geldiyevna
08.06.2024 22:35
,,Ýatlama."

Ulalyp düşündim ýeke birzada,
Geçen günlem müdümilik däl eken.
Ýürek gyýýan ol ýatlama günlere,
Bu gözlerim ajy gözýaşyn döken.

Indi bolsa aklym ýetýär barzada,
Çagalykda aglan kiçi oglan däl.
Ýöne ol ýatlama damagym dolýar,
Çünki ajap günler çaglap bilen däl.

Belki islärdimem özge ýaşaýyş,
Elim bilen iň gowsuny saýlardym.
Ir säherler kakam bilen oturyp,
Bir keçede söhbet edip çaýlardym.

Maksat çaý içmekmi,ýok eýse o däl,
Ony her haçanam içeris bilýän.
Ýöne bar derdimi aýdyp bilmedik,
Geçen şol günlere çäresiz gülýän.

Şükür bilen örýän indi günlerim,
Ejem hem-de gelnim goldaýar meni.
Bu goşga salaýyn ýürek sözlerim,
Olara söýgümiň bolmaz hiç çeni.


awtor: Merjen Pirgulyýewa.

Islegler boýunça ýazylan.

📖 Durmuş hakykatlary 📖.
25
80
Adyl_G
12 Iýun 2024
@geldiyevna, sagaman salkynlayanmy diymeli. 😂
Adyl_G
12 Iýun 2024
Gunaydin Gelneje. ☕
Adyl_G
11 Iýun 2024
@geldiyevna, ikindenem caksyn onda, onkydanam 😂😂😂
Adyl_G
11 Iýun 2024
@iamemir, senkidenem
iamemir
11 Iýun 2024
@Adyl_G, 😆😅🤣😂
Adyl_G
11 Iýun 2024
Çep gözüňden Eşek ary çaksyn.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.