🥕KÄŞIR🥕
Ululardan kiçilere çenli käşiri terligine iýmegi halaýarlar. Aslynda, köki miweli önümleri, şol sanda käşiri hem terligine iýenden, gaýnadyp iýmek has peýdalydyr. Ony suwda gaýnadtp ýa-da buglap bişirseňiz, ondaky witaminleriň hemmesine eýe bolarsyňyz.
•••••••••••••●●●●●●••••••••••••••
🥒HYÝAR🥒
Hyýaryň gabygy gaty bolmagy ähtimal, şol sebäpli onuň daşyny aýryp iýýärler. Bu nädogry hereketdir. Çünki hyýaryň gabygy köp mukdarda witamin A we beýleki elementleri özünde jemleýär. Mundan başgada ony daşy bilen iýlende ajykdyrman dok saklaýar. Şol sebäpli berhiz tutýan adamlara ýa-da horlanmak isleýänlere hyýar iýmek maslahat berilýär.
••••••••••••●●●●●●••••••••••••••
🍓ÝERTUDANA🍓
Eýsem, ýertudanany kesip iýmek dogrymy? Ýertudana peýdaly elementlere baýdyr. Şol sebäpli ony kesip iýeniňde içki öýjüklerine ýagtylyk düşüp, howanyň degmegi sebäpli onuň düzümindäki C witamini ýitýär. Ir-iýmişler kesilen wagty has tagamly bolup biler, emma olaryň peýdaly taraplary azalýar. Şol sebäpli ýertudananyň üstki ýaşyl ýaprajygyny iýjek mahalyňyz aýryp, terligine iýseňiz, onuň peýdasy uly bolar.
•••••••••••••●●●●●●••••••••••••••
🥔ÝERALMA🥔
Ýeralmanyň daşyny aýryp bişirip iýmek köpleriň endigidir. "Onuň gabygyny aýyrman iýmeli" diýen düşünje bize gülkünç bolup eşdilmegi ahmal. Emma berilýän maglumatlara görä, ýeralmany gabygy bilen iýmek örän peýdalydyr. Onuň gabygy kaliý, kalsiý, sink we demir ýaly elemenlere baýdyr. Bişirmeziňizden öň ony, ilki bilen, gowy ýuwup, soň gaýnatsaňyz ýagda gyzartsaňyz ýa-da ondan işdäaçar taýýarlasaňyz hem bolar.
Taýýarlan Selbi Nuryýewa