gula
25.06.2024 14:22
Ýok bolsa söýgüden gaçmaga vagtyň
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?
Gaşyňa gelende,göz süzen bagtyň
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?!

Söýgi hiç bir zady duranok geňläp
Ýaraly ýüregi berende,emläp
Kalbyňda bar vagty bir giden emläk
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?!

Görüp gözler bilen yşgyň känini
Yşgyň ummanynda ýüzseň gämili
Duýsaň gara gözden,söýülýäniňi
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?!

Söýüldiň,söýüldiň, söýüldiň, aşa
Yhlasyň hak bolsa,gül biter daşa
Seredip yşk üçin dökülen ýaşa
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?!

Aldovçy gözleriň dursada ýarap
Diýip bilemmok men,hallarym harap
Seni söýdüm diýsem,gözlerňe garap
Çyndan söýmekligi islemezmidiň?!

✍🏻: Ogulgurban Jumayyeva
25
189
fl_ower
26 Iýun 2024
🥰❤️
idabdy
25 Iýun 2024
@gula, aýratyn görkezäý diýip ýöne degşip aýtdym ýöne gaty gowy ýazypdyr
idabdy
25 Iýun 2024
@gula, 👍👍şu ikisi saňa, 👍👍👍❤️❤️şu bäşisäm O.Jumaýewa
idabdy
25 Iýun 2024
@gula, kyn görmeseň maňa aýratyn görkezäý şonuň goşgylaryny
idabdy
25 Iýun 2024
@gula, ok düşündim
idabdy
25 Iýun 2024
@gula, ýöne dogrymy aýtsama şu öwrenmelide iň halan goşgym şu Islemezmidiň
idabdy
25 Iýun 2024
@gula, ýene bir post goýupdum düýn agşam integem çykanok
idabdy
25 Iýun 2024
@gula, hä
idabdy
25 Iýun 2024
@gula, sagbol hemmämimize üstünlik
idabdy
25 Iýun 2024
@gula, sen postymy okapdyňmy goşgulardaky
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.