gul✿
07.06.2024 19:21
«Arzuwlar we ar almak ýaly duýgular akylyň sesini eşitmez».
***
,, Bir töhmet başga töhmetleriň döremegine sebäp bolar".
***
«Erkinlik daşarda bolsa, sürgünlik siziñ içiñizdedir.»
***
«Alla size bir ýüzkeşp beripdir, sizem oňa ýene birini goşmaň».
***
«Meniň düşünýänim seniň sözleriňdäki gazapdyr, o sözleriň Manysy Däl».
***
«Seni söýýän sözi hem adamy irizip biler».
***
«Käbir ýykylmalar, ajaýyp turmalaryñ häsiýetlendirjisidir».
***
«Ýara bilen oýun eder, ýaralanyp görmedik adam…».
***
«Günäli kelle sübhäniň hemişe ýüz Tapýan ýeri».
***
«Size galan iñ gymmatly miraslaryñ hiç biri dogryçullyk ýaly gymmat bolup bilmez».
***
«Geplemänkäň oňatja pikirlen, gepläniňden soň pikirlenmeziň ýaly».
***
«Hiç zadyň eýesi bolmasaňyz, ýitirjek hiç zadyňyz ýokdur».
***
«Hakykat keteginde gabagda oturan sadyk köpekdir».
***
«Dowzah boşdyr.Çünki ahli şeýtanlar bärde…»
***
«Hyýanata sezewar bolmagyň ajysyny diňe haýynlar biler».
***
«Ynam ruha çalymdaş bir zat, terk eden bedenine gaýdyp dolanmaýar».
***
«Adam söýmäge başladymy, şol bir wagtyň özünde ýaşamaga-da başlar».
***
«Nähak dawa üçin göreşmek, hakyky batyrlyk däldir».

W. Şekspir.
26
97
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.