gula
26.01.2024 09:59
Seni ýatlap ýene goşgy ýazaýsam
Aýralygyň heňin çalar setirler
Alyslara alyp giden ykbalym
Senli geçen günlerimi getirmez

Senden asla habar gelmez negada
Meñ halymam hiç kes saňa ýetirmez

Ýöne velin degäýseler gövnüňe
Ýada pynhan gözýaş dökseň gijeler
Saňa bolan çaga deýin yhlasym
Halyň sorap,tesseli bor düýşüňe
...Çekerin men uzaklardan derdiňi
Nesibämde ýazylmadyk bolsaňam
Sen bolaňsoň ähli galan mydary
Bir mahalky arzuvy kän gursagyň

Unudamok
unudammok henizem
Seni dünýäm...
dünýä deňäp söýüpdüm
Ýadyňdamy,ezizläpler,ezizim:
"Seň adyňda Allaň ady ýazylgy,
Özüňdenem adyň govy"diýipdiň.

Bary geçdi...
boşap galdy barlygym
Indi dünýäň kaýyllygyna getirmän
tesellisin,ýatlamasyn, gujaklap
Aglaşyp dur sen hakdaky pikirlem.

Avtory:Allanur Çaryýew
33
63
gula
08.01.2024 17:23
Ogulgurban Jumayyewa:
Gynanarmyň eger "TOÝUM BAR"diýsem
Seni söýýänligmi aňmasaň bolýa
Bir giden sözleri sözleseňem hiç
Aýdanymda doňup galmasaň bolýa

Maksat Şakirow:
Bir pursat doňaryn "TOÝUM BAR"diýseň
Seň söýgiňi sözleriňden aňaryn
Sözleň aytmasada,gözleriň aýdar
Umman deý gözüň daşgyn salaryn

Ogulgurban Jumayyewa:
Gynanarmyň eger"TOÝUM BAR"diysem
Ýa-da "MEŇKEM"diyip alarmyň aryň
"BAGTLYJA BOL"diyip soňlansa sözleň
Ýüregme ýüklärsiň dünýäň azaryn

Maksat Şakirow:
Bir oýa bataryn "TOÝUM BAR"diýseň
Sebäp söýgüm,seň söýgüňe laýyk däl
Saňa bagty berip bilmejek bolsam
Söýgiliňe bagt dilemek aýyp däl

Ogulgurban Jumayyewa:
Gynanarmyň eger"TOÝUM BAR" diýsem
Aglasaň aglaryn,gülseň gülerin
Aýdanymda dymsaň,ýylgyran bolup
Şonda gynanýanyň anyk bilerin

Maksat Şakirow:
Bir pursat dymaryn"TOÝUM BAR"diýseň
Bu sözüme gövnüň daglamajak bol.
Sen bagtly bolsaň,meniň bagtym şol
Aglasam-da sen bir aglamajak bol...!

Avtor: Ogulgurban Jumayyewa ve Maksat Şakirow
36
110
gula
31.12.2023 17:02
Egerde sovaşsam bilmersiň aňyp
Dünýäňe girşim deý ýitip giderin
Şonda sen ömrüňe başgasyn daňyp
Ykbalyň oýnunda solup gidersiň

Pikir et azyrak söýgimiz hakda
Men ýaly aýajak barmy,bir ba:kda
Bar bolsa eglenme bagtyňy çatda
Geljegiňi saýala eglenme çakda

Sen bilmeyaň hijem meniň gadrymy
Bilseňem giç bolar ökünme asla
Pelek geljegiňi guma gardymy
Garz,urup ýanarsyň lovlaýyp has:-da...

Avtor:Övezgeldi Ataýew
30
69
gula
30.12.2023 18:12

Sypala başymy,süpür ýaşymy

Haýyş sebäbini sorama enem

Meni ähli güýjüň bilen gujakla

Meniň bu bolşumy ýatlama soňam


Bir sözüňe paýrap gider gözýaşym

Sojap sojap demim yetmez demime

Kösäp soňam çykyp gitmese janym

Eziz enem,eliň ýetmez emime


Ynan-daa sözlermi gülkä sapanma

Sen bilme,täleými çövre geýenmi

Men neneň aýdaýyn nädip aýdaýyn...

Men ony mensizem bagtly görenmi


Bilme sen,binesip elimden taýyp

Giden duýgularmyň batan tygyny

Arassa duýgular ýüzüňi däl-de

Gyzardyp taşlaýar gözüň agyny


Sypala başymy süpür ýaşymy

Haýyş sebäbini sorama enem

Meni ähli güýjüň bilen gujakla

Meniň bu bolşumy ýatlama soňam...


Avtory:Ogulnur Ataýewa

24
93
gula
19.12.2023 15:30
Tapylmaýan zat kän ahyr,gözleseň
Seni ykbal bu hallara dözmesin
Meň duýanmy ýüregiňden süzmeseň
Aglasam agyma goşulmarsyň sen.

Çyna berimsiz söz,duýulýar solgun
Yşk içiňi ýakar,daşyňy tengin
Ýüregmiň oduny öçürsem,bilgin...
Doňarsyň müň ýyllap çözülmersiň sen

Herkim bir hyýalda bolmaz-a beýle
Gapyrga egridir,neýleseň neýle
Sen asyl mydama, mydama şeýle
Maňa hiçhaçanam düşünmersiň sen

Avtor:Ogulnur Atayyewa
31
60
gula
18.12.2023 22:06

Her kim öz bagynyň mivesin ýolsun

Özgäniň hakyna gözün dikmesin

Ÿekeje islegim(belki hetdim däl!)

Herkim öz nebsini halal eklesin


Gövün berip söýen ýekeje ýarym

Her näme bolsa bolsun,doldursun ýanym

Ölümiň oýnuna terk edip janym

Menden geçip özge ýara gitmesin


Bugün meň mährimden mähir alanlar

Ertesi senariýa ýazya ady:"ÝALANLAR"

Ýüzüme ýylgyryp bakan ýylanlar

Erte töre geçip gepim etmesin


Dost diýip dostdanam öte görenim

Bir saçakda halal duzy iýenim

Kä bile aglanym,bile gülenim

Arkamdan hiç haçan hanjar sokmasyn


Mydam duçar etýän gazap-gahara

Seni duşurýanamagyr hesere

"Tanyşlaň-bilişleň"-asyl mesele

Saklasyn her ynsan,bolan sarpasyn!


Avtory:Gövher Şyhberdiýeva

37
51
gula
13.12.2023 02:40

Hoş gal indi meniň eziz syrdaşym

Gitseň söýgüň bilen bile göçüp git

Ýöne maňa hergiz sataşan çagyň

Keseki diý "Salam"diýdi geçip git


Şatlyk derýasynyň süýji suvundan

Al dirikäm meň paýymam içip git

Hasratdan ýaşaran gözlermi görseň

Görmedik bol,hem ýylgyrda geçip git


Men bolaýyn ýeke galan biçäre

Al gabatym,Laçyn kimin uçup git

Arzuvlarmyň gyryk ganatyn görseň

Ba:tly dälde,bagtly bolup geçip git


Soňra gyzlyk ýyllaň geçen öýüňde

Elýalygňa gözýaşyňy seçip git

Geljekki ýoldaşyň elinden tutup

Ak fataly hiçzat diýmän geçip git


Onsaň sen barada hiçzat ýazmaryn

Sa:lgym atyp menden ara açyp git

Haçanda şo:l ýatan söýgüň diýseler

"Menä tanammok"diý ýöne geçip git...


Avtor:Kemal Meretdurdyýew

35
47
gula
11.12.2023 00:48
Sen bagty däl,bagtyň seni kovalar
Egrä-dogry bolsaň,ýamana-ýagşy.
Zehiniň bar bolsa,köýdürme,çünki...
Bilbil ýok ýerinde,gargalar bagşy

"Sen pes"diýip kiçeltseler diňleme
Beýikdekä,ses eşitmez beýikler
Ýalňyş yerde görkezilmez ukybyň
Goýun bilen ýaryşmaýar keýikler

Haýbat bilen ýapma,çykan gapyňy
Soňra ýüregiňde galmasyn düvün
Özüňden sovatsaň gorkuber çünki
Müň şahyr dillense ýylanmaz gövün

Ýitirmänkäň ýatla,ýitirmänkäň söý
Ýaşamaklyk üçin söýülmek gerek
Vagtynda suvlanman solan gülleriň
Üstünden yagyş ýagsada biderek...

Avtor: Durdygylyc Yarjanov
22
36
gula
06.12.2023 21:37
Men şygyrlar ýazsam guçup dünýäni
Söýgüm hemmelere deňdir öýdersiň
Buz bolan aýnaňy kakanda şemal
Umyt bilen bakyp mendir öýdersiň

Menmikäm öýdersiň geläýse biri
Küýsändek küýsärsiň meýdan ýazyny
Mendir öýdüp ýürek sansyzja urar
Tele habar gelip çalsa sazyny

Boş hyýala baglanarsyň ömür boý
Tisginip bakarsyň tutulsa adym
Şonda öz-özüňe ýüregiň awap
Gyzygyda galmaz ählije zadyň

Soň na:lap başlarsyň umydyň sönmez
Ýöne diýmersiň sen hany ol wadaň?!
Ýüregiň ornuna başga zat durar
Hemme zady mendir öýdersiň sa:dam

A men bolsa bolmasyn hiç haýsysy
Gidemden soň ýylgyrmarsyň gülmersiň
Garaşarsyň meni isleýä diýip
Islenýäniň özüňdigiňi bilmersiň...

Avtor: Ogulgurban Jumaýewa
20
21
gula
01.12.2023 19:41
Senden garaşypdym bir jübüt sözlem

Şinnem diýip bilmen,kalbyň döverin

Indi ýakynymdan baksada gözleň

Ýitiren ýyllarmyň dolmaz övezin


Käte gedaý,käte liderem durmuş

Kä minnetli aşy iydiren durmuş

\"-Ykbalda bar eken...\" diýdiren durmuş

Ýitiren ýyllarmyň dolmaz övezin


Maňlaýy gasynlar,ykbal ýol aşyp

Söýüpdüm vagtynda,derýa deý daşyp

Indi meźnun ýaly bolsaň-da aşyk

Ýitiren ýyllarmyň dolmaz övezin!


Avtory: Ogulgurban Jumaýewa
32
39