Ýüregiñ böküp dur, dünýä sygañok,
Sähel zada gülen 18 ýaşym!
Uly dünýä bir garaýşa degenok,
Wah, özgesi ýalan 18 ýaşym!
Duýmandyryn neneñ, niçik geçeniñ,
Bir toýlarda, tans oýnap serden geçenim,
Şol gözeliñ gözlerine gaçanym
Girdaba gark bolan 18 ýaşym!
Çolaşasyñ geldi dilber näzine,
Sataşasyñ geldi söýen gyzyña,
Biygtyýar düşdiñ gitdiñ yzyna,
Ýatlamadan gelen 18 ýaşym!
Göz astyndan ogryn-ogryn bakmalar,
Wada berýär wagty bilen çykmaýar,
Agşam aý yşgyna şöwür çekmeler,
Bar wagtymy alan 18 ýaşym!
Ähli ahmyr armanlarmy alardym,
Indi näme etjegimi bilerdim,
Şu diläniñe bitse ýatyp dilärdim,
Ýeke gezek dolan 18 ýaşym!
Diýdi şahyr gury hyýal haýyşyñ,
Ýyllar gulagyma çakdy çawuşyn,
Şindiki ýaşlara etjek haýyşym,
Gadyryny biliñ 18 ýaşyñ!