Sen bagty däl,bagtyň seni kovalar
Egrä-dogry bolsaň,ýamana-ýagşy.
Zehiniň bar bolsa,köýdürme,çünki...
Bilbil ýok ýerinde,gargalar bagşy
"Sen pes"diýip kiçeltseler diňleme
Beýikdekä,ses eşitmez beýikler
Ýalňyş yerde görkezilmez ukybyň
Goýun bilen ýaryşmaýar keýikler
Haýbat bilen ýapma,çykan gapyňy
Soňra ýüregiňde galmasyn düvün
Özüňden sovatsaň gorkuber çünki
Müň şahyr dillense ýylanmaz gövün
Ýitirmänkäň ýatla,ýitirmänkäň söý
Ýaşamaklyk üçin söýülmek gerek
Vagtynda suvlanman solan gülleriň
Üstünden yagyş ýagsada biderek...
Avtor: Durdygylyc Yarjanov