gula
26.06.2024 22:10
Nesibämden cykman geçdi bijeler
Halys bolyan,juda iräýjek ýaly
Käte uklamaga gorkyan gijeler
Düýşüme ýene sen giräýjek ýaly

Bivepa söýgüden ýitiren sarpam
Dert baryn üstüme süräýjek ýaly
Oýumda,hyýalda,barybir barkaň
Düýşüme ýene sen giräýjek ýaly

Heşelle kakýarsyň,gije ýatyrman
Unutsam kalbymda çüýräýjek ýaly
Bövet bolup ak daňlaryň atarna
Düýşüme ýene sen giräýjek ýaly

Surnugan şemal dek,aýnamdan bakyp
Azaşyp maňlaýyň diräýjek ýaly
Synan ýüreklerimiň aýnasyn kakyp
Düýşüme ýene sen giräýjek ýaly

✍🏻: Ogulgurban Jumaýeva
24
57
gula
26.06.2024 10:33
"Jezala diýýärsiň",dolanyp yza
Şonuň özi saňa jeza dälmidir
Seredendeý seret indi,del gyza
Şonuň özi saňa jeza dälmidir

Terk etdi ýüregmi gysan şov-şovy
Aýryldy aradan öýkäniň tovy
"Govmy"-soragyňa diýäýsem "-govy"
Şonuň özi saňa jeza dälmidir

Bagyşla meňzeýän bolsam zalyma
Sovulsam,diýmesem,çykma ýoluma
Gynansam seredip,seniň halyňa
Şonuň özi saňa jeza dälmidir

Indi mähribanym,ýollarmyz ala
Galypdy,yzyňda,ejizje bala
Hat-da gargamadym yzyňdan nalap
Şonuň özi saňa jeza dälmidir

Avçym sen diýip,göýä keýikdim
Bilseň meniň üçin şeýle beyikdiň
"-Söýýäňmi" diýeňde diýsem"-söýüpdim"
Şonuň özi saňa jeza dälmidir!

✍🏻: Ogulgurban Jumaýeva
22
33
gula
25.06.2024 22:16
Sen, pardon siz demeliydim, siz kaç yüzlüydünüz! Ben yanlışlıkla hanginizi sevdim. - Özdemir Asaf

Kaybedeceğini bile bile neden mücadele ediyorsun dedi, öleceğini bile bile yaşadığını unutmuştu o an. Bozmadım. - Özdemir Asaf

İnsan mı paraya bağlı, para mı insana bağlı? Bu, insana bağlı. - Özdemir Asaf

Herkes fazlasıyla sevmiş. Ben eksikleriyle de sevdim oysa. - Özdemir Asaf

Dünyanın en güzel ritmi; onun senin için çarpan kalbidir. - Bob Marley

Senin için mücadele etmeyen insan, sadece gitmeni bekliyordur. - Bob Marley


Gerçek şu ki, herkes seni incitecek. Yapman gereken tek şey, acı çekmeye değer birini bulmak. - Bob Marley

Eğer o muhteşemse, kolay olmayacak. Kolaysa, muhteşem olmayacak. Eğer ona değerse, vazgeçmezsin. Vazgeçersen, sen değmezsin. - Bob Marley

Belki de ayrılık, yeterince sevmeyenler için bir sondur. Çünkü bittiğinde gitmek kolay; ama aşk ayrılıkta belli olur. - Bob Marley
23
64
gula
25.06.2024 14:22
Ýok bolsa söýgüden gaçmaga vagtyň
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?
Gaşyňa gelende,göz süzen bagtyň
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?!

Söýgi hiç bir zady duranok geňläp
Ýaraly ýüregi berende,emläp
Kalbyňda bar vagty bir giden emläk
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?!

Görüp gözler bilen yşgyň känini
Yşgyň ummanynda ýüzseň gämili
Duýsaň gara gözden,söýülýäniňi
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?!

Söýüldiň,söýüldiň, söýüldiň, aşa
Yhlasyň hak bolsa,gül biter daşa
Seredip yşk üçin dökülen ýaşa
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?!

Aldovçy gözleriň dursada ýarap
Diýip bilemmok men,hallarym harap
Seni söýdüm diýsem,gözlerňe garap
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?!

✍🏻: Ogulgurban Jumayyeva
25
189
gula
13.04.2024 17:33
Sizde 3 zady gorup bilýän adamy gadyrlaň
*Ýylgyrşyň arkasyndaky gaygyny
*Gaharyň arkasyndaky söýgüni
*Dymmaklygyň arkasyndaky manyny!
36
84
gula
14.02.2024 15:12
Jaň gidenok saňa telefonumdan
Ýa-da olam bize düşündimika
Ýa ikimiz üçin guran bagtym
Üçinji birisi goşuldymyka?!

Kem-kemden daşlaşýaň duýýaryn ony
Ýoluň açyk bolsun,seni saklammok
Nämäni bagt saýýaň,bilmeýän emma,
"Bagta baryan ak ýoluňy"beklämok

Menem näme,şeýdip gezer ýörerin
Ýatlamalar bilen içim hümledip
Mende söýgi ýeke täkdir durmuşda
Wyźdan hakda,bilmen saňa deňleşip..!

Ýok dolanma muň bilenem övrenşer
Öňem ýara bilen eýlenen ýürek
Maňa ýekeligim juda mähriban
Seň ýalanlaň bilen ýaşanma derek


Avtor:Täzegül Batyrowa
24
55
gula
05.02.2024 08:38
Kalbyň çekiwersin ençe jepany
Ne bolsada kaýyl bolup geçersiň
Ykbalyňy baglap baran ýaryňa
Şonuň üçin bütün ömrüň dözersiň

Gözleň döküwersin üznüksiz ýaşy
Hiczat bolmadyk deý ýene gülersiň
Men bagtly diýersiň eger soralsa
Ýöne ýetmedigiňi gizlin söýersiň

Ýaşarsyň maşgalam,çagalam diýip
Bir gezekde müň hyýala çümersiň
Oguldyr,gyzyňa dakyp adyny
Her pursatda armanyňa köýersiň

Ýyllar geçibersin alyp aryny
Söýmersiň diyjek däl ýene söýersiň
Emma anyk bilyan yekeje zady
Ýürekdäkiň bilen bile ölersiň

Avtor:Enejan Babakulova
22
38
gula
02.02.2024 22:06
Durmuş-soňy belli bolmadyk bir ýoldur.Öňüňden haçan nämäniň çykjagyny bilmersiň.Käte birzatlary alar senden,saklap bilmersiň.Käte bolsa durmuşyň saňa berenlerinden gaçmak islärsiň,gaçyp bilmersiň.Şeýledir durmuş,düşünmersiň ve şeýle bir hakykat bardyr:Kynçylygy görmän bagta ýetmersiň

###
23
60
gula
29.01.2024 17:30
Bagyşla
Gussamy saldym goşgyma
Ýazdy söýen kalbym herbir bendini
Vah,ömrüme geldi ajy gaýgylar
Ýa ejiz ýüregim gaýga gitdimi

Agyr geçdi bu ýyl gelen aýazym
Sen bererdiň maňa ýyly mähriňi
Gar ýagdy,bagtdan ýaňlandy sesim
Şol ses bilen berdik söýgüň ähtini

Ýok,şuwagtam ähtim pozammok
Emma hakym ýokdur özgäň ojagyna
Men ýöne...gardaky söýgä ynandym
Öýdüpdüm bagtymyň baky boljagna

Adyň gara ýazdym,emma bir gar däl
Yazdym gursagyma adyň ezizläp
Men nädeýin ýürek seniň zaryňda
Bagyşla,men galdym indi ejizläp

Ýatlamda,çepimde agy sesler bar
Ýöne ş:ol suratda sessizje gülýäň
"Düşündiňmi"diýip kalbym seslenýär
Düşündüm,...dirikäm ölübem bilýän

Avtor:Jemşit Hajymammedow
26
48
gula
28.01.2024 20:34
Besdir indi birje galdyr başyňy
Bir zatlar diý ahyr?Näme üçin dymýaň
Häzir seniň karta-karta gözýaşyň
Ezizim köz bolup,bagryma damýar...

Örtenýärin,özelenýän,ökünýän
Ýokmy indi sözlerimiň haýry ýa?
Hiçbir bagta mynasyp däl ekeni
Bu durmuşda gözelligi harlaýan

Meniň bu bolşumy gövnüňe alma
Goýaý indi,diňsi deý ýaz ýagşynyň
Haýyş edýän meniň bilen deň bolma
Başarsaň, bagyşla meni bagyşla!

Sen günäkär dälsiň dargursaklygma
Gül ýüziň soldurma,besdir aglama!
Ýaşa gözel bolup, has gözel bolup
A gözellik elmydama mamladyr!

Avtor:Annamuhammet Kirşenov
29
66