ERKEKLER
Siz -
Bagty getiren erkek kişiler
Hemem ajap dünýäñ görki - görmegi.
Söwer ýary täç edýäñiz başa ýa,
Ýa-da kül edýäñiz gül ömürleri.
Azat siz,
Azar siz,
Hökmürowan siz,
Size bu baýlygy eçilen kimkän?
Haýsy tagam diýseñ öñüñde,
Ýöne,
Azary ýetenok okarañ-çemçäñ.
Ýa bolmasa,
Köçelerde aýallar
Bir elde agyr tor, birinde çaga.
Ýetişiksiz gara günde ykýarlar
Diñe siziñ göwnüñize ýetmäge.
A siz bolsa gözden salyp olary
Käte ýersiz ýerden berýäñiz azar.
Şelaýyn näzlere örtenip, ýanyp,
Gül ýaly gujakda tapañzok karar.
Säher.
Köçelerde owadan gyzlar,
Hersi öz işine haýdap barýarlar.
Her öñýeten habar gatyp olara
Wah, biderek ýerden azar berýärler.
Iñ bolmanda,
Ýaşy bir çene ýeten,
Bir kişi -
Çal saçly,
Mañlaýda gasyn,
Ruluñ başynda gözüni ümläp,
Ýüregini däl,
Hödürleýär "Wolgasyn".
Ine-de gazetde täze bir habar:
"Aýallar hakynda iñ oñat goşgy".
Baýrakly konkursyñ talaby şeýle.
Göterildi ähli şahyrlañ yşgy.
Bar gözellik aýallarda ekeni,
Hersi taryp etdi saýlap dilberin.
Ýöne şeýle ajap goşgyny okan
Aýallary otyr dişläp dillerin.
Ah, siz bagty gelen erkek kişiler,
Käte siz daşda bu bagty duýardan.
Edaralarda ýa giñ köçelerde
Aýallara artyk sarpa goýardan.
Aýallary gorañ ýamanlyklardan
Hemem bet niýetli töhmetler atmañ.
Wah, şonsuzam näzik zatlar tiz solýar,
Iñ bolmanda,
Wagtyndan ir garratmañ!