geldiyevna
08.09.2024 12:03
Edepli adamlardan eşidenlerimden:

Barmaly wagty anyk bellenen toýa gijä galma.

Çagyrylmadyk adamy ýanyň bilen toýa alyp barma.

Juda çykalgasyz bolmasaň, çaga-çugaňy toýa eltme.

Haýyş edilmese, özüň sorap, toýda söz sözleme.

Toýda iň soňky adam gaýdýança eglenme.

Ýogalan adam ýakyn garyndaşyň ýa-da eziz dostuň bolmasa, ýas ýerinde uzak

oturma.

Ýakyn garyndaşyň dünýäden ötse-de, cakgal-murtuňy telim günläp syrman ýörme.

Ýakynyň ýogalanda-da, ony-muny samrap, şerraýlyk edýän ýaly, sesli aglama.

Medeniýetli erkek adam joraby bilen aşaky içki geýimini öz aýalyna-da

ýuwdurman, özi ýuwar.

Köýnek ütüklenende ýeňiniň egninden goşaryna çenli epim goýulmaýar.

Boýnuň juda gysga (bokur) bolsa, köýnegiň iň ýokarky iligini ildirme hem galstuk

dakynma.

Jorabyň bilen köwşüň mydam tämiz bolsun.
A.Taganyň "Kyrk ýylda ýazylan kitabyndan"
15
87
flowers_
22 Sentýabr 2024
Ýakyn garyndaşym bolsada uzak oturup bilemok, ýüregim çydanok, otyrmalam etmesin, toýdan aýyrmasyn
flowers_
22 Sentýabr 2024
"Toyda iñ soñky adam galýança eglenme"😂, (şuda gaýtsa toý sowulýa)
flowers_
22 Sentýabr 2024
Õzi ýuwarmy🙄, iñ halamayan zadym köwüş hapa bolsa, esasanam erkek kişiñ
geldiyevna
13 Sentýabr 2024
@Adyl_G, sagbol, aý ýagdaýam bar bir mydar🤶😉
Adyl_G
13 Sentýabr 2024
@geldiyevna, bolayypdyr gozun aydyn, gowmy yagdaylan gelneje,
geldiyevna
13 Sentýabr 2024
@Adyl_G, Hudaýa şükür gül ýaly işläp dur👍
Adyl_G
13 Sentýabr 2024
Hii geleneje owrenmelin isleyami name? 🤔
ideallider
8 Sentýabr 2024
Joraby özi ýuwar🙄
Abat_
8 Sentýabr 2024
Atajan Tagan💕
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.