gula
29.01.2024 17:30
Bagyşla
Gussamy saldym goşgyma
Ýazdy söýen kalbym herbir bendini
Vah,ömrüme geldi ajy gaýgylar
Ýa ejiz ýüregim gaýga gitdimi

Agyr geçdi bu ýyl gelen aýazym
Sen bererdiň maňa ýyly mähriňi
Gar ýagdy,bagtdan ýaňlandy sesim
Şol ses bilen berdik söýgüň ähtini

Ýok,şuwagtam ähtim pozammok
Emma hakym ýokdur özgäň ojagyna
Men ýöne...gardaky söýgä ynandym
Öýdüpdüm bagtymyň baky boljagna

Adyň gara ýazdym,emma bir gar däl
Yazdym gursagyma adyň ezizläp
Men nädeýin ýürek seniň zaryňda
Bagyşla,men galdym indi ejizläp

Ýatlamda,çepimde agy sesler bar
Ýöne ş:ol suratda sessizje gülýäň
"Düşündiňmi"diýip kalbym seslenýär
Düşündüm,...dirikäm ölübem bilýän

Avtor:Jemşit Hajymammedow
26
48
salim
19 Mart 2024
🌹🌜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.