem eşidip, bu gyl ýaly inçe sözlere ünsem eden däl bolmagyňyz mümkin...

Bir şahyr dostumyň öz enesi hakynda beren gürrüňi hiç hakydamdan çykanok. Goý, ol menden aýp etmesin, inçe zatlaryň gürrüňini açaňda, sözüňi diňleýjiňe ýetirmek üçin iň ýüregiňe ýakyn zatlary mysal almaly bolýar. Şahyrlaryň köpüsi ýaly, hemmesi diýsemem, ýalňyşmazlygym mümkin, ol dostumam goşgy ýazmaga mekdepde okap ýörkä başlapdyr. Ýazan goşgularyny bir gün enesine-de okap beripdir. Enesi agtygynyň başyny sypap: „Oglum beýdip, kelläňe agram salyp goşgy ýazmaňda bolanokmy?” diýipdir. Emma, ýazma-da diýip bilmändir. Soň bir gezek enesi agtygynyň goşgularyny garalamadan ak kagyza göçürip oturanyny görüp oňa özüçe düşünipdir-de: „Hä, şeýledir-le, başga biriniňkini göçürýänsiňem öýdüpdim-le. Kelläňe agram salmajak bolaýgyn, oglum” diýipdir. Gül sen, agla sen, ene ýüregi şeýle inçe bolýar. Bu inçeligiň ýanynda gylam ýogyn geler.

Dogry, beýle inçelik bilen ýaşamak kyn. Ýüpem inçe ýerinden ýolunýar. Ýöne bu tebigatda hatda kaktuslaram gülleýär. Onda-da nähili owadan gülleýär! Bu gudrata haýran galýaň. Nergiz güli hakynda-da bir inçe rowaýat bar.

Gadym zamanlarda Nergiz diýip bir görmegeý ýigit bar eken. (Mümkin gyzdyr, ýöne rowaýat üçin bu ähmiýetli däl). Ol owdanlygyna begenjinden günde kölüň boýuna gelip, ondaky öz şekilini synlamagy gowy görer eken. Öz owadanlygyna imrine-imrine bakyp, ol ýigit bir gün özüniň köle ýykylanynam bilmän galypdyr. Şeýdibem suwa gark bolupdyr. Soň onuň gark bolan kenarynda nergiz diýen owadan gül gögeripdir.

Oskar Uaýat diýen beýik ýazyjy bu rowaýaty soň şeýle inçelik bilen dowam etdiripdir.

„Köldäki suw perileri ol ýigit gark bolandan soň kölüň suwunyň şorlaşanyny duýupdyrlar.

- Köl-köl, sen nämä aglaýaň? Ol ýigit saňa uzak wagtlap sereder oturardy ahyryn. Näme onuň görkünden ganmadyňmy?

- Wah, men ony bir gezegem synlap ýetişmedim ahyryn. Her gezek kenaryma gelip maňa bakanda, men onuň gözleriniň çuňlugynda özümi görerdim”.

Nähili inçelik! Gark bolan Nergiziň owadanlygyny mundan çeper edip beýan etmek mümkinmikä beri?!

Ine ýene-de bir inçe hekaýat.

Bir söweşde şehit bolan esgeriň ejesi, oglunyň şehit bolandygyny ýa bolmandygyny anyklamak isläp, Muhammet pygamberimiziň ýanyna gelipdir. Pygamberimiz oňa: „Ogluňyz şehit boldy, isleseňiz men ony size görkezibem bilerin” diýipdir. Şonda ol ene: „Ýok, men gözlerime däl, saňa iman etdim” diýipdir. Pygambere iman etmegiň nämedigini şundan çuň beýan etmegem mümkin däl bolsa gerek.

Ilçilikdir, aramyzda bu mysallary okap, „Peşeden pil ýasaýanlardanam ýadapdyryn” diýjeklerem bardyr. Ýöne, meniň göwnüme olar şol „peşeler” gije ýatmaga goýman, baryp ýüreginden dişlese-de duýmaýanlardyr. Adama duýgurlyk diýibem bir ukyp berlipdir. Şol ukybyň bolmasa gögerip oturan agaç, şol bir gögerip oturan agaçlygynda galýar. Agajyň şahalaryny guşlar gonsun diýip gerýändigi, güllände arylar gonsun diýip, miwelände çagalar ýolsun diýip miweleýändigi oňa görünmeýär. Pikir edip görüň, agaja bu häsiýetler berilmänem bilerdi ahyryn. Guşlar simlere gonubam, arylar öňlerine goýlan emeli nektardan daşabam, bizem miwe suwunyň ýerine hoştap ys berlen emeli suwlary içibem oňup bilerdik. Gijäniň Asmanyna ýyldyzlaryň nämä geregi bar? Adamlar azaşmaz ýaly, bar, Demirgazyk ýyldyzy dursa dursun, Ýedigen diýdi, Ülker diýdi, Ýaldyrak diýdi olaryň nämä geregi bar? Olar astronomlar bilen şahyrlar çöreksiz galmasyn diýip dogýan bolaýmasa?!

Bu düşünjedäki adama gijäniň gözelligini nädip düşündirjek?

Ýadyma düşýär, mekdep partasyndakak bize ululary sylamalydygyny, awtobusda ululara ýer bermelidigini öwredýärdiler. Häzirem öwredilýän bolmagy mümkin. Ýöne, mekdepde öwredilsin-öwredilmesin, bir türkmen ýaşulusy awtobusa münende bir türkmen çagasynyňam muňa parhsyz garap oturmagy mümkin däl bolsa gerek. Bir gezek şeýle bir wakanyň şaýady boldum. Awtobusa bir mapraç aýal bilen ýaňy mekdebe gatnap ugran oglanjyk mündi. Eneli-ogul bolmaklaram mümkin. Awtobusdaky boş ýerleriň birinde özi oturan aýal, meniň ýanymdaky boş ýere-de oglanjygy oturtdy. Özem „Turup, ýeriňi başga birine beräýmegin, dyknyşykda aýagyňy basarlar” diýip tabşyrdy. Hakykatdanam bir-iki duralgadan soň awtobus doldy. Oturara boş ýer ýokdy. Dik duranlaryň arasynda saçlary çalaran elli ýaşlaryndaky birem bardy. Oglanjygyň iki gözi şol adamdady. Turup ýerini beresi gelýärdi hem enesiniň tabşyrygynam tutjak bolýardy. Ahyry oturyp bilmedi, turup özünden ula ýerini berdi. Soň biz oglanjygy aramyzda oturtmakçy bolduk, teý etmedi.

Türkmen çagasyna ulyny sylamagy diýip etdirjek bolsak, onda, öňde-de biriniňki ýaly, olary „diýenimi edýär” diýip urubermeli bolar. Türkmen çopanyna buýruk berip malyna gowy seretdirjek bolsak, ýa-da, daýhanyna buýruk bilen eken ekinini idetdirjek bolsak, bu ýerde başga bir näsazlyk bardyr. Türkmene özüniň türkmendigine bolan buýsanjy, beýle derejede pese gaçmaga ýol bermez.

Gyl ýaly kiçijik zadyň gürrüňi, gör, nähili uly zatlaryň üstünden eltdi, eý dost! Belki-de men öte geçendirin?

Ylýas Amangeldiýew
37
172
gulia_maksatmyradowna
11.01.2024 17:00
Beýläk geç Makedonskiý - Diogen (birazajyk pelsepe 4)

Eger gadym grek köçelerinde aýlanmak mümkinçiligiňiz bolsady, gelene geçene azar berip oturan bir gedaý görmegiňiz ahmaldy. Eddil şowagt eýdip beýdip Platony tapyp gedaýyň kimdigini soran bolsaňyz "Dälirän Sokrat" diýerdi, ýöne siz beýtmäň sebabi ol Sokrat däl. Adaty adama sorasaňyz oňa it diýerdi. Sizi kösäp oturman özüm aýdaýyn, ol Diogen(404-323 b.e.ö).

Sokratyň pikirlerini halany, ýöne gaty öte derejede durmuşa geçireni üçin Plato oňa "dälirän Sokrat" diýipdi. Indi bolsa oňa näme üçin it diýilýäni barada agzaly. Sinopada dogulan Diogen bir bankeriň ogly bolupdyr. Käbir gürrüňlere göra ýasama pul ýasany üçin Sinopadan kowulan Diogen gedaý galypdyr. Watanyndan jyda we gedaý galan Diogen, özüçe jemgyýet durmuşyny soraga çekip başlapdyr we "il näme diýerkä" düşünjesiniň juda manysyzdygyna akyl ýetiripdir. Şeýdip ol gedaýlygyndan lezzet alypdyr. Sebäbi jemgyýet bilen dünýewi ýaryşa girmekligiñ ejir berýänini, gedaýlykda bolsa bu aladalaryň hiçisiniň ýokdugyny añypdyr.

Şeýlelikde Diogen gedaýlygyna buýsanyp herkimi tankyt edip başlapdyr. Bu tankytlaryny köşkde, ybadathanada däl-de köçede edeni üçin, özem gedaý bolany üçin, her geçene üýrýäň diýen ýaly manyda it diýipdirler. Diogen bu täze lakamy barada pikirlenipdir, seredip görse itler beýle erbet jandarlar däl, üstesinede olar örän bagtly we wepaly. Şeýdip Diogen diňe bir öz lakamyny däl, ýüz ýyllar boýy ýolundan gitjek adamlaryñam lakamyny kabul edipdir. Şeýdibem bu pelsepäni özüne kabul eden adamlara "kinikler" ýagny "itler" diýlipdir.

Hatda Diogeniň zehiniň we pelsepesiniň abraýy şeýlebir galypdyr welin taryhyň iň uly liderlerinden Makedonskiý ony barlamak isläp onuň ýanyna gelipdir. Çyndanam terkidünýälige, öz pikirlerine şeýle wepalymyka diýip "Näme isleseň bereýin, men Beýik Makedonskiý" diýip teklip beripdir. Çeleginde gedaýlygyň keýpine ýatan Diogen " Beýläk geç Makedonskiý, günüñ şöhlesine böwet bolýañ. (Zadyñ gerek däl, asyl berleni almasañ bolýa.)" diýip jogap beripdir. Ýekeje sözlemde Makedonska güýjüniñ çägini görkezen Diogeniñ aklyna Makedonskiý haýran galypdyr. Soñam "Eger Makedonskiý bolmadyk bolsam, Diogen bolardym" diýipdir.
36
234
gulia_maksatmyradowna
10.01.2024 18:00
Priming effect - priming täsiri (we pul bilen primelanmak)


Göz, gulak, burun ýaly organlarymyzdan gelýän maglumatlar beýnimizde belli neuronlaryň oýarylmagyna sebäp bolýar. Olara psihologiýada stimulus ýagny oýaryjy diýilýär. Bu oýaryjylar ys, şekil ýa-da söz bolup bilýär. Indi geleliň makalamyzyň asyl temasyna. Priming effekt - praýmiň diýip okalýar - diýip beýnimize birinji gelen oýaryjynyň ondan soňky geljek oýaryja nähili reaksiýa berjekdigimize edýän täsirine aýdylýar. Sözlem uzynrak bolup biler, arkaýýyn boluň mysallar bilen düşündirjek.

Mysal üçin siz ýakyn wagtda haýwanlar bilen baglanşykly zatlar gören bolsaňyz we men sizden EŞ*K sözüni doldurmagyňyzy sorasam onda ýadyňyza EŞEK sözi geler. Ýöne ýaňy-ýakynda geýim-gejim bilen baglanşykly pikirlere sezewar bolan bolsaňyz EŞ*K sözüni doldurmagyňyzy sorasam EŞIK diýip jogap berersiňiz. Bu ýagdaýyň şeýle bolmagyna priming täsiri diýilýär. Başgaça aýtsak, haýwanlar, ýük, saman ýaly sözler EŞEK sözüni , köýnek, balak, jorap ýaly sözler bolsa EŞIK sözüni primelaýar. Siziň indiki etjek pikirleriňizi, we reaksiýa hökmünde hereketleriňizi öňünden primelaýan zat ses, şekil, söz hatda hereket hem bolup biler.

Priming täsirine düşünmek üçin alymlaryň alyp baran tejribe işlerinden ýene birini mysal bereliň. New York uniwersitetinde John Bargh atly bir psihologyň ýöretmeginde bir eksperiment geçirilýär. 18-22 ýaş aralygynda ýaşlary gezekli-gezegine bir otaga çagyrýarlar. Bu ýaşlaryň öňüne içinde “çal” , “kel” , “ýygyrt” ýaly sözler bolan sözlemleri goýup yzygiderli ýerleşdirmegi haýyş edýärler. Soňra bolsa gysgarak bir koridordan geçip başga bir otaga gitmegini isleýärler. Koridora bolsa gizlin kamera ýerleşdirýärler. Soňra başga bir topary çagyrýalar ýöne bu gezek “çal” , “kel” , “ýygyrt” ýaly garrylygy ýatladýan sözler däl-de başgaça sözler ulanýarlar. Geçirilen barlaglar netijesinde “çal”, “kel”, “ýygyrt” ýaly sözler bilen baglanşykly ýumuş tabşyrylan toparyň koridordan geçip barýarka beýleki topara garanyňda has haýal ýöräp geçenligi ýüze çykýar. Ýumuşda “garry” sözi hiç agzalmadygam bolsa, ony ýatlatjak, primelajak sözler sebäpli, ýaşlar has uly ýaş bilen baglanşykly häsiýetleri ýüze çykarýarlar. Primingiň pikir arkaly herekete täsir etme şeklindäki bu görnüşine ideomotor effekt diýilýär. Bu ýagdaý tersine barlag geçirileninde-de netije berýär. Meselem belli bir topar ýaş juwana bir otagyň içinde adatydan has haýal ýöremegini buýurýarlar. Bu ýumuş netijesinde sözleriň içinden garrylyk bilen baglanşyklylary has çalt tapawutlandyrýandyklary ýüze çykýar. Ýagny garrylyk düşünjesi garrylyk öýkünmesine sebäp bolýar, edil şonuň ýaly hem garrylyk öýkünmesi garrylyk düşünjesini oýarýar.

Geliň indi ýene bir eksperimende göz aýlalyň. Bu gezekki eksperimendimizde-de iki topar bar. Iki topara-da galam berýärler. Bir topara galamy gapdal şeklinde dişlemegini soraýarlar, gapdal şekilde ortasyndan dişlenen wagty ýüzümizde ýasama-da bolsa bir ýylgyryş emele gelýär. Ikinji topardan bolsa galamy haýsydyr bir uç böleginden, ýüzümize göni durjak şekilde dişlemegi soralýar. Bu ýagdaýda bolsa ýasama-da bolsa gaharjaň ýüz keşbi orta çykýar. Indi iki topara-da agzynda galam bar wagty gysgajyk bir gülkili multifilm görkezýärler. Galam arkaly ýasama ýylgyryşa eýe bolan toparyň ýasama gaharly görünýän topardan has köp gülendigi ýüze çykýar. Gaty täsin ýagdaýda, ýüz muskullarymyzyň şekli biziň daşky gurşawdaky wakalary nähili kabul etjekdigimize täsir edýär. Diýmek dowamly ýylgyrmagy ündeýän paýhaslylaryň aýdýanlarynyň ugrunda bar eken :)

Indi bolsa makalamyzyň iň gyzykly bölümine geldik. Hemişeki ýaly iň gyzykly ýerini iň soňuna goýdum. Pul bilen primelanmak adamlara nähili täsir edýär? Has köçe dilinde aýtsak - Pul adamyny nädip taşlaýar? Bärdäki pul göni nagt puluň bolmagy däl-de, pul düşünjesiniň bolmagy. Alymlar ilki bilen toparymyzy pul bilen primelamana başlaýarlar. Mundan öňki eksperimentlerdäki usul ýaly içinde pul bilen baglanşykly sözler bolan ýumuşlar buýrulýar. Barlag işi geçirilýän otagda stoluň üstüne pul bilen baglanşykly oýnawaç-bezegler ýerleşdirilýär. Otagdaky kompýuterde-de pul bilen baglanşykly suratlar goýulýar. Elbetde muny toparyň gözüne beter batmajak şekilde ýerleşdirýärler. Toparymyz pul bilen primelandy we mundan soňky ýumuşlara taýýar. Indiki ädimde kynrak ýumuş berilýär we çözüp bilmedik ýagdaýlarynda gyradaky kömekçilerden kömek sorap biljekdigi aýdylýar. Pul bilen primelanan adamlar primelanmadyklara garanyňda iki esse has köp wagt kömek soraman özleri dyrjaşýarlar. Sebäbi pul olary has garaşsyz bolmaga ymtyldyrýar. Bu eksperimentde pul bilen primelanan adamlaryň has egoist bolýandygy, ýagny pul bilen primelanmadyk adamlara garanyňda, kynçylyk çekýänlere has az kömek edýändikleri ýüze çykýar. Muny barlamak üçin şeýleräk eksperiment geçirýärler. Iki toparyň agzalarynyň öňünde-de tötänleýin ýaly edip bir adama elinden bir topbak galam gaçyrdylýar. Pul bilen primelanan adamlaryň has göwünsiz kömek edýändikleri ýagny olaryň beýlekilere garanyňda has az galam çöpleşýändikleri ýüze çykýar.

Başga bir eksperimentde bolsa iki toparyň agzalaryndan hem başga kiçiräk otaga geçmegini we otaga girjek adam bilen ikiçäk gürrüňdeşlik etmegini soraýarlar. Otagyň içine iki sany biri-birine bakyp duran oturgyç ýerleşdirilýär. Pul bilen primelanan adamlaryň oturgyçlary has daşraga süýşürip oturýandygy ýüze çykýar. Pul bilen primelanmadyk topar beýlekilere garanyňda garşysyndaka has ýakyn oturýarlar.

Umuman alanymyzda pul bilen primelanmak adamlarda indiwidualismi öjükdirýär, olar başgalary bilen gatnaşmaga, başgalara bagly bolmaga ýa-da başgalaryň isleglerini diňlemäge ýapyk bolýarlar.

Durmuşda bizi nämeleriň primelaýandygyna üns bereliň. Belkem özümiziňki hasaplaýan kararlarymyz, hereketlerimiz käbir primelaryň täsiriniň netijesidir.

Priming effect barada has içgin maglumat üçin Danniel Kahnemanyň “Thinking fast and slow” ýagny “Çalt we haýal pikirlenmek” atly kitabynyň 4-nji bölümine ser salyp bilersiňiz.

Ýaran Allamyradow.
33
228