Ogulgurban Jumayyewa:
Gynanarmyň eger "TOÝUM BAR"diýsem
Seni söýýänligmi aňmasaň bolýa
Bir giden sözleri sözleseňem hiç
Aýdanymda doňup galmasaň bolýa
Maksat Şakirow:
Bir pursat doňaryn "TOÝUM BAR"diýseň
Seň söýgiňi sözleriňden aňaryn
Sözleň aytmasada,gözleriň aýdar
Umman deý gözüň daşgyn salaryn
Ogulgurban Jumayyewa:
Gynanarmyň eger"TOÝUM BAR"diysem
Ýa-da "MEŇKEM"diyip alarmyň aryň
"BAGTLYJA BOL"diyip soňlansa sözleň
Ýüregme ýüklärsiň dünýäň azaryn
Maksat Şakirow:
Bir oýa bataryn "TOÝUM BAR"diýseň
Sebäp söýgüm,seň söýgüňe laýyk däl
Saňa bagty berip bilmejek bolsam
Söýgiliňe bagt dilemek aýyp däl
Ogulgurban Jumayyewa:
Gynanarmyň eger"TOÝUM BAR" diýsem
Aglasaň aglaryn,gülseň gülerin
Aýdanymda dymsaň,ýylgyran bolup
Şonda gynanýanyň anyk bilerin
Maksat Şakirow:
Bir pursat dymaryn"TOÝUM BAR"diýseň
Bu sözüme gövnüň daglamajak bol.
Sen bagtly bolsaň,meniň bagtym şol
Aglasam-da sen bir aglamajak bol...!
Avtor: Ogulgurban Jumayyewa ve Maksat Şakirow