gula
05.02.2024 08:38
Kalbyň çekiwersin ençe jepany
Ne bolsada kaýyl bolup geçersiň
Ykbalyňy baglap baran ýaryňa
Şonuň üçin bütün ömrüň dözersiň

Gözleň döküwersin üznüksiz ýaşy
Hiczat bolmadyk deý ýene gülersiň
Men bagtly diýersiň eger soralsa
Ýöne ýetmedigiňi gizlin söýersiň

Ýaşarsyň maşgalam,çagalam diýip
Bir gezekde müň hyýala çümersiň
Oguldyr,gyzyňa dakyp adyny
Her pursatda armanyňa köýersiň

Ýyllar geçibersin alyp aryny
Söýmersiň diyjek däl ýene söýersiň
Emma anyk bilyan yekeje zady
Ýürekdäkiň bilen bile ölersiň

Avtor:Enejan Babakulova
22
38
gula
25 Iýun 2024
@mandarin, minnetdar
mandarin
5 Fewral 2024
Salam gulay gutysh hewesjen bolupsyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.