Bir gün Hezreti Isa alaýhyssalam bir ýere barýardy.Ýolda oňa üç kişi hemra boldy. Olar Şam welaýatyna ýetdiler we şol ýerde bir kerpiç altyny gördiler. Ol üç kişi şol altynyň ýanynda galdylar. Hezreti Isa alaýhyssalam ol ýerden gitdi. Ol gidenden soňra bu üç kişi maslahat etdiler we aýtdylar:
— Biziň maksadymyz hasyl boldy, indi biz nahar edineli –diýip, birisini şähere tagam getirmäge iberdiler. Ikisi bolsa şol
altyn kerpijiň gaşynda galyp maslahat etdiler. Olar:
— Biz ikimiz altyny bölüşip alaly we ony bolsa öldürelin –
diýip taýak häzir edip goýdular. Ol tagam üçin barýan biçäre şähere girdi. Şol wagt onuň köňlüne bir hyýal geldi we:
— Ol altyny üçe bölmän, olary öldürip hemmesini ýalňyz özüm alaýyn – diýip, tagama zäher goşup alyp geldi.
Tagamy ol ikisiniň öňünde goýan wagtynda olar muny urup öldürdiler. Ondan soň ol ikisi:
— Biziň maksadymyz hasyl boldy, gel, indi nahar iýeli –diýip maslahatlaşdylar. Olar tagamy alyp iýdiler we şol wagt ikisi-de jan berdiler. Şol wagt Hezreti Isanyň ýoly ýene-de şol ýerden düşdi. Görse, şol üç kişi altynyň gaşynda ölüp ýatyr.
Hezreti Isa alaýhyssalam aýtdy:
— Eý, melgun dünýä! Olaryň gollaryna girmänkäň, olar jan berdi. Eger gollaryna giren bolsaň, imanlaryndan aýrylardy – diýip olardan daşlaşdy.
\\\"Ajaýyplyklaryň düri\\\" kitapdan