geldiyevna
03.11.2024 23:49
Geliň gadyrdanlar, Öwrenmelini ýene şatlyk-şowhun gaplasyn!
7
185
geldiyevna
20.10.2024 22:25
Bir gün Hezreti Isa alaýhyssalam bir ýere barýardy.Ýolda oňa üç kişi hemra boldy. Olar Şam welaýatyna ýetdiler we şol ýerde bir kerpiç altyny gördiler. Ol üç kişi şol altynyň ýanynda galdylar. Hezreti Isa alaýhyssalam ol ýerden gitdi. Ol gidenden soňra bu üç kişi maslahat etdiler we aýtdylar:
— Biziň maksadymyz hasyl boldy, indi biz nahar edineli –diýip, birisini şähere tagam getirmäge iberdiler. Ikisi bolsa şol
altyn kerpijiň gaşynda galyp maslahat etdiler. Olar:
— Biz ikimiz altyny bölüşip alaly we ony bolsa öldürelin –
diýip taýak häzir edip goýdular. Ol tagam üçin barýan biçäre şähere girdi. Şol wagt onuň köňlüne bir hyýal geldi we:
— Ol altyny üçe bölmän, olary öldürip hemmesini ýalňyz özüm alaýyn – diýip, tagama zäher goşup alyp geldi.
Tagamy ol ikisiniň öňünde goýan wagtynda olar muny urup öldürdiler. Ondan soň ol ikisi:
— Biziň maksadymyz hasyl boldy, gel, indi nahar iýeli –diýip maslahatlaşdylar. Olar tagamy alyp iýdiler we şol wagt ikisi-de jan berdiler. Şol wagt Hezreti Isanyň ýoly ýene-de şol ýerden düşdi. Görse, şol üç kişi altynyň gaşynda ölüp ýatyr.
Hezreti Isa alaýhyssalam aýtdy:
— Eý, melgun dünýä! Olaryň gollaryna girmänkäň, olar jan berdi. Eger gollaryna giren bolsaň, imanlaryndan aýrylardy – diýip olardan daşlaşdy.

\\\"Ajaýyplyklaryň düri\\\" kitapdan
5
48
geldiyevna
20.09.2024 05:25
Bir rowaýat ýadymda, ýöne nirede okanym ýa kimden eşidenim ýadyma düşenok:
Bir gün jeňňelde ähli haýwanlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirilipdir. Özleriniň sowatsyz galmagyna halys sabyr käsesi dolan haýwanlar jeňňelde bir mekdep açyp, onda hemmeleri
okatmaga girişmegi ara alyp maslahatlaşmakçy bolupdyrlar. Şeýlelikde, haýwanlaryň her görnüşinden bir wekile öz pikirini
aýtmaga rugsat berlipdir. Wekiller gezekli-gezegine pikirlerini beýan edipdirler. Münbere ilki bilen guşlaryň wekili geçýär-de, uçmagy
öwrenmek dersiniň girizilmegini teklip edýär. Teklibinem: «Siz
ömrüňizde ýere asmandan seredip gördüňizmi? Göwräňizi howanyň müň bir dürli nygmatdan doly boşlugynyň erkine berip gördüňizmi?» diýip, jogap talap etmeýän sowallar bilen delillendirmäge çalyşýarmyş. Guşuň teklibinden soň ses berlişik yglan edilýär. Maslahat birinji ders «Uçmagy öwrenmek» bolmaly
diýen karara gelýär.
Karar kabul edilenden soň münbere towşanlaryň wekili
geçýär:
– Ylgamak her haýwana ilkinji nobatda gerekli başarnykdyr. Ony başarmaýan haýwana haýwanam diýilmez. Onsoňam ylgamagyň taryhy haýwanat dünýäsiniň geçmişiniň ilkinji asyrlaryna çenli uzaýar...
Şeýlelikde, ses berlişigiň netijesinde ikinji ders hem
kesgitlenilýär: «Ylgamagy öwrenmek».
Munça ders paýlanyşykda balyklaryň wekili dymyp oturarmy? Münbere çykyp, ol hem ýüzmegiň ähmiýetini demi gutarýança
öwüpdir. Şeýlelikde, sanawa «Ýüzmegi öwrenmek» dersi hem
goşulýar.
Biz gepi uzaldyp oturmalyň! Jeňňelde ýene näçe haýwanyň bardygy we mekdepde näçe dersiň boljakdygy barada özüňiz pikir öwrüp görüň!
Garaz, bir işi iň gowy edip bilýäne şol işiň mugallymy bolmagy
ynanypdyrlar. Biraz wagt geçensoňam, «Näderejede öwredip bildik? Nämeleri gazandyk?» diýen gyzyklanmalaryň yzyna düşüp, synag geçiripdirler. Şeýlelikde, olar şeýlebir ajy hakykat bilen
ýüzbe-ýüz bolupdyrlar: haýwanlaryň çagalary, uçmak, ýüzmek, ylgamak ýaly endikleri öwrenmeg-ä beýlede dursun, okuwa gatnap başlamazdan öňki bilýän başarnyklaryny hem ýatdan
çykarypdyrlar. Sebäbi birbada hemme ugurlardan ökde ýetişdirjek bolmak ýalňyş netijelere eltip biler. Käteler täze bir zady öwrenjek
bolup, öňki ukyplaryny unudýanlar hem az däl.
Hasan Ýylmaz. \"Şu kitaby okap görüň, mugallym!\" kitabyndan.
7
100
geldiyevna
19.09.2024 09:10
Daşary ýurtda ýaşaýan bir garyndaşymyň gürrüň beren
wakasy hiç ýadymdan çykanok. Ony gürrüň berşi ýaly beýan
etmek isleýärin:
– Ýanýoldaşymyň hamyladygyny eşiden günüm meniň
ömrümdäki iň bagtly günleriň biridi. Ony dessine lukmanyň
ýanyna äkidip, geljekki perzendimiziň sagdyn dünýä inmegi üçin
näme edip biljekdigimizi soradym. Ýadyma düşüşine görä, Pawel
atly ol lukman diňe bir şol şäherde däl, tutuş ýurtda-da meşhur
lukmanlaryň biridi. Şol bir wagtyň özünde-de, ol meşhur hirurgdy.
Aýalymyň hamyla döwründe onuň ýanyna azyndan aýda bir gezek
gatnadyk. Beren maslahatlaryny gylyny gyşartman berjaý edip,
perzendimiziň dünýä injek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşdyk. Uly
tolgunmalara beslenen şol günleriň birinde, has takygy, çaganyň
dünýä inmeginden, takmynan, bir hepde öň aýalym ýene-de şol
lukmanyň işleýän hassahanasynda ymykly, özem ýatymlaýyn
galdy. Çünki biz soňky günleriň ählisiniň lukmanyň gözegçiliginde
geçmegini isleýärdik. Ine, garaşylýan günem gelip ýetdi. Men çaga dogrulýan bölümiň aşaky gatyndaky zalda sabyrsyzlyk bilen
hoş habara garaşýardym. Az salymdan hassahananyň bir
işgäriniň ýanyma gelýändigine gözüm düşdi. Ol: «Lukman sizi
görmek isleýär!» diýdi. Ynan, 10-15 basgançagy nädip geçenimi
bilemok. Çaga dogrulýan otagyň öňüne gelenimde ölerin öýtdüm.
Lukman hiç zat bolmadyk ýaly: «Aýalyň çagany adaty ýagdaýda
dogurmagy üçin elimizden gelenini etdik. Ýöne bu başa
barmajaga meňzeýär. Şonuň üçin ony operasiýa etmeli bolar.
Munuň üçin sen ýene 750 marka bermeli bolarsyň. Puluň bir
bölegini hem häzir tölemeli» diýdi. Şol ýerde essim aýylar öýtdüm.
Diňe: «Men size telim aýdan bäri pul töläp gelýän. Bujagaz puluň
gürrüňi bolarmy?» diýenim ýadyma düşýär. Az salymdan kislorod
ýetmezçiliginden ýaňa kömür ýaly garalan, beýnisiniň agramly
bölegi işlemäge ýarawsyz oglan bäbejigi gujagymyza getirip
berdiler. Ol häzir 7 ýaşynda, ýöne akyly 2-3 ýaşly çaganyňkydan
artyk däl. Ýöräp, gürläp bilenok. Hemişe şeýle bolup galjakmyş...

Hasan Ýylmaz. \"Şu kitaby okap görüň, mugallym\" kitabyndan.
8
147
geldiyevna
08.09.2024 12:03
Edepli adamlardan eşidenlerimden:

Barmaly wagty anyk bellenen toýa gijä galma.

Çagyrylmadyk adamy ýanyň bilen toýa alyp barma.

Juda çykalgasyz bolmasaň, çaga-çugaňy toýa eltme.

Haýyş edilmese, özüň sorap, toýda söz sözleme.

Toýda iň soňky adam gaýdýança eglenme.

Ýogalan adam ýakyn garyndaşyň ýa-da eziz dostuň bolmasa, ýas ýerinde uzak

oturma.

Ýakyn garyndaşyň dünýäden ötse-de, cakgal-murtuňy telim günläp syrman ýörme.

Ýakynyň ýogalanda-da, ony-muny samrap, şerraýlyk edýän ýaly, sesli aglama.

Medeniýetli erkek adam joraby bilen aşaky içki geýimini öz aýalyna-da

ýuwdurman, özi ýuwar.

Köýnek ütüklenende ýeňiniň egninden goşaryna çenli epim goýulmaýar.

Boýnuň juda gysga (bokur) bolsa, köýnegiň iň ýokarky iligini ildirme hem galstuk

dakynma.

Jorabyň bilen köwşüň mydam tämiz bolsun.
A.Taganyň "Kyrk ýylda ýazylan kitabyndan"
15
87
geldiyevna
05.08.2024 13:34
ON SEKIZ MANAT HAKYNDA ELEGIÝA

Enemiň hatyrasyna

Her aýda bir gezek—on sekiz manat,
Her aýda bir gezek gelýärdi yrman.
Her aýda on sekiz manat gelende,
Begenerdim. Enem aglardy,arman.


On sekiz manady kim berýär bize?
Kim unutman,otuz günden iberýär?
Ol niçiksi ýiti gözli perişde
Biziň şol pula-da zardygmyz görýär!?


Enem pahyr käte açýar ýüregni,
Diýýär ol: “Pullary iberýär kakaň”.
Men diýýärin: “Näme özi gelenok,
Bu ýerde ejesi hem ogly barka?”


“Geler” diýp,göz ýaşyn süpürýär enem.
“Geler,agtyjagym,geler ol hökman.
Ikimiz dükana gidermiz ýaly,
Ol daşda işleýär hiç ýere çykman”.


Garaşdym,garaşdym,dokuz ýaşadym,
On üç hem ýaşadym,kakam gelmedi.
On sekiz manady iberdi durdy,
Emma hütdügmize nazar salmady.


Asyl kakam ölen eken uruşda.
Men baky ýas tutdum bilenim üçin.
Döwlet berýär eken şojagaz pulam,
Frontçynyň ogly bolanym üçin.


Ýene garaşaryn,saçam agarar,
Ýöne indi bilýän,gelmez meň kakam.
On sekiz manady unutmaryn hiç,
Gursagymda ynsan ýüregi barkan.


Sebäbi on sekiz manat gelende,
Ýas bürenýär eken biziň köne tam.
Her aýda on sekiz manat gelýardi,--
Her aýda bir gezek ölýärdi atam.

Atajan Tagan.
13
68
geldiyevna
25.07.2024 21:55

Adam pahyr bahyl bolsa-da, like♥️ goýmagy hem küýsejek eken 😍😘

12
35
geldiyevna
11.06.2024 14:55
Soňky demini sanap ýatan ata üç ogluny ýanyna çagyryp, olara şeýle wesýet edipdir:
-- Ogullarym, men ölemsoň araňyzda dawa bolmazlygy üçin size 17 sany düýämi paýlap bermek isleýärin. Miras hökmünde düýeleriň deň ýaryny uly, üçden birini ortanjy, dokuzdan birini bolsa körpe ogluma galdyrýaryn.
Atalary aradan çykandan soň doganlar mirasy aýdylyşy ýaly paýlaşmak üçin jemlenipdirler. Ýöne sargyt edilişi ýaly paýlaşmak olara ýeňil düşmändir. ...

Mirasy paýlaşmak üçin kimde nähili pikir bar?
Teklipleriňize garaşýan...
18
321
geldiyevna
08.06.2024 22:35
,,Ýatlama."

Ulalyp düşündim ýeke birzada,
Geçen günlem müdümilik däl eken.
Ýürek gyýýan ol ýatlama günlere,
Bu gözlerim ajy gözýaşyn döken.

Indi bolsa aklym ýetýär barzada,
Çagalykda aglan kiçi oglan däl.
Ýöne ol ýatlama damagym dolýar,
Çünki ajap günler çaglap bilen däl.

Belki islärdimem özge ýaşaýyş,
Elim bilen iň gowsuny saýlardym.
Ir säherler kakam bilen oturyp,
Bir keçede söhbet edip çaýlardym.

Maksat çaý içmekmi,ýok eýse o däl,
Ony her haçanam içeris bilýän.
Ýöne bar derdimi aýdyp bilmedik,
Geçen şol günlere çäresiz gülýän.

Şükür bilen örýän indi günlerim,
Ejem hem-de gelnim goldaýar meni.
Bu goşga salaýyn ýürek sözlerim,
Olara söýgümiň bolmaz hiç çeni.


awtor: Merjen Pirgulyýewa.

Islegler boýunça ýazylan.

📖 Durmuş hakykatlary 📖.
25
80
geldiyevna
09.04.2024 09:34
Gözlerimiñ gapysyny açdyñyz,
Sagboluñ, minnetdar!
Ýagty jahany görmändirin öñ,
Oýalykda uklan bolsamda hergiz,
Oýardyñyz, dünýäme çyra ýakdyñyz,
Menin üçin bu özgeriş jinnek däl,
Maña uly öwrümi peşgeş berdiñiz!
Öñ, niredediñiz!

Derdimem,
Ýeñledi, ýüzüm galñady,
Gatady daş bolup yumşak häsiýetem.
"Ýalan dünýe" diýip, aýñalyp,
Bilmän,
Şol sussupes göwnümem yetim,
Garabasmalykda yaşan ekenim.

Men indi doguldym, hakyky özüm,
Boşatdym,
ýygralykda ýygyrlyp,
Çürşüp giden ruhumy...
Üzülip, ýamalyp, elem-tas bolan.
Geýdim sal-sal bolan umydym...
Lenji çykyp giden tilkiñ sapagyn,
Öwran-öwran ulandym.

Ýaltalyk ýassygna ýaplanyp ýatan,
Gazabymyñ getirdimde gaharyn.
Taýyny, tazysyn tazykdyrdymda.
Erkine göýberdim arwah haýbatyn...

Hajymelek açan nebsim, aç duran,
Oña ençe gezek gülüp bakdyñyz,
Ýakdyñyz, tutaşdyrdyñyz oda,
(Ýa meni düýbünden gördüñiz sada,
Minnetdar men size!
Sabrym tükendi.)
Gözlerimiñ gapysyny açdynyz!

© Remezan MÄMETGURBANOW
47
283