gulia_maksatmyradowna
11.01.2024 17:00
Beýläk geç Makedonskiý - Diogen (birazajyk pelsepe 4)

Eger gadym grek köçelerinde aýlanmak mümkinçiligiňiz bolsady, gelene geçene azar berip oturan bir gedaý görmegiňiz ahmaldy. Eddil şowagt eýdip beýdip Platony tapyp gedaýyň kimdigini soran bolsaňyz "Dälirän Sokrat" diýerdi, ýöne siz beýtmäň sebabi ol Sokrat däl. Adaty adama sorasaňyz oňa it diýerdi. Sizi kösäp oturman özüm aýdaýyn, ol Diogen(404-323 b.e.ö).

Sokratyň pikirlerini halany, ýöne gaty öte derejede durmuşa geçireni üçin Plato oňa "dälirän Sokrat" diýipdi. Indi bolsa oňa näme üçin it diýilýäni barada agzaly. Sinopada dogulan Diogen bir bankeriň ogly bolupdyr. Käbir gürrüňlere göra ýasama pul ýasany üçin Sinopadan kowulan Diogen gedaý galypdyr. Watanyndan jyda we gedaý galan Diogen, özüçe jemgyýet durmuşyny soraga çekip başlapdyr we "il näme diýerkä" düşünjesiniň juda manysyzdygyna akyl ýetiripdir. Şeýdip ol gedaýlygyndan lezzet alypdyr. Sebäbi jemgyýet bilen dünýewi ýaryşa girmekligiñ ejir berýänini, gedaýlykda bolsa bu aladalaryň hiçisiniň ýokdugyny añypdyr.

Şeýlelikde Diogen gedaýlygyna buýsanyp herkimi tankyt edip başlapdyr. Bu tankytlaryny köşkde, ybadathanada däl-de köçede edeni üçin, özem gedaý bolany üçin, her geçene üýrýäň diýen ýaly manyda it diýipdirler. Diogen bu täze lakamy barada pikirlenipdir, seredip görse itler beýle erbet jandarlar däl, üstesinede olar örän bagtly we wepaly. Şeýdip Diogen diňe bir öz lakamyny däl, ýüz ýyllar boýy ýolundan gitjek adamlaryñam lakamyny kabul edipdir. Şeýdibem bu pelsepäni özüne kabul eden adamlara "kinikler" ýagny "itler" diýlipdir.

Hatda Diogeniň zehiniň we pelsepesiniň abraýy şeýlebir galypdyr welin taryhyň iň uly liderlerinden Makedonskiý ony barlamak isläp onuň ýanyna gelipdir. Çyndanam terkidünýälige, öz pikirlerine şeýle wepalymyka diýip "Näme isleseň bereýin, men Beýik Makedonskiý" diýip teklip beripdir. Çeleginde gedaýlygyň keýpine ýatan Diogen " Beýläk geç Makedonskiý, günüñ şöhlesine böwet bolýañ. (Zadyñ gerek däl, asyl berleni almasañ bolýa.)" diýip jogap beripdir. Ýekeje sözlemde Makedonska güýjüniñ çägini görkezen Diogeniñ aklyna Makedonskiý haýran galypdyr. Soñam "Eger Makedonskiý bolmadyk bolsam, Diogen bolardym" diýipdir.
36
237
Tayler
11 Yanwar 2024
👍
ssulya
11 Yanwar 2024
Okey
ssulya
11 Yanwar 2024
Salam wideo paýlaşyp bolmayamy bu ýerde
lavinya_
11 Yanwar 2024
lavinya_
11 Yanwar 2024
@flowers_, Ana indi iýen ýalak boldum)) Baryşdyk:)
lavinya_
11 Yanwar 2024
@flowers_, wagtlaýynça küseýinmi onda size:(
Dusia
11 Yanwar 2024
@flowers_, nämäň şanyna?! Hatyja enemiz bn pygamberimiziň nika güni şu gün 😊
lavinya_
11 Yanwar 2024
@flowers_, Pişme maňadaaa:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.