gokgi
31.01.2024 16:46
Iňňä - iňňä,
Ujy diňňä,
Büý-ä -- daýa,
Bü-de -- ýeňňä,
Bu -- dogana,
Bu -- ýegene,
Bu -- çykana,
Bu-da -- ine,
Giýew atly
Al kakana!

Iňňä - iňňä,
Ujy diňňä,
Büý-ä Illä,
Bü-de Jümmä,
Bulaň birem --
Nartäç töňňä,
Bu artybam --
Eltip beriň
Menden öňňä,
Menden öňňä!

Iňňä-iňňä,
Ujy diňňä,
Hany dur, gyz,
Bulaň bary
Daýy bolup,
Dogan bolup,
Ýeňňe bolup,
Ýegen bolup,
Degenog-a
Ýeke teňňä!

Bal-balyn-a,
Şek-şekin-ä,
Asyl bulaň,
Ählisinden
Şahlysyndan,
Şahsyzyndan,
Biziň üçin
Gök ýakyn-a,
Gök ýakyn-a!
Soňam, bilýän,
Ikibaşdan,
Görjek zadyň
Garyndaşdan
Öýke-kin-ä,
Öýke-kin-ä!
Asyl-asyl,
Kim bolaýsyn,
Zat berjek däl,
Güm bolaýsyn!

Geňeşem ýok,
Sala-da ýok,
Toplaň,
Gulplaň!
Barnyň
Bogusun
Çek!
Saňa-da, gyz,
Bela-da ýok --
Hapbaň,
Hupbaň,
Ýaryl,
Böwsül,
Çyk!

Annaberdi AGABAÝEW
26
125
gulnura
16 Fewral 2024
@sazsoft, 😄
sazsoft
1 Fewral 2024
Goşgy suratdan, surat goşgudan beter 🤦🏻‍♂️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.