gulia_maksatmyradowna
19.01.2024 15:48
Kiçijik şazadanyň täze bir syryny açdym. 0l esli salym dymandan soň, morta bir sorag berdi. Megerem, bu onuň köp oýlanyp gelen netijesi bolmaly
.— Guzy gyrymsy agajyň pürüni iýýän bolsa, onda gülem iýýändir ol?
— Iýilýän zat bolsa duşundan geçenok öz-ä.
— Tikenli güllerem ýuwdup-ýalmaýýarmy?
— Hawa, tikenine-beýlekisine seredenok, janawar.
— Onda güle tikeniň näme geregi barmyş?Ynha, men şony welin bilemokdym. Öz işim bilen ber-başagaýdym: hereketlendirijidäki bir hyrly myh, teý, towladanokdy, şony açjak bolup hyklap durdum. Yagdaýym öwerlik däldi, bar zat çylşyrymlaşýardy, suwly gabymyň düýbi gömüberipdi. Mejbury gonuşymyň soňy eýgilik bilen gutarjak däl öýdýän.
— Tikeniň, heý, derkar zady barmy?Kiçijik şazada sowal berse, jogabyny alman elini ýakaňdan goýberenokdy. Sarsman duran hyrly myh meniň sabrymy synabilipdi. Günüme it aglaýan halyma, muňky näme diýsene, kelläme gelen pikiri aýdyp goýberdim:
— Tikeniň jinnek ýalam haýry ýok, güller ony ýöne gaharyna çykaraýýa.
— Bä, şeýlemidi asyl!
Ara ümsümlik düşdi. Soňam gaharlanybrak:
— O diýeniň-ä ynanmadym. Güller ejizje hem sa- daja. Olar özüni BATYRLYGA saljak bolýar. Tikenli bolsa, hemmeler özünden GORKAR öýdýä...
45
340
susom
19 Yanwar 2024
susom
19 Yanwar 2024
Tayler
19 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, agyz bekleýâňmi?
Tayler
19 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, aýsaaauu 😂
Tayler
19 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, toçnamy diýýân🤓
Tayler
19 Yanwar 2024
Tayler
19 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, 🤓nâtdi😃
Tayler
19 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, 😎dak onda açkini😃
Tayler
19 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, işlâp başlady öýtýân😃
Tayler
19 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, ony özüň bileňoga men nâdip bileýin😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.