gokgi
28.01.2024 05:52
Men kiçijik wagtym,
Çaga mahalym,
Ýüze çykaýdygy kiçijik sowal
Iñ anyk jogaby eşitmek üçin
Kakamyñ ýanyna eñerdim şo hal.

Men kiçijik wagtym,
Çaga mahalym,
Bir garagol aljak bolsa zadymy,
Dessine: "Kakama aýdaryn!" diýip,
Gorkuzardym,
Ýatyrardym badyny.

Men kiçijek wagtym,
Çaga mahalym,
Iñ güýçli kakam diýip edipdirin çen.
...Indi, görsem, ýalñyşmanam ekenim,
Bu özi, aslynda, şeýle-de eken!

TIRKIŞ SADYKOW
27
27
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.