Arzuwlar hiç mahal tükenmeýär. Dünýä durmuşyndaky wakalar, aý -günler, döwürler bu hakykaty bize gaýta-gaýta ýaňzydýar, emma biz oňa gulak asamzok. Arzuw -maksatlary hasyl etmek üçin jadyly iki söz bar. Şol iki söz "Yhlas et " diýen sözlerdir " diýip (Rahmet Gylyjow) belleýär.
Indi arzuwlar baradaky sözlerden belläp alanlarymy siz bilen paýlaşaýyn:
~
... Mende bir arzuw bar hem gözel, hem kyn,
Köpden bäri ýüregimde besleýän.
Şu azat güneşde, açyk howada
Mydamalyk ýaşap galmak isleýän...
(Halyl Kulyýew)
~
Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyna deň bolýandyr miwesem...
(Mätgurban Mätgurbanow)
Käbir zatlaryň arzuwynda gezmek -şoňa ýeteniňkiden has ajaýyp...
(Kakamyrat Rejepow)
~
Asman giňişligi zerurdy maňa,
Hem onuň erkana ýüzýän buludy.
Uçup gitmekçidim çemini tapyp,
Ýaş iglandym, arzuwlarym uludy.
(Çary Ýegenmyradow)
~
Ynsandan öwüsýän sowuk şemallar
Arzuw-umyt şemlerimi öçürdi.
(Berdimyrat Bäşimow)
~
Ýokuş deger maksatlardan el çeksek,
Arzuwlar -bir, emma ýollar çaprazdyr.
Arzuwlarmy düýne berdim meýletin,
Gujak -gujak ahmyr aldym deregine.
(Aşyr Hanow)
~
Giç bolsa -da ahyr menem düşündim,
Bildim, ýok ekeni güýji arzuwlaň...
(Sapa Hommadow)
~
,,Alla bolmajak zady arzuw etmezmiş"diýilýär.
Meñ pikirimçe arzuw ruhumyzyñ iýmeti, ikisi bir-birine bagly zatlarmyka diýýän.
Goý garnymyzam aç galmasyn ýöne ruhumyz welin hemişe dok gezsin, hemmäñiziñ arzuwlaryñyzam arzuw bolup galmasyn!
(Gül)