gul✿
19.06.2024 13:14
Arzuwlar hiç mahal tükenmeýär. Dünýä durmuşyndaky wakalar, aý -günler, döwürler bu hakykaty bize gaýta-gaýta ýaňzydýar, emma biz oňa gulak asamzok. Arzuw -maksatlary hasyl etmek üçin jadyly iki söz bar. Şol iki söz "Yhlas et " diýen sözlerdir " diýip (Rahmet Gylyjow) belleýär.
Indi arzuwlar baradaky sözlerden belläp alanlarymy siz bilen paýlaşaýyn:
~
... Mende bir arzuw bar hem gözel, hem kyn,
Köpden bäri ýüregimde besleýän.
Şu azat güneşde, açyk howada
Mydamalyk ýaşap galmak isleýän...
(Halyl Kulyýew)
~
Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyna deň bolýandyr miwesem...
(Mätgurban Mätgurbanow)
Käbir zatlaryň arzuwynda gezmek -şoňa ýeteniňkiden has ajaýyp...
(Kakamyrat Rejepow)
~
Asman giňişligi zerurdy maňa,
Hem onuň erkana ýüzýän buludy.
Uçup gitmekçidim çemini tapyp,
Ýaş iglandym, arzuwlarym uludy.
(Çary Ýegenmyradow)
~
Ynsandan öwüsýän sowuk şemallar
Arzuw-umyt şemlerimi öçürdi.
(Berdimyrat Bäşimow)
~
Ýokuş deger maksatlardan el çeksek,
Arzuwlar -bir, emma ýollar çaprazdyr.
Arzuwlarmy düýne berdim meýletin,
Gujak -gujak ahmyr aldym deregine.
(Aşyr Hanow)
~
Giç bolsa -da ahyr menem düşündim,
Bildim, ýok ekeni güýji arzuwlaň...
(Sapa Hommadow)
~
,,Alla bolmajak zady arzuw etmezmiş"diýilýär.
Meñ pikirimçe arzuw ruhumyzyñ iýmeti, ikisi bir-birine bagly zatlarmyka diýýän.
Goý garnymyzam aç galmasyn ýöne ruhumyz welin hemişe dok gezsin, hemmäñiziñ arzuwlaryñyzam arzuw bolup galmasyn!
(Gül)
21
107
gul✿
15.06.2024 21:10
Ağlamak için gõzden yaşmi akmali,
Dudaklar gũlerken, insan ağlayamaz mi?
Sevmek için gũzele mi bakmali,
Çirkin tende gũzel bir ruh, kalbi bağlayamaz mi?
Hasret; õzlenenden uzak mi kalmaktir,
Õzlenen yakindayken hicran duyulamaz mi?
•~•
Hirsizlik; para, mal mi çalmaktir,
Saadet çalmak, hirsizlik olamaz mi?
Solmasi için Gũlũ dalindan mi koparmali,
Pembe bir gonca iken Gũl dalinda solamaz mi?
Õldũrmek için silah, hançer mi olmali,
Saçlar bağ, gõzler silah, gũlũş kurşun olamaz mi?
°Victor Hugo
22
60
gul✿
07.06.2024 19:21
«Arzuwlar we ar almak ýaly duýgular akylyň sesini eşitmez».
***
,, Bir töhmet başga töhmetleriň döremegine sebäp bolar".
***
«Erkinlik daşarda bolsa, sürgünlik siziñ içiñizdedir.»
***
«Alla size bir ýüzkeşp beripdir, sizem oňa ýene birini goşmaň».
***
«Meniň düşünýänim seniň sözleriňdäki gazapdyr, o sözleriň Manysy Däl».
***
«Seni söýýän sözi hem adamy irizip biler».
***
«Käbir ýykylmalar, ajaýyp turmalaryñ häsiýetlendirjisidir».
***
«Ýara bilen oýun eder, ýaralanyp görmedik adam…».
***
«Günäli kelle sübhäniň hemişe ýüz Tapýan ýeri».
***
«Size galan iñ gymmatly miraslaryñ hiç biri dogryçullyk ýaly gymmat bolup bilmez».
***
«Geplemänkäň oňatja pikirlen, gepläniňden soň pikirlenmeziň ýaly».
***
«Hiç zadyň eýesi bolmasaňyz, ýitirjek hiç zadyňyz ýokdur».
***
«Hakykat keteginde gabagda oturan sadyk köpekdir».
***
«Dowzah boşdyr.Çünki ahli şeýtanlar bärde…»
***
«Hyýanata sezewar bolmagyň ajysyny diňe haýynlar biler».
***
«Ynam ruha çalymdaş bir zat, terk eden bedenine gaýdyp dolanmaýar».
***
«Adam söýmäge başladymy, şol bir wagtyň özünde ýaşamaga-da başlar».
***
«Nähak dawa üçin göreşmek, hakyky batyrlyk däldir».
W. Şekspir.
26
99
gul✿
05.06.2024 16:58
Meniñ näzik kalbym...
Sen şeýle bir näzik, şeýle bir eziz. Seniň syrlaryň umman ýaly giňdir. Näme üçin gyz kalby şeýle bir syrly bolýar? Näme üçin gyzlar ýüregindäkini beýan edip bilmeýärlerkä? Egerde men öz duýgularymy dil üsti, ýa-da hat üsti bilen beýan edip bilsedim, onda men ençe wagtdan bäri ýüregimiň töründe bir gujak çemen ýaly ornan söýgi sözlerimi kagyz ýüzüne geçirerdim.
Ýogsa-da, näme üçin bolanok?! Şu mahal, ýa-da hiç haçan. Men mundan artyk bir minudymy hem gidirmerin. Elime kagyzdyr galam alyp, saňa bolan näzik duýgularymy beýan edip hat ýazdym:
” Salam.
Ömrümiň diregi, gözümiň röwşeni, başymyň täji, didämiň nury, durmuşymyň şasy, tagtymyň bagty, gara gözümiň garasy, ýüregimiň çyrasy, her gün säher dogýan günüm, günde meň üçin ýaşýan aýym, bagymdaky bilbilim, ykbalymyň daragty, bagt gülümiň bagbany, yşk mülkümiň şasy. Men seni görelim bäri ýatsam ukym tutmaýar, gezsem rahat tapmaýan. Men asman ýaly arassa, deňiz ýaly päk möwç urýan söýgüden ýaňa däli-diwana bolýaryn. Meniň ýüregim bolsa diňe sen diýip urýar. Sen, sen, sen…
Saňa bolan söýgim dagdan beýik, derýadan giň, gülden näzik, deňizden çuň, altyndan gymmatly. Seni pikir edip, okaýan kitaplarymdaky suratlarymda hem seniň gözleriňi görüp ugradym. Men ilki seni gören günümden bäri, saňa bolan yşk ataşy ýüregimi ýaryp daşyna çykaýjak, çykaýjak, çykaýjak bolýar. Her gezek sen ýanymdan geçeniňde, ýüregim ezilýär, gyýylýar, ynjaýar. Eger sen şeýle näzik söýgä ynanýan bolsaň, maňa öz ýürek bagyň Güli bolmaga rugsat ber. Men seniň ýürek bagyňda açylan Gül bolup atyr saçaryn. Sen bolsa Gül yşkynda saýraýan bilbil bolup, meň daşymda perwaz urarsyň. Onsoň biz edil aşyk-magşuklar kimin bagt bagynda gyzyl gül düşelen ýodajykdan ýöräp, söýgi tagtyna bararys. Şonda hemme bize seredip :” Serediň, hanha, gözleri bagt bilen püre-pürlenen aşyk-magşuklar gelýär” diýerler. Ezizim, sen eger şeýle süýji düýşüň hakyky bolmagyny isleseň, meniň söýgimi paýlaş.
Eger-de sen meniň söýgimi paýlaşsaň, derdim ýeňlär, ýüregim rahat tapar. Men dünýäde iň bagtlylaryňam bagtlysy bolaryn. Maňa ykbal gülüp bakar. Men hemişe, edil arynyň balyň üstünde kökenek bolşy ýaly, meniň hem üstümde kökenek bolmaklaryny isleýärdim. Men hemişe, bilbiliň Gül üçin saýraýşy ýaly, meniň üçin hem bir ýüregiň saýramagyny isleýärdim. Eger, meniň söýgimi beýan edip ýazsaň, onda ol edil gapaksyz derýa ýaly giň bolar, ony beýan etmek üçin kagyz-da ýetmez, galam-da. Meniň söýgimi söz bilen beýan edip-de bolmaz, saz bilen-de.”.
Haty ugratsam hem ugratdym welin, indi senden jogaba garaşýan. Ýüregim agzymdan çykaýjak bolýar. Ynha-da köp garaşylan hatyň jogaby: “Bagyşla, meniň öz ýürek bagymyň güli bar!”.
Şu sözleri okanymdan edil ýyldyrym urana döndüm. Elime ýene-de galam alyp, şeýle setirleri ýazdym: “Sen özüň beren şeýle jogabyň bilen meni gynandyrdyň. Meniň depämden edil gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Dünýäniň bar gaýgysy meniň başyma inen ýaly boldy. Meniň söýgi daragtym ýykyldy, ýüregimiň bilbili ömürlik saýramasyny bes etdi, sebäbi, ýüregimiň bagynyň güli soldy. Ol güli söýgi ataşy bilen goldap durmasaň solýar. Şonuň üçin ol gül indi gögermez.
Ýöne bu setirler hiç wagt saňa gowuşmaz. Bu ýara meniň öz ýüregimde galar…
Agyz, agyz tursana. Nämä aglaýaň?
Birden hamsygyp aglap ýatyşyma jigimiň sesine oýandym. Asyl görsem, men şol haty saňa düýşümde ýollan ekenim, jogabyňy hem düýşümde alypdyryn.
Birden meni gara basana döndi. Eger men saňa öz duýgularymy beýan edip hat ýollasam, sen hem ýürek gyýyjy jogap berseň?… Ýok, ýok…
Bu setirler edil öňküsi ýaly bir gujak çemen bolup meniň ýüregimiň töründe galar. Men ömür boýy saňa bolan söýgim bilen ýaşaryn.!
_A.Sapargylyjowa.
26
75
gul✿
03.06.2024 01:57
#dymmak
- dymmak- ýekelikde özüň bilen gürleşmekdir;
- dymmak käwagty gürlemegiň manysyzdygyny boýun almakdyr;
- dymmak- bu bagtly bolmak üçin sessiz oña garaşmakdyr;
- dymmak märekäñ içinde ony tapmak ýöne oñ seni tapmagyna sabyr etmekdir;
- dymmak- içiñi dökmek islärsiñ emma düşünjek kişiñ ýoklugydyr;
- dymmak ,,oñ" içindäkileri okap bilmekdir;
- käwagtam mertlikdir dymmak;
-göwnüňi ynjytsalarda, iñ gowy jogap sesiñi çykarmazlygy bilmekdir dymmak;
- sen ýagşylyk islärsiñ ýöne ýamanlyk diýip kabul ederler, dymarsyñ;
- sen onyy söýersiň, ol başgasyny söýer ýene dymarsyň;
- haçan-da ýekelik basanda, gussa oýuna çümen mahalyň, ýalñyzlyk bilen gürrüñdeş bolmakdyr dymmak;
-ýüregiñ gysar, kimdir birini küýsärsiñ, ol kişiniñ senden uzakdalygy üçin dymarsyñ;
- ýarym gezip ýören wagtyň, seni tamamlajak ýaryňa garaşarsyň we ýene dymarsyň;
- boş gürläniňden dymmagyň seniň üçin has haýyrly boljagyny bilmekdir dymmak;
- dymarsyñ seni ejiz hasap ederler, ýöne dymmagy başarýanlar güýçlidir.
✓Gül.
64
399
gul✿
23.05.2024 17:38
Ýalňyzlyk(ýa-da uly boşluk, "Adamlar we adamjyk barada" )
Men jemgyýetiň içindäki köpçülikde,ýalñyz,çetde oturan sada bir adam ( köplüge görä hondanbärsi biri). Aglaba köplükdäki adamlara ýaramaýan, bir şolar ýaly halanylmaýan bir adamjyk. Adym G.......) (köplükdäki adamlaryň dilinde G...) edhemii lakamly. Köplügiň ritimine aýakdaş bolup bilmedik bir adamjyk hökmünde näme etjegimi bilemok şu günlerde. Ritime aýakdaş gideýin diýsem emedekläp ýören ýolumdan çete geçmeli bolýan. Soňky deminde ýaly bu günler. Bu pasylam hakykylygyny ýitiren, ýasamasy bilen oňňut etmeli. Bu ýaz pasyly däl, täze bir V pasyl. Adamjyga-da, beýleki adamlar-da nätanyş bu pasyl hiç kime tanyş däl, adyny hem bilýän ýok.Adamlar bilen salamlaşýan hiç hili gyzgynlyk, mähirlilik duýamok. Indi menä adamlaryň köpsüniň güleninem göremok, gülmegi unudypdyr adamlar. Dostlarymyň sany kellämdäki agaran saçymyñ sanyndan az. Günlerem şol bir heňde geçip barýa üýtgeşiklik ýok. Giden boşlugyň içinde sessizligiň aýdymyny diňläp otyrn ýeke ýalñyz özüm ...
Bellik: yzynam ýazjakdym, arman pikirlerimi jemläp bilmedim ( maslahat “Syke Dali- Adam we adamjyk” diýen aýdymyny diňläp görüň!
29
168