geldiyevna
20.09.2024 05:25
Bir rowaýat ýadymda, ýöne nirede okanym ýa kimden eşidenim ýadyma düşenok:
Bir gün jeňňelde ähli haýwanlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirilipdir. Özleriniň sowatsyz galmagyna halys sabyr käsesi dolan haýwanlar jeňňelde bir mekdep açyp, onda hemmeleri
okatmaga girişmegi ara alyp maslahatlaşmakçy bolupdyrlar. Şeýlelikde, haýwanlaryň her görnüşinden bir wekile öz pikirini
aýtmaga rugsat berlipdir. Wekiller gezekli-gezegine pikirlerini beýan edipdirler. Münbere ilki bilen guşlaryň wekili geçýär-de, uçmagy
öwrenmek dersiniň girizilmegini teklip edýär. Teklibinem: «Siz
ömrüňizde ýere asmandan seredip gördüňizmi? Göwräňizi howanyň müň bir dürli nygmatdan doly boşlugynyň erkine berip gördüňizmi?» diýip, jogap talap etmeýän sowallar bilen delillendirmäge çalyşýarmyş. Guşuň teklibinden soň ses berlişik yglan edilýär. Maslahat birinji ders «Uçmagy öwrenmek» bolmaly
diýen karara gelýär.
Karar kabul edilenden soň münbere towşanlaryň wekili
geçýär:
– Ylgamak her haýwana ilkinji nobatda gerekli başarnykdyr. Ony başarmaýan haýwana haýwanam diýilmez. Onsoňam ylgamagyň taryhy haýwanat dünýäsiniň geçmişiniň ilkinji asyrlaryna çenli uzaýar...
Şeýlelikde, ses berlişigiň netijesinde ikinji ders hem
kesgitlenilýär: «Ylgamagy öwrenmek».
Munça ders paýlanyşykda balyklaryň wekili dymyp oturarmy? Münbere çykyp, ol hem ýüzmegiň ähmiýetini demi gutarýança
öwüpdir. Şeýlelikde, sanawa «Ýüzmegi öwrenmek» dersi hem
goşulýar.
Biz gepi uzaldyp oturmalyň! Jeňňelde ýene näçe haýwanyň bardygy we mekdepde näçe dersiň boljakdygy barada özüňiz pikir öwrüp görüň!
Garaz, bir işi iň gowy edip bilýäne şol işiň mugallymy bolmagy
ynanypdyrlar. Biraz wagt geçensoňam, «Näderejede öwredip bildik? Nämeleri gazandyk?» diýen gyzyklanmalaryň yzyna düşüp, synag geçiripdirler. Şeýlelikde, olar şeýlebir ajy hakykat bilen
ýüzbe-ýüz bolupdyrlar: haýwanlaryň çagalary, uçmak, ýüzmek, ylgamak ýaly endikleri öwrenmeg-ä beýlede dursun, okuwa gatnap başlamazdan öňki bilýän başarnyklaryny hem ýatdan
çykarypdyrlar. Sebäbi birbada hemme ugurlardan ökde ýetişdirjek bolmak ýalňyş netijelere eltip biler. Käteler täze bir zady öwrenjek
bolup, öňki ukyplaryny unudýanlar hem az däl.
Hasan Ýylmaz. \"Şu kitaby okap görüň, mugallym!\" kitabyndan.
7
100
flowers_
20 Oktýabr 2024
@geldiyevna, geregem şoda😁
geldiyevna
20 Oktýabr 2024
@alma___, Salam, gowumysyňyz
geldiyevna
20 Oktýabr 2024
@flowers_, maňlaýa salýonnydyr jora, aýagam şoňa görä bolsa...😬
alma___
20 Oktýabr 2024
flowers_
20 Oktýabr 2024
@geldiyevna, dynç alyp(odalyp) gelen bolsañ aýagyñ düşsin)
geldiyevna
20 Oktýabr 2024
@flowers_, geldim-le, 1 aý otpuska aldym 😁
flowers_
23 Sentýabr 2024
Ýitdiñle🙄
flowers_
22 Sentýabr 2024
hemme zady deń derejede bilmek mümkin däl.
flowers_
22 Sentýabr 2024
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.