gokgi
04.12.2023 20:12
Ozaldan añyma guýdy pederim-
"Halal ýoldan yza tesmegin" diýip.
"Gaçyrmagyn pes bolup öz gadryñ,
Ulumsy bolubam ösmegin" diýip.

"Ýagşylygyñ çolamagyn diliñe,
Başarsañ hiçkimden hiç zat dileme,
Mätäç bolsañ kömek etjek bir ine-
Allanyñ özünden islegin" diýip.

"Eger ykbal bagty etmese bagyş,
Günüñden närazy etmegin nalyş,
Baýlykda ýaryşma, sabyrda ýaryş,
Hakdan umydyñy kesmegin" diýip.

"Doýmasy kyn bolar adamyñ gözi,
Wyždanynda nebse geçirse sözi,
Hamdy-senadadyr barlygyñ özi,
Kalbyñda şüküriñ beslegin" diýip.

awtor: Şanazar Hydyrow
27
35
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.