Senden garaşypdym bir jübüt sözlem
Şinnem diýip bilmen,kalbyň döverin
Indi ýakynymdan baksada gözleň
Ýitiren ýyllarmyň dolmaz övezin
Käte gedaý,käte liderem durmuş
Kä minnetli aşy iydiren durmuş
\"-Ykbalda bar eken...\" diýdiren durmuş
Ýitiren ýyllarmyň dolmaz övezin
Maňlaýy gasynlar,ykbal ýol aşyp
Söýüpdüm vagtynda,derýa deý daşyp
Indi meźnun ýaly bolsaň-da aşyk
Ýitiren ýyllarmyň dolmaz övezin!
Avtory: Ogulgurban Jumaýewa