gulia_maksatmyradowna
02.02.2024 20:50
Ajap surat deýin çarçuwa salyp,
Penjireden gördüm dünýäň ýüzüni,
Ýyldyzlar şalykda şagyzy bolup.
Gezipdirin aldap çaga göwnümi,

(Şagyzy diýeňde, geler gözegňe,
Britan perisi Ýelizaweta.
Ýok, ýok, aslym şa neslinden däl!
Heniz duşmadymam...
Ak atyna münüp, gelen Şazada.)

Kiçijik şagyzy bolup şalykda,
Gezipdirin ýyldyzlaryň astynda.
Asyl bilmändirin, ýyldyza bakyp,
Ýöräpdirin-ä men zemin üstünde.

Ýyldyz şagyzysy ulalyp bu gün,
Göz ýetirdi ýöränligne zeminde.
Dünýäni çarçuwa salnan suratda,
Men görmek isleýän, henizem, ýene!

Ulalsam-da aýap, çaga göwnümi,
Şagyzydyr öýtsün , goý, ol özüni.
Ýyldyzlara bakyp, Aýly gijede,
Arzuw etsin, ýene ýumup gözüni.
53
266
Tayler
2 Fewral 2024
Düşündim, sps@tmyigit76, @garlawac_,
tmyigit76
2 Fewral 2024
@myhman, bir post goýanyňdan soň 200 minutdan soň goýup bolýa
Tayler
2 Fewral 2024
@garlawac_, meň ikinji pstum goýulmady. Ýüklenýâr, garaşyň diýýâ. Soňam çykýa. Nm üçinkâ?
gulia_maksatmyradowna
2 Fewral 2024
@garlawac_, hmmmmm
Tayler
2 Fewral 2024
gulia_maksatmyradowna
2 Fewral 2024
Wah bilemzokdyk 🤦‍♀️ ýadymyzada düşmändirdäää 🤦‍♀️. Sag bol ýatladanyň üçin minnetdar)@garlawac_,
gulia_maksatmyradowna
2 Fewral 2024
@flowers_, hıh o kimmişin 😏 gaýtam o bizçe ýok 😂😂😂
kadyrowa
2 Fewral 2024
@gulia_maksatmyradowna, ha dogry👍🏻
gulia_maksatmyradowna
2 Fewral 2024
@kadyrowa, ýok men jigisi 😎🤘 dusiaň
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.