TÜRKMEN
BEÝIK ALLANYŇ ADY BILEN,
Eziz halkym!
Mähriban milletim!
Gudraty güýçli, bu täsin dünýäni döreden eziz Taňrynyň ýüregime salan emri esasynda dörän kitap -- türkmeniň Ruhnamasydyr.
Adamzat döräli bäri Beýik Alla türkmen milletini taryhyň dürli döwürlerinde uly-uly synaglardan geçirdi. Meniň halkym ol synaglaryň öňünde durup bildi. Aňyrsy 5 müň ýyl mundan ozal milletbaşymyz Oguz han Türkmenden gaýdýan türkmen halky Gündogarda Hindistan, Günbatarda Ortaýer deñzi aralygynda döredilen dünýä gymmatlyklaryna dürli ugurlarda saldamly goşandyny goşdy, öz topragynda Änew, Altyndepe, Marguş, Parfiýa şalygyny, seljuk türkmenleriň şalyklaryny, Köneürgenç türkmen döwletini --- jemi 70-den gowrak döwlet döretdi.
Türkmen halkynyň Nuh alaýhassalamdan gaýdýan uly taryhy ýoly bar.
Nuh alaýhassalam öz ogullaryndan Ýafesiň zürýatlaryna Türkmenistan yklymyny ýer-ýurt edip berdi.
Beýik Taňry türkmene KÖPELGIÇLIK berdi. Ol köpelip, örňäp gitdi. Taňry oň iki sany häsiýet berdi: RUHYBELENTLIK WE GAÝDUWSYZLYK. Ýagtylgyç berende bolsa, onuň Köňlüne we Aňyna Paýhas Çyragyny guýdy. Şundan soň öz bendelerine umumy at dakdy: TÜRK IMAN ( Türk - asyl, iman - nur ). TÜRK IMAN -- TÜRKMEN şeýle many aňladýar. Asly nurdan. Türkmen dünýäde şeýdip döredi.