Hoş gal indi meniň eziz syrdaşym
Gitseň söýgüň bilen bile göçüp git
Ýöne maňa hergiz sataşan çagyň
Keseki diý "Salam"diýdi geçip git
Şatlyk derýasynyň süýji suvundan
Al dirikäm meň paýymam içip git
Hasratdan ýaşaran gözlermi görseň
Görmedik bol,hem ýylgyrda geçip git
Men bolaýyn ýeke galan biçäre
Al gabatym,Laçyn kimin uçup git
Arzuvlarmyň gyryk ganatyn görseň
Ba:tly dälde,bagtly bolup geçip git
Soňra gyzlyk ýyllaň geçen öýüňde
Elýalygňa gözýaşyňy seçip git
Geljekki ýoldaşyň elinden tutup
Ak fataly hiçzat diýmän geçip git
Onsaň sen barada hiçzat ýazmaryn
Sa:lgym atyp menden ara açyp git
Haçanda şo:l ýatan söýgüň diýseler
"Menä tanammok"diý ýöne geçip git...
Avtor:Kemal Meretdurdyýew