gul✿
04.06.2024 13:57
Ýaşaýyşda yz galdyrjak bol. Her günüňi, sagadyňy, sekundyňy, demiňi sanap ötürme, manyly bir iş etmek üçin çalyş.
~
Ajal aglaba halatda garry hasyllary ýygnaýandygyna garamazdan, wagtal-wagtal heniz bişmedik miweleri hem ýolýar. Şonuň üçin hiç wagt ölüm uzakdadyr öýdüp özüňi aldama!
~
Amal hakdaky söz şol amalyň öz boýundan has ulydyr.
~
Wagt ýitirmek öziňi ýitirmekdir
Wagt ýitirmek ömriňi ýitirmekdir.
~
Kimde-kim özüne degişli bagty bilmekçi bolsa, onda ol hökman hemme zatdan daşlaşyp görmeli.
~
Näzik zatlar özüni goramaga has ukyply bolýarlar.
~
Bilmek — ylym bilen amalyň bitewüligidir.
~
Men-menlik adamzatdan başga närseleriň harap bolmagy üstaşyry aýlanyp, onuň öz haraplygy bilen gutarýar.
~
«Gel» diýlip çagyrylan söhbet hemme zatdan süýji bolýar.
~
Köňli ýykmak Hakyň ýaradanyna, ýagny erkine pitjiň atmakdyr.
~
Adyl patyşa — jemgyýetiň ruhy mugallymydyr.
~
Käşgä ynsanlar ilki tanaýşymyzdaky ýaly galsadylar.
~
Ýolup kökiň bilen götär asmana
Soňra aýlap zyňyp göýbär bir ýana...
~
Özüñi beýik tutma, deñizem ýagyşda ezilýändir.

Toplan ✓Gül.
21
79
flowers_
4 Iýun 2024
10.12.💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.