gokgi
03.02.2024 16:29
Garri Potter hakyndaky ilkinji roman "Garri Potter we pelsepe daşy" diýen at bilen 1997-nji ýylda neşir edildi. Oglanjygyñ täsin başdangeçirmeleri hakynda gürrüñ berýän kino epopeýasynyñ ilkinji bölümi bolsa 2001-nji ýylda tomaşaçylara görkezildi.
Deniýel Redkliff filimiñ baş gahrymany Garri Potteriñ keşbini ilkinji gezek 12 ýaşynda döredýär. Onuñ meşhurlygy şeýle bir artýar welin, ol köpçülik ýerlerinde özüni diýseñ birahat duýup başlaýar. Şonuñ üçin hatda bilimini hem mekdepde dälde öýde almaga mejbur bolýar. Deniýel Redkliff pespäl, sada, jomart we zähmetsöýer adam hökmünde tanalýar.
Rupert Grint "Garri Potter we pelsepe daşy" atly film üçin açyk gözden geçirilişiñ bolýandygy baradaky habary teleýaýlym arkaly eşidende, 12 ýaşyndady. Ol özüne ünsi çekmek maksady bilen, ýörite aýdym düzüp, onuñ widio ýazgysyny filimiñ gözden geçiriliş toparyna ugradýar. Rupert aýdymynda bu keşbi jany-teni bilen döredesi gelýändigini aýdýar. Kinony döredijiler onuñ yhlasyna ýokary baha berýärler, netijede, Rupert Grint filimiñ sekiz bölüminde Ron Uizliniñ keşbini janlandyrýar.
Germiona Geýnjeriñ keşbini döreden Emma Uotson Garri Potter baradaky filmde surata düşen artislaryñ arasynda iñ kiçisidi. Ol bu keşbi döredende 9 ýaşyndady. 2017-nji ýylda Emmanyñ baş keşbi janlandyrmagynda ekeranlaşdyrylan "Perizat we nägehan" filmi şol ýylyñ iñ şowly filmleriniñ biri boldy.

Taýýarlan:Jeýhun Abdyýew
29
92
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.