GALYŇ HAKDA GOŞGY
Galyň...
Nirden geldi şeýle düşünje,
Galyň...
Nirden geldi şeýle elhenç zat?
Gözeller, gadyrymyz artdyrjak bolup,
Özümiz ýakýarys ýüregimizde ot.
Onsoň, bu ömrümiz göýä bir gözel
Daragtdan döwülüp aýrylan şaha.
Galyň gadrymyza, görkümize däl,
Galyň erkimize kesilen baha.
Gyzlar!
Bize ýüzläp galyň tölenýär,
Dilimiziň gysga bolmagy üçin.
Gyzlar!
Bize ýüzläp galyň tölenýär,
Erkimiziň tende ölmegi üçin.
Şeýdip erkimizi satýas biz özgä,
Synalarmyz bogun-bogun sökülýär.
Ýogsa haýsy işden çykmaz başymyz,
Dillermizden bolsa dürler dökülýär.
Kynçylyk öňünde başymyz egip,
Günä ýüklemäliň özgelere biz.
Özümiz saklasak mertebämizi,
Hiç bir babatda-da gyzmaz ýüzümiz.
Bibi Orazdurdyýewa