Men şygyrlar ýazsam guçup dünýäni
Söýgüm hemmelere deňdir öýdersiň
Buz bolan aýnaňy kakanda şemal
Umyt bilen bakyp mendir öýdersiň
Menmikäm öýdersiň geläýse biri
Küýsändek küýsärsiň meýdan ýazyny
Mendir öýdüp ýürek sansyzja urar
Tele habar gelip çalsa sazyny
Boş hyýala baglanarsyň ömür boý
Tisginip bakarsyň tutulsa adym
Şonda öz-özüňe ýüregiň awap
Gyzygyda galmaz ählije zadyň
Soň na:lap başlarsyň umydyň sönmez
Ýöne diýmersiň sen hany ol wadaň?!
Ýüregiň ornuna başga zat durar
Hemme zady mendir öýdersiň sa:dam
A men bolsa bolmasyn hiç haýsysy
Gidemden soň ýylgyrmarsyň gülmersiň
Garaşarsyň meni isleýä diýip
Islenýäniň özüňdigiňi bilmersiň...
Avtor: Ogulgurban Jumaýewa