1. Albert Einşteine haýsy döwletiň prezidenti bolmaklygy teklip edipdirler?
2. “Gara ölüm” diýip bilinýän ýokanç kesel 1347-1350-nji ýyllarda Ýewropa nireden aralaşýar we näçe göterim adam kesel zerarly ýogalýar?
3. Sezaryň belli sözleri (ýa sözlemimyka)? 4.Sezaryň döwründäki pullaryň ýüzünde haýsy sözlem ýazylýardy?
5. “Güneş karoly” lakamyny alan karol kim? (biraz kömek edeýin, fransuz karol bolmaly).
6. Hindi ýazary Rabindranat Tagor “Täç Mahaly” nähili sözler bilen taryplapdyr?
7. Napolýon Bonapartyň ýatýan otagynda kimiň portreti bardy?
8.Napolýonyň halaýan pionisti kimdi?
9. Winston Çurçilliň II jahan urşundan soň ýazan haýsy taryhy eseri Nobel baýragyna mynasyp boldy?
10. Ilkinji bolup sigareta garşy propaganda eden kim?
11. Wladimir Lenin ýaly Hytaýda kimiň jesedi mumýalanyp, halka görkezmek üçin goýulýar?
12. “Şeýtan Aýatlary”(1988) atly romanyň ýazary?