gokgi
05.12.2023 18:50

TÄZE ÝYL!

Iki aýlygy seniñ üçin sowulýar,

Bir gün üçin uly saçak ýazylýar.

Ertesi niçäniñ içi bozulýar,

Seniñ öziñ uly RASHOD täze ýyl!


Dañdan turup saçak ýazyp başlarlar,

Dürli salat, tordy orta taşlarlar.

Gelin-gyzlar gün ýaşýança haşlarlar,

Durşuñ bilen PROBLEMA täze ýyl!


Erkeklerem ýakyp dürli çyrany,

Dañ bilen urarlar 50 gramy.

Bu zatlaryñ ýokdyr hiçbir sogaby,

Niçe zady ISRIP eden täze ýyl!


Şol gün adamlaryñ göwni hoş bolar,

Ýanwar geler holadinlik boş bolar.

Indiki aýlyga ara daş bolar,

Durşuñ bile REKLAMA täze ýyl!


Seýilgähem Aýazbabadan dolar,

Märekeleñ bary şol ýere gonar.

Instagram, imoda şol bir zat bolar

13 günläp iş bolarsyñ täze ýyl!

40
297
gudra
8 Dekabr 2023
Yatlamalara bay bolyar taze ýyl sonun ucin degya so zatlara
mowlam
7 Dekabr 2023
Slm
yama
7 Dekabr 2023
Salam
maysaska
6 Dekabr 2023
Hahaha
mahmudowna
6 Dekabr 2023
mahmudowna
6 Dekabr 2023
Zato in gowy yatlamalar galar
gulshatayewa97
6 Dekabr 2023
13 gün aza, eýýäm 13 güne golaýlady internetde reklama bolup ýorenine😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.