Jaň gidenok saňa telefonumdan
Ýa-da olam bize düşündimika
Ýa ikimiz üçin guran bagtym
Üçinji birisi goşuldymyka?!
Kem-kemden daşlaşýaň duýýaryn ony
Ýoluň açyk bolsun,seni saklammok
Nämäni bagt saýýaň,bilmeýän emma,
"Bagta baryan ak ýoluňy"beklämok
Menem näme,şeýdip gezer ýörerin
Ýatlamalar bilen içim hümledip
Mende söýgi ýeke täkdir durmuşda
Wyźdan hakda,bilmen saňa deňleşip..!
Ýok dolanma muň bilenem övrenşer
Öňem ýara bilen eýlenen ýürek
Maňa ýekeligim juda mähriban
Seň ýalanlaň bilen ýaşanma derek
Avtor:Täzegül Batyrowa