gokgi
13.12.2023 16:57
Biwepa gyz

Her gün birine ýaranjak bolup,
Her günde geýinýäñ dürli keteni.
Bagyşla sen, ýüregiñem şemala
Öwsüp duran keteni dek ekeni...
31
76
gokgi
11.12.2023 14:58
ERKEKLER

Siz -
Bagty getiren erkek kişiler
Hemem ajap dünýäñ görki - görmegi.
Söwer ýary täç edýäñiz başa ýa,
Ýa-da kül edýäñiz gül ömürleri.

Azat siz,
Azar siz,
Hökmürowan siz,
Size bu baýlygy eçilen kimkän?
Haýsy tagam diýseñ öñüñde,
Ýöne,
Azary ýetenok okarañ-çemçäñ.

Ýa bolmasa,
Köçelerde aýallar
Bir elde agyr tor, birinde çaga.
Ýetişiksiz gara günde ykýarlar
Diñe siziñ göwnüñize ýetmäge.

A siz bolsa gözden salyp olary
Käte ýersiz ýerden berýäñiz azar.
Şelaýyn näzlere örtenip, ýanyp,
Gül ýaly gujakda tapañzok karar.

Säher.
Köçelerde owadan gyzlar,
Hersi öz işine haýdap barýarlar.
Her öñýeten habar gatyp olara
Wah, biderek ýerden azar berýärler.

Iñ bolmanda,
Ýaşy bir çene ýeten,
Bir kişi -
Çal saçly,
Mañlaýda gasyn,
Ruluñ başynda gözüni ümläp,
Ýüregini däl,
Hödürleýär "Wolgasyn".

Ine-de gazetde täze bir habar:
"Aýallar hakynda iñ oñat goşgy".
Baýrakly konkursyñ talaby şeýle.
Göterildi ähli şahyrlañ yşgy.

Bar gözellik aýallarda ekeni,
Hersi taryp etdi saýlap dilberin.
Ýöne şeýle ajap goşgyny okan
Aýallary otyr dişläp dillerin.

Ah, siz bagty gelen erkek kişiler,
Käte siz daşda bu bagty duýardan.
Edaralarda ýa giñ köçelerde
Aýallara artyk sarpa goýardan.

Aýallary gorañ ýamanlyklardan
Hemem bet niýetli töhmetler atmañ.
Wah, şonsuzam näzik zatlar tiz solýar,
Iñ bolmanda,
Wagtyndan ir garratmañ!
33
127
gokgi
10.12.2023 16:08
Kewinem ulaýapdyra... Wagt gör nähili çalt geçýä...
35
254
gokgi
09.12.2023 11:13
GALYŇ HAKDA GOŞGY

Galyň...
Nirden geldi şeýle düşünje,
Galyň...
Nirden geldi şeýle elhenç zat?
Gözeller, gadyrymyz artdyrjak bolup,
Özümiz ýakýarys ýüregimizde ot.

Onsoň, bu ömrümiz göýä bir gözel
Daragtdan döwülüp aýrylan şaha.
Galyň gadrymyza, görkümize däl,
Galyň erkimize kesilen baha.

Gyzlar!
Bize ýüzläp galyň tölenýär,
Dilimiziň gysga bolmagy üçin.
Gyzlar!
Bize ýüzläp galyň tölenýär,
Erkimiziň tende ölmegi üçin.

Şeýdip erkimizi satýas biz özgä,
Synalarmyz bogun-bogun sökülýär.
Ýogsa haýsy işden çykmaz başymyz,
Dillermizden bolsa dürler dökülýär.

Kynçylyk öňünde başymyz egip,
Günä ýüklemäliň özgelere biz.
Özümiz saklasak mertebämizi,
Hiç bir babatda-da gyzmaz ýüzümiz.

Bibi Orazdurdyýewa
25
154
gokgi
06.12.2023 20:00
💖Ýüzi gözelden kyrk günde doýarsyñ,
göwni gözelden kyrk ýylda-da doýmarsyñ.

💖Kimden sorasañ esasy zat içki gözellik diýer. Emma adamlary daşyny halamadyk zadynyñ içi gyzyklandyrmaz.

💖Gözellik hemme ýerde gowy garşylanan myhmandyr.

💖Gözellik gysga wagtlyk baýlykdyr.

💖Gözellik ajaýyp bir gudrat, ýylgyryş bolsa onuñ gyljydyr.

💖Daşky görnüşe aldanmañ sebäbi duzam şekere meñzeýä..
19
29
gokgi
05.12.2023 18:50

TÄZE ÝYL!

Iki aýlygy seniñ üçin sowulýar,

Bir gün üçin uly saçak ýazylýar.

Ertesi niçäniñ içi bozulýar,

Seniñ öziñ uly RASHOD täze ýyl!


Dañdan turup saçak ýazyp başlarlar,

Dürli salat, tordy orta taşlarlar.

Gelin-gyzlar gün ýaşýança haşlarlar,

Durşuñ bilen PROBLEMA täze ýyl!


Erkeklerem ýakyp dürli çyrany,

Dañ bilen urarlar 50 gramy.

Bu zatlaryñ ýokdyr hiçbir sogaby,

Niçe zady ISRIP eden täze ýyl!


Şol gün adamlaryñ göwni hoş bolar,

Ýanwar geler holadinlik boş bolar.

Indiki aýlyga ara daş bolar,

Durşuñ bile REKLAMA täze ýyl!


Seýilgähem Aýazbabadan dolar,

Märekeleñ bary şol ýere gonar.

Instagram, imoda şol bir zat bolar

13 günläp iş bolarsyñ täze ýyl!

40
297
gokgi
04.12.2023 20:12
Ozaldan añyma guýdy pederim-
"Halal ýoldan yza tesmegin" diýip.
"Gaçyrmagyn pes bolup öz gadryñ,
Ulumsy bolubam ösmegin" diýip.

"Ýagşylygyñ çolamagyn diliñe,
Başarsañ hiçkimden hiç zat dileme,
Mätäç bolsañ kömek etjek bir ine-
Allanyñ özünden islegin" diýip.

"Eger ykbal bagty etmese bagyş,
Günüñden närazy etmegin nalyş,
Baýlykda ýaryşma, sabyrda ýaryş,
Hakdan umydyñy kesmegin" diýip.

"Doýmasy kyn bolar adamyñ gözi,
Wyždanynda nebse geçirse sözi,
Hamdy-senadadyr barlygyñ özi,
Kalbyñda şüküriñ beslegin" diýip.

awtor: Şanazar Hydyrow
27
35
gokgi
29.11.2023 20:35
Ýüregiñ böküp dur, dünýä sygañok,
Sähel zada gülen 18 ýaşym!
Uly dünýä bir garaýşa degenok,
Wah, özgesi ýalan 18 ýaşym!

Duýmandyryn neneñ, niçik geçeniñ,
Bir toýlarda, tans oýnap serden geçenim,
Şol gözeliñ gözlerine gaçanym
Girdaba gark bolan 18 ýaşym!

Çolaşasyñ geldi dilber näzine,
Sataşasyñ geldi söýen gyzyña,
Biygtyýar düşdiñ gitdiñ yzyna,
Ýatlamadan gelen 18 ýaşym!

Göz astyndan ogryn-ogryn bakmalar,
Wada berýär wagty bilen çykmaýar,
Agşam aý yşgyna şöwür çekmeler,
Bar wagtymy alan 18 ýaşym!

Ähli ahmyr armanlarmy alardym,
Indi näme etjegimi bilerdim,
Şu diläniñe bitse ýatyp dilärdim,
Ýeke gezek dolan 18 ýaşym!

Diýdi şahyr gury hyýal haýyşyñ,
Ýyllar gulagyma çakdy çawuşyn,
Şindiki ýaşlara etjek haýyşym,
Gadyryny biliñ 18 ýaşyñ!
34
78
gokgi
27.11.2023 09:20
Salam hormatly agzalar, geliñ çagalygy ýatlalyñ. HARPLYKDA size haýsy harp düşüpdi? Şol harp hakda aýdan goşgyñyz şumat ýadyñyza düşýärmi?
36
498
gokgi
26.11.2023 01:13
Durmuşyñyzdan birini aýyrmaly diýseler haýsyny aýyrardyñyz?

❤SÖÝGINI

👨‍👩‍👧‍👦MAŞGALANY

💵PULY

👬DOSTLARYÑY
19
141