gokgi
11.02.2024 19:12
Her zaman her şeýi alttan almaya gerek yok. Bazen sırt çevir ki, herkes durması gerektiği yeri çok iyi bilsin.
31
49
gokgi
10.02.2024 15:29
🥕KÄŞIR🥕

Ululardan kiçilere çenli käşiri terligine iýmegi halaýarlar. Aslynda, köki miweli önümleri, şol sanda käşiri hem terligine iýenden, gaýnadyp iýmek has peýdalydyr. Ony suwda gaýnadtp ýa-da buglap bişirseňiz, ondaky witaminleriň hemmesine eýe bolarsyňyz.

•••••••••••••●●●●●●••••••••••••••

🥒HYÝAR🥒

Hyýaryň gabygy gaty bolmagy ähtimal, şol sebäpli onuň daşyny aýryp iýýärler. Bu nädogry hereketdir. Çünki hyýaryň gabygy köp mukdarda witamin A we beýleki elementleri özünde jemleýär. Mundan başgada ony daşy bilen iýlende ajykdyrman dok saklaýar. Şol sebäpli berhiz tutýan adamlara ýa-da horlanmak isleýänlere hyýar iýmek maslahat berilýär.

••••••••••••●●●●●●••••••••••••••

🍓ÝERTUDANA🍓

Eýsem, ýertudanany kesip iýmek dogrymy? Ýertudana peýdaly elementlere baýdyr. Şol sebäpli ony kesip iýeniňde içki öýjüklerine ýagtylyk düşüp, howanyň degmegi sebäpli onuň düzümindäki C witamini ýitýär. Ir-iýmişler kesilen wagty has tagamly bolup biler, emma olaryň peýdaly taraplary azalýar. Şol sebäpli ýertudananyň üstki ýaşyl ýaprajygyny iýjek mahalyňyz aýryp, terligine iýseňiz, onuň peýdasy uly bolar.

•••••••••••••●●●●●●••••••••••••••

🥔ÝERALMA🥔

Ýeralmanyň daşyny aýryp bişirip iýmek köpleriň endigidir. "Onuň gabygyny aýyrman iýmeli" diýen düşünje bize gülkünç bolup eşdilmegi ahmal. Emma berilýän maglumatlara görä, ýeralmany gabygy bilen iýmek örän peýdalydyr. Onuň gabygy kaliý, kalsiý, sink we demir ýaly elemenlere baýdyr. Bişirmeziňizden öň ony, ilki bilen, gowy ýuwup, soň gaýnatsaňyz ýagda gyzartsaňyz ýa-da ondan işdäaçar taýýarlasaňyz hem bolar.

Taýýarlan Selbi Nuryýewa
33
84
gokgi
09.02.2024 15:33
😱Täsin suratlar😱
34
194
gokgi
06.02.2024 21:11
Uzakdan gowy adam hemmäñiz, şoñ üçinem uzakda boluberiñ...😜
24
63
gokgi
04.02.2024 15:44
Söýýän adam özüniň näme üçin söýýändigini bilýän bolsa, diýmek, söýýän däldir.
24
70
gokgi
03.02.2024 16:29
Garri Potter hakyndaky ilkinji roman "Garri Potter we pelsepe daşy" diýen at bilen 1997-nji ýylda neşir edildi. Oglanjygyñ täsin başdangeçirmeleri hakynda gürrüñ berýän kino epopeýasynyñ ilkinji bölümi bolsa 2001-nji ýylda tomaşaçylara görkezildi.
Deniýel Redkliff filimiñ baş gahrymany Garri Potteriñ keşbini ilkinji gezek 12 ýaşynda döredýär. Onuñ meşhurlygy şeýle bir artýar welin, ol köpçülik ýerlerinde özüni diýseñ birahat duýup başlaýar. Şonuñ üçin hatda bilimini hem mekdepde dälde öýde almaga mejbur bolýar. Deniýel Redkliff pespäl, sada, jomart we zähmetsöýer adam hökmünde tanalýar.
Rupert Grint "Garri Potter we pelsepe daşy" atly film üçin açyk gözden geçirilişiñ bolýandygy baradaky habary teleýaýlym arkaly eşidende, 12 ýaşyndady. Ol özüne ünsi çekmek maksady bilen, ýörite aýdym düzüp, onuñ widio ýazgysyny filimiñ gözden geçiriliş toparyna ugradýar. Rupert aýdymynda bu keşbi jany-teni bilen döredesi gelýändigini aýdýar. Kinony döredijiler onuñ yhlasyna ýokary baha berýärler, netijede, Rupert Grint filimiñ sekiz bölüminde Ron Uizliniñ keşbini janlandyrýar.
Germiona Geýnjeriñ keşbini döreden Emma Uotson Garri Potter baradaky filmde surata düşen artislaryñ arasynda iñ kiçisidi. Ol bu keşbi döredende 9 ýaşyndady. 2017-nji ýylda Emmanyñ baş keşbi janlandyrmagynda ekeranlaşdyrylan "Perizat we nägehan" filmi şol ýylyñ iñ şowly filmleriniñ biri boldy.

Taýýarlan:Jeýhun Abdyýew
29
95
gokgi
31.01.2024 16:46
Iňňä - iňňä,
Ujy diňňä,
Büý-ä -- daýa,
Bü-de -- ýeňňä,
Bu -- dogana,
Bu -- ýegene,
Bu -- çykana,
Bu-da -- ine,
Giýew atly
Al kakana!

Iňňä - iňňä,
Ujy diňňä,
Büý-ä Illä,
Bü-de Jümmä,
Bulaň birem --
Nartäç töňňä,
Bu artybam --
Eltip beriň
Menden öňňä,
Menden öňňä!

Iňňä-iňňä,
Ujy diňňä,
Hany dur, gyz,
Bulaň bary
Daýy bolup,
Dogan bolup,
Ýeňňe bolup,
Ýegen bolup,
Degenog-a
Ýeke teňňä!

Bal-balyn-a,
Şek-şekin-ä,
Asyl bulaň,
Ählisinden
Şahlysyndan,
Şahsyzyndan,
Biziň üçin
Gök ýakyn-a,
Gök ýakyn-a!
Soňam, bilýän,
Ikibaşdan,
Görjek zadyň
Garyndaşdan
Öýke-kin-ä,
Öýke-kin-ä!
Asyl-asyl,
Kim bolaýsyn,
Zat berjek däl,
Güm bolaýsyn!

Geňeşem ýok,
Sala-da ýok,
Toplaň,
Gulplaň!
Barnyň
Bogusun
Çek!
Saňa-da, gyz,
Bela-da ýok --
Hapbaň,
Hupbaň,
Ýaryl,
Böwsül,
Çyk!

Annaberdi AGABAÝEW
26
125
gokgi
28.01.2024 16:58
🟠Ýolbarslar ýer togalagynyñ iñ ar alýan haýwany hasaplanýar.

🟢ABŞ dünýädäki musurlaryñ 50%-den gowragyny öndürýär.

🟠Her 512.000 dogluşda 1 üçem çaga dogulýar.

🟢Atyñ impuls tizligi oña degen adamyñ impuls tizligine gabat gelýär.

🟠Ýaponiýada 20-30 ýaş aralygyndaky erkekleriñ 40%-i hiç haçan gyz bilen söýüşmedik.

🟢Şwesariýada awtoulaglar üçin doly ýapyk Zermatt şäheri bar.

🟠Aslynda energiýa içgileri hiç hili energiýa bermeýär.

🟢Aýallaryñ diñe 1/4 bölegi bütin ömrinde şol bir ýoldaş bilen jyns gatnaşykda bolmak isleýär.

🟠Garri Potteriñ surata düşürilmegi üçin takmynan 150-200 äýnek ýasaldy.

🟢Dünýäde iñ gymmat kepderi 1.26 mln ýewro satyldy.

🟠Barmaklarymyzyñ şyrkyldamasy saglyk üçin peýdalydyr.

🟢Hindistanyñ 80% ilaty wegeterýanlardyr.

🟠Babuin maýmynlary köplenç kiçijik güjükleri alyp gaçyp, iýmitlendirýärler we eldekileşdirýärler. Mundan soñra güjükler ulalanda olaryñ goragçysy bolup hyzmat edýär.

🟢Tilkiniñ urkaçysy ölende onuñ erkegi özüne ýar gözlemän galan ömrüne ýeke ýaşaýar.

🟠Dünýäde iñ garry pişik 38 ýyl 3 gün ýaşady.

🟢Gargalar adam diline öýkünmäge ökdedirler. Aslynda gargalar totyguşlara garanyñda adam dilini gaýtalamaga has başarnyklydyr.

🟠Gollandiýada çagalar üçin ýörite çilim satylýar. Olar ýakylanda içindäki karamel eräp , zyýansyz süýji tüsse emele gelýär.

🟢Delfinler elmydama bir gözi açyk ýatýarlar.

🟠Manhetten adasy indeýlerden 24 dollara satyn alnypdyr.
29
155
gokgi
28.01.2024 05:52
Men kiçijik wagtym,
Çaga mahalym,
Ýüze çykaýdygy kiçijik sowal
Iñ anyk jogaby eşitmek üçin
Kakamyñ ýanyna eñerdim şo hal.

Men kiçijik wagtym,
Çaga mahalym,
Bir garagol aljak bolsa zadymy,
Dessine: "Kakama aýdaryn!" diýip,
Gorkuzardym,
Ýatyrardym badyny.

Men kiçijek wagtym,
Çaga mahalym,
Iñ güýçli kakam diýip edipdirin çen.
...Indi, görsem, ýalñyşmanam ekenim,
Bu özi, aslynda, şeýle-de eken!

TIRKIŞ SADYKOW
27
27
gokgi
27.01.2024 16:38
TÜRKMEN

BEÝIK ALLANYŇ ADY BILEN,
Eziz halkym!
Mähriban milletim!
Gudraty güýçli, bu täsin dünýäni döreden eziz Taňrynyň ýüregime salan emri esasynda dörän kitap -- türkmeniň Ruhnamasydyr.
Adamzat döräli bäri Beýik Alla türkmen milletini taryhyň dürli döwürlerinde uly-uly synaglardan geçirdi. Meniň halkym ol synaglaryň öňünde durup bildi. Aňyrsy 5 müň ýyl mundan ozal milletbaşymyz Oguz han Türkmenden gaýdýan türkmen halky Gündogarda Hindistan, Günbatarda Ortaýer deñzi aralygynda döredilen dünýä gymmatlyklaryna dürli ugurlarda saldamly goşandyny goşdy, öz topragynda Änew, Altyndepe, Marguş, Parfiýa şalygyny, seljuk türkmenleriň şalyklaryny, Köneürgenç türkmen döwletini --- jemi 70-den gowrak döwlet döretdi.
Türkmen halkynyň Nuh alaýhassalamdan gaýdýan uly taryhy ýoly bar.
Nuh alaýhassalam öz ogullaryndan Ýafesiň zürýatlaryna Türkmenistan yklymyny ýer-ýurt edip berdi.
Beýik Taňry türkmene KÖPELGIÇLIK berdi. Ol köpelip, örňäp gitdi. Taňry oň iki sany häsiýet berdi: RUHYBELENTLIK WE GAÝDUWSYZLYK. Ýagtylgyç berende bolsa, onuň Köňlüne we Aňyna Paýhas Çyragyny guýdy. Şundan soň öz bendelerine umumy at dakdy: TÜRK IMAN ( Türk - asyl, iman - nur ). TÜRK IMAN -- TÜRKMEN şeýle many aňladýar. Asly nurdan. Türkmen dünýäde şeýdip döredi.
31
74