Daşary ýurtda ýaşaýan bir garyndaşymyň gürrüň beren
wakasy hiç ýadymdan çykanok. Ony gürrüň berşi ýaly beýan
etmek isleýärin:
– Ýanýoldaşymyň hamyladygyny eşiden günüm meniň
ömrümdäki iň bagtly günleriň biridi. Ony dessine lukmanyň
ýanyna äkidip, geljekki perzendimiziň sagdyn dünýä inmegi üçin
näme edip biljekdigimizi soradym. Ýadyma düşüşine görä, Pawel
atly ol lukman diňe bir şol şäherde däl, tutuş ýurtda-da meşhur
lukmanlaryň biridi. Şol bir wagtyň özünde-de, ol meşhur hirurgdy.
Aýalymyň hamyla döwründe onuň ýanyna azyndan aýda bir gezek
gatnadyk. Beren maslahatlaryny gylyny gyşartman berjaý edip,
perzendimiziň dünýä injek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşdyk. Uly
tolgunmalara beslenen şol günleriň birinde, has takygy, çaganyň
dünýä inmeginden, takmynan, bir hepde öň aýalym ýene-de şol
lukmanyň işleýän hassahanasynda ymykly, özem ýatymlaýyn
galdy. Çünki biz soňky günleriň ählisiniň lukmanyň gözegçiliginde
geçmegini isleýärdik. Ine, garaşylýan günem gelip ýetdi. Men çaga dogrulýan bölümiň aşaky gatyndaky zalda sabyrsyzlyk bilen
hoş habara garaşýardym. Az salymdan hassahananyň bir
işgäriniň ýanyma gelýändigine gözüm düşdi. Ol: «Lukman sizi
görmek isleýär!» diýdi. Ynan, 10-15 basgançagy nädip geçenimi
bilemok. Çaga dogrulýan otagyň öňüne gelenimde ölerin öýtdüm.
Lukman hiç zat bolmadyk ýaly: «Aýalyň çagany adaty ýagdaýda
dogurmagy üçin elimizden gelenini etdik. Ýöne bu başa
barmajaga meňzeýär. Şonuň üçin ony operasiýa etmeli bolar.
Munuň üçin sen ýene 750 marka bermeli bolarsyň. Puluň bir
bölegini hem häzir tölemeli» diýdi. Şol ýerde essim aýylar öýtdüm.
Diňe: «Men size telim aýdan bäri pul töläp gelýän. Bujagaz puluň
gürrüňi bolarmy?» diýenim ýadyma düşýär. Az salymdan kislorod
ýetmezçiliginden ýaňa kömür ýaly garalan, beýnisiniň agramly
bölegi işlemäge ýarawsyz oglan bäbejigi gujagymyza getirip
berdiler. Ol häzir 7 ýaşynda, ýöne akyly 2-3 ýaşly çaganyňkydan
artyk däl. Ýöräp, gürläp bilenok. Hemişe şeýle bolup galjakmyş...
Hasan Ýylmaz. \"Şu kitaby okap görüň, mugallym\" kitabyndan.