"Jezala diýýärsiň",dolanyp yza
Şonuň özi saňa jeza dälmidir
Seredendeý seret indi,del gyza
Şonuň özi saňa jeza dälmidir
Terk etdi ýüregmi gysan şov-şovy
Aýryldy aradan öýkäniň tovy
"Govmy"-soragyňa diýäýsem "-govy"
Şonuň özi saňa jeza dälmidir
Bagyşla meňzeýän bolsam zalyma
Sovulsam,diýmesem,çykma ýoluma
Gynansam seredip,seniň halyňa
Şonuň özi saňa jeza dälmidir
Indi mähribanym,ýollarmyz ala
Galypdy,yzyňda,ejizje bala
Hat-da gargamadym yzyňdan nalap
Şonuň özi saňa jeza dälmidir
Avçym sen diýip,göýä keýikdim
Bilseň meniň üçin şeýle beyikdiň
"-Söýýäňmi" diýeňde diýsem"-söýüpdim"
Şonuň özi saňa jeza dälmidir!
✍🏻: Ogulgurban Jumaýeva