Klasdaşlarym (degişme😁)
11 ýyl 1 synpda okap bileje,
Oýunlar oýnardyk gülşüp çalaja,
Klaskomyň sözün diňläp diňeje,
Şeýle bir şadyýan klasdaşlarym.
Kliçka dakardyk birek-birege,
Ne gözel atlarnyň işini görüp.
\"PM, Gara, Keşa\" biri bolsa \"Nigreşka\"
-diýip gülüşerdik klasdaşlarym.
Gyzlar-a oturar öz ýerlerinde,
Oglanlaň ýerlerne suw çykan ýaly.
Rezinden ok atyp birek-birege,
Şeýlebir garagol klasdaşlarym.
Herimiz bir dersi ýürekden söýüp,
Şol dersiň mugallymny halypa saýyp,
Diňe şol kitaby elimize alyp,
Olimpist bolardyk klasdaşlarym.
Fizikadan barlag işi berlende,
Ökdeler işlärdi kellesin döwüp.
Mugallym käýese-de \"göçürtmäň!\" diýip,
Gizlenip göçüren klasdaşlarym
Himiýa dersini kellä geýerdik,
Zamaskany pyrlap, d с(doğruluk , сesaret) oýnardyk.
Eğer birden ujy mugallyma baksa ,
Mugallymy gürleden klasdaşlarym.
Birden biologiýa gelmese mugallym,
Klasda uçardy ýürekdir öýken.
Sergide duran gurçugy alyp,
Gyzlary gorkuzan klasdaşlarym .
Algebrada oturardyk gyz- oglan,
Partadaşlar kikirdeşip, gülüşip.
Şol dersiň nädip geçenini bilmän,
45 mint geçiren klasdaşlarym.
Ine-de türkmen dili edebiýat,
Hiç kimiň çykanok sesi hem üýni.
Käsi morfologiýa, käsi sintaktik,
Derňew edip başagaý klasdaşlarym.
Gyzlara utanyp sport eşigini ,
Geýmekligiň asla pikirnem etmez.
Oglanlaram aýryp tahýa, galstugny,
Woleýbol oýnardyk klasdaşlarym.
Informatika gijä galyp sähelçe,
Gykylyk eşderdi klasdaşlarym.
Watan habarlary aýdyp bilmesek,
45 mint dik durarys klasdaşlarym.
Herimiz aýratyn ýatlama bolup,
Bir-biregiň ýüreginde ýer etdik.
Gyzykly ýatlamam bolanňyz üçin,
Men size minnetdar klasdaşlarym.
Toýly günlermizde barşyp-gelişip,
Bagt toýlarda gülşüp, tans edişip,
Perzent, agtyk, ýuwluk toýda görüşip,
Gatnaşyp duralyň klasdaşlarym.